"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dostlugyň şanyna ýaňlanan mukam

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.

Milli tagamlaryň halkara festiwaly

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, Awazada geçirilen wekilçilikli foruma — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalarynyň, işewür düzümleriniň sergileri ýerleşdirildi.

Milli tagamlaryň halkara festiwaly

6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde özboluşly görnüşde bezelen dabaraly girelgä tarap ugraýar, soňra bolsa ýörite ýodajyk bilen Hazaryň kenarynda gurnalan — türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň, gadymy, özboluşly taryhy-medeni mirasynyň nyşany, özüniň köklerini we gözbaşlaryny gorap saklamagyň alamaty bolan ak öýlere tarap ugraýar.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.

Sungatlaryň söhbedi

Gojaman Hazaryň türkmen kenary bu gün halkara çäreleriniň, maslahatlaryň, forumlardyr sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler. Ýaňlanjak aýdym-sazlar dostluk ýollaryny has-da ýakynlaşdyrar. Biz hem bu halkara çärä gatnaşýan ýurtlaryň milli aýdym-sazlarydyr tanslary hakynda söhbet etmegi makul bildik. Dünýä ykrarly küştdepdi

Dostluk sergisi

Aýşa Galimbaýewa, Gazagystanyň halk suratkeşi. Nakgaş, kino suratkeşi. «Gazakfilmde» «Söýgi hakda poema» (1954), «Bu Şuglada bolupdy» (1955), «Abaýyň aýdymlary», «Toý agşamy» ýaly filmleriň surat bezeg işlerini ýerine ýetirýär. Köp sanly nakgaş işleriniň awtory. Ilkinji gazak professional zenan suratkeşi.

Haý-haý öleň, haý öleň özbegistanly türkmenleriň toý dessury

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant, Kaşkaderýa we Buhara welaýatlarynda kowçum bolup oturýan türkmenleriň däp-dessurlary, edim-gylymlary her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda, Türkmenistanda bolşy ýaly, her bir türkmen kabylasynyň toý däp-dessurlarynda özboluşly aýratynlyk bar. Gadymdan gelýän däp-dessurlara görä, her bir ene-ata ýetişen ogluna gelinlik gözläpdir. Iki tarapyň garyndaşlary razy bolandan soň, iki-üç sany erkek adam — öýlenjek ýigidiň atasynyň dogany, daýysy we kabyla ýaşulusy gudaçylyga gidipdir. Şeýlelikde, gudalar gyzyň ene-atasynyň razyçylygyny alýançalar, gyz ýere ençeme gezek gatnapdyrlar.

Dessançy bagşy

Ýurdumyzda milli bagşyçylyk sungatynyň uly şahasy bolan dessançylyga aýratyn üns berlip, ony döredijilikli dowam etdirýän bagşy-sazandalara uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, gadymy sungatymyzyň dowam etmegine goşandyny goşýan bagşylaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kerwen Ýowbasarowdyr. Biz onuň bilen dessançylyk sungaty barada söhbetdeş bolduk. — Kerwen mugallym, bagşyçylyk ýoluna düşmegiňize näme sebäp boldy?

Ussatlaryň döredijiligine bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi köp adamly boldy. Bu ýerde öz döwründe guýmagursak zehini bilen milli şekillendiriş sungatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halypa nakgaşlar Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Hakimowyň döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy. J.Bekdurdyýewiň hem-de R.Hakimowyň milli öwüşginli eserleri sungat muşdaklaryna ozaldan tanyş. Köp adamly bolan sergide hem J.Bekdurdyýewiň «Dana babanyň ertekileri», «Garjagaz», R.Hakimowyň «Çeşmäniň owazy», «Howluda bahar», «Hazaryň balyklary» ýaly eserlerine uly orun berildi. Olaryň biri-biri bilen many-mazmuny hem-de çeperçilik taýdan özboluşly sazlaşýan eserleri sergä gatnaşanlarda belent duýgulary oýardy.

Pursatlar

Bu waka 1975-nji ýylda bolupdy. Şol ýyl eýýäm ýurdumyzda giňden tanalýan kinorežissýor Kakow Orazsähedow halypa ýazyjymyz Anna Paýtygyň «Ýurt eýesi» atly powesti esasynda adybir çeper filmi surata düşürýärdi. Bir gün men onuň bilen duşuşdym. Öz işine başagaý režissýor meni sowuk-sala garşy aldy. Men muňa haýran galdym, ýöne edeplilik edip, kelam agyz söz diýmedim.

Duz dadyp geçiň!

«Noş bolsun!». Bu sözleri biziň birek-birege mydama aýdasymyz gelýär. Çünki ol söz tagamyň lezzetini, şeýle hem gymmatyny duýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýyly söz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynda-da kän gezek aýdylyp, ýüreklerde ýyly gatnaşyklary oýarar. Edil şol tagamlar ýaly süýji durmuşymyzyň süýjüligine süýjülik goşar. Duz dadyp geçiň! Gör, nähili ajaýyp, ýürege ýakyn söz! Bu sözi eşiden halatyňda duza, şol sanda ony hödür edýän öý eýesine bolan hormatyň has hem artýar. Çünki bu sözde muhabbete ýugrulmak bar! Çünki bu sözde myhmana hormat bar! Islendik tagamy taýýarlap oturan öý bikesi onuň noş bolmagyny isleýär. Şonuň üçinem, halkymyzda, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynda gapydan gelen myhmana hökman duz dadyrylýar.

Awaza — zeminiň ýaşyl yşygy

VIII Awaza — Zeminiň ýaşyl yşygy,Ýüregi açyga — gapysy açyk.Hergiz öz-özüňi tapmak isleseň,Geliber, bu ymgyr ýollary aşyp!

Halypalara gol beren

Ol meni iş otagynyň öňünde güler ýüz bilen garşylady. «Geliň, geçiberiň, halypa! Hoş gördük!» diýip, oturmaga ýer görkezdi. Söhbetdeşligimiz aýdym-saza ýazyp gitdi. Sazanda bilen pikirdeş bolsaň, ol seniň aýdýan sözleriňi öňünden aňýan ýaly, göwne makul jogaplary tapyp otyr. Gürrüň halypa-şagirtlik ýoly, halk sazlarynyň kökleriniň gadymylygy, ussat sazandalar, ýaşlaryň halk sazlaryna bolan söýgüsi hakynda boldy. Men Batyrdan birki sany saz çalyp bermegini haýyş etdim. Onuň elindäki gara gazmasy köp ýyllar sazandanyň saz çalandygyna güwä geçýär. Ilkinji kakuwlar otagyň içine ýaň saldy. Men ondan çeküwliräk sazlary çalmagy haýyş etdim. «Zybagözeliň» ilkinji kakuwlary ikimizi hem mukamlar dünýäsiniň gujagyna oklap goýberdi. Yzly-yzyna ýaňlanan «Ybraýym şa dilli», «Amman-amman», «Gökdepe mukamy» ýaly dutar perdelerinden çykýan owazlar bir jadyly güýje öwrülip, kalbyňy heýjana salýardy. Sazanda bolmak gör nähili bagt! Adamda şatlyk, begenç, durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesi sazyň kömegi bilen oýarmak her kime başardanok. Saz dowam edip dur... Batyryň agasy Gurbangeldi Resulow inisinde aýdym-saza bolan ukybyny duýandan soň, oňa dutar çalmagy öwretmäge başlaýar. Agasynyň talabedijiligi, aýdym-saza bolan başarnygy çaga dünýäsinde öz ornuny tapýar. Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebine okuwa baranynda, ol dutarda birnäçe sazlary çalmagy başarýardy. Mekdepde tejribeli mugallym Bäşim Çary

Topragym

Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim, Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.

Siziň söýgüli multfilmiňiz

Spançbob baradaky multserial körpeleriň arasynda giňden meşhurdyr. Ol ilkinji gezek «Nickelodeon» teleýaýlymynda 1999-njy ýylyň 1-nji maýynda ýaýlyma goýberildi. “Spançbob” häzirki wagtda bu teleýaýlymda görkezilýän iň köp möwsümli multserialdyr. 2019-njy ýylyň iýulynda multfilmiň 13-nji möwsümi ýaýlymda berildi. Häzirki wagta çenli “Spançbobuň” 273 bölümi körpelere ýetirildi. Ähli bölümleriň dowamlylygy 6006 minuta barabardyr. Spançbobuň ähli başdan geçirmelerini arakesmesiz göreniňde 4 gün 4 sagat 6 minut wagt gerek. “Spançbob” multserialynyň üstünde 50-den gowrak adam zähmet çekýär. Animasion filmde bolup geçýän wakalar Ýuwaş ummanynyň düýbünde toslanyp döredilen Bikini Bottom şäherjiginde ýaýbaňlanýar. Wakanyň gahrymanlary hökmünde deňiz jandarlary çykyş edýär. Sebäbi multserialy esaslandyran Stiwen Hillenberg ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Okeanologiýa institutynyň deňiz biologiýasy ugrundan bilim alypdyr. Ol heniz kollejde okap ýören wagtlarynda “Spançbob” multfilminiň gahrymanlaryny komikslerde janlandyrypdyr.

Garaşsyz Watanym — dillerde dessan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ýokary derejelere götermek, aýdym-saz hazynasyny baýlaşdyrmak, ýaşlaryň sungat älemindäki ussatlygyny ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli edebiýat we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Göwün göteriji hoş owazlara beslenen bu bäsleşige deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň onusy gatnaşyp, olar Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» seýilgähiniň dürli öwüşginler bilen bezelen ajaýyp sahnasynda çykyş etdiler. Çykyşlar, turuwbaşdan, çuň many-mazmuna, ýatda galyjy hem-de tolgundyryjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Kalplary türkmeniň aýdym-saz sungatyna bolan söýgüden we buýsançdan doly ýaşlar bäsleşige ýokary derejede, ykjam taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Ýaş zehinlere bu ýerde özleriniň ýürek joşgunlaryny, hünär ussatlyklaryny we ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Şatlyk-şowhuna, şirin aýdymlaryň owa

Siziň üçin duşuşyk Nurmuhammet Akmyradow

Aýdym-sazyň hoş owazy ynsan kalbyna ylham paýlaýar. Ýurdumyzda ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Ençeme ýyl bäri sungata örküni baglap, halkyň söýgüsine mynasyp bolanlaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň müdiri Nurmuhammet Akmyradowdyr. Onuň bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. — Döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Bu ugurda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň işgärleriniň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

Awaza — zeminiň ýaşyl yşygy

Türkmene behişdi ýer beren Taňry,Käriň gowusynam beripdir saýlap.Arkadag pähminden nurlanan Diýar,Gurup ýör Zeminiň görküni zerläp. «Türkmen köli» — bagt köli türkmeniň,Hydyr gören Garaguma ýaraşyk.Polat ýollarynyň höziri başga,Barýar dünýäň örki bilen garyşyp.

Dutar-gyjak oýnagy

Aýdym-saz — ýürekleriň telwasy, şatlyk-şowhunyň gözbaşy, bagtyýar durmuşyň ylham çeşmesi. Ol ynsan dünýäsine aýratyn ruhubelentlik çaýýar. Şeýle jadyly senede ykbalyny baglanlar il içinde sylanylýar. Kerki etrabynyň Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky şäherçe medeniýet öýüniň sazandasy Guwanç Berdiliýew hem sungata tüýs ýüregi bilen berlenleriň biri. Ol diňe bir aýdymçy, sazanda däl, eýsem, dutar, gyjak, tar ussasy hökmünde hem giňden tanalýar. Biz golaýda Berdiliýewleriň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolup, onuň durmuş we döredijilik ýoly bilen gyzyklandyk. — Guwanç, söhbetdeşligimiziň başynda aýdym-saz sungatyna gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz!