Milli miras — milletiň mertebesi
Eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenip, ýagty geljege sary batly gadamlar bilen barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmek, öwrenmek hem-de Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek ugrunda netijeli işler yzygiderli amal edilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli we ynsanperwer gatnaşyklary has giň gerime eýe bolýar. Bu gün milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde öwrenmekde, täze derejä götermekde ýetilen sepgitleriň we üstünlikli alnyp barylýan işleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň netijeli görkezijisidigini buýsanç bilen bellemek bolar. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň baý mirasynyň umumadamzat medeniýetiniň irki we kämil nusgalarydygyny dürli ýyllaryň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag gözlegleri hem tassyklaýar. Bu hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly eserinde: «Älemiň dörän döwründen gözbaş alýan we dünýäniň medeni ösüşiniň sallançagyny üwrän milli mirasymyz halkymyzyň çeper aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim we parasat terezisidir» diýip belleý