"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Döwletiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolan medeniýet-sungat ulgamy hem bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy bilen ruhlanyp, has belent derejelere çykdy. Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2009-njy ýylda döwlet baýramçylyklarynyň hataryna Medeniýet we sungat işgärleriniň güni girizildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri, teatrlar gurlup, ulanylmaga berildi.

Zehini zyýat zyýada

Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdepde ýene-de sanlyja günden 11-nji synpyň okuwçysy hökmünde okap başlajak Zyýada Ýusubowa — köptaraplaýyn zehin. Ol goşgy goşmakda-da, aýdym aýtmakda-da, surat çekmekde-de, sapaklaryna oňat ýetişmekde-de, ders bäsleşiklerinde hem hut görelde alarlyk okuwçylaryň biri. Onuň gazanan üstünlikleri, döredijiligi bilen tanyş bolanymyzdan soňra biz özümiziň ýaş zehine şeýle baha bermäge doly hakymyzyň bardygyna göz ýetirdik. Köp zehinli çagalarda bolşy ýaly, Zyýadanyň döredijilik ukybynyň bardygy heniz ol çagalar bagyna gatnap ýörkä aýan bolýar. Ol aýdym aýtmaga hem-de surat çekmäge hut çagalar bagynda terbiýelenip ýörkä başlaýar. Onuň goşgularynyň bolsa häzire çenli «Balkan», «Nesil» gazetlerinde, «Güneş» žurnalynda birnäçe sapar çap edilendigini bellemek gerek.

Daglaryna diýrler «Balakan»

Bu setirler eziz Arkadagymyzyň Baýram şahyra we gojaman daglara çuňňur hormatynyň beýany boldy Jogapkärli we beýik işleriniň daşyndan çeperçilik bilen hem meşgullanýan Gahryman Arkadagymyz döredijiligiň dünýäsinde ýaşaýar. Ajaýyp eserlerini, goşgudyr aýdymlaryny peşgeş berýär. Şeýle hem çykyşlaryny haýsydyr bir şahyryň goşgusy bilen baglanyşdyryp, ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Sungat baýramy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, sebitde goňşy ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk hem-de özara goldaw bermek gatnaşyklary bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny has hem ýakynlaşdyrýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bäş ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti hem-de beýleki döredijilik çäreleriniň birnäçesi döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde medeni diplomatiýanyň möhüm ornuny aýdyň görkezdi. Uly üstünliklere beslenen şeýle çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebitiň goňşy döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny alamatlandyrýar.

Doganlyk halklaryň milli tanslary

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýokary derejede geçirildi. Baýramçylyk konsertinde ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen çykyşlar gadymyýetden gözbaş alýan dostlukly ýollary has-da ýakynlaşdyrdy. Berk dostlukly gatnaşyklary saklaýan sebitiň halklarynyň meňzeş taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bar. Munuň özi doganlyk halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynyň, dostlukly ýollarynyň mizemezligini görkezýär. Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýdym-saz sungaty, medeniýeti, milli tanslary barada gyzykly maglumatlary taýýarlap, siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Ruhuňyz şat bolsun, Watan pederi!

Mähriban Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nurana keşbi ýüreklerde baky ýaşaýar. Onuň merdanalyga ýugrulan ömür ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Bu günki günde şol mekdep, peder paýhasy dowamat dowam tapýar. Nesillerimiz Mälikguly aganyň watansöýüjilik, Watana ak ýürekden hyzmat etmek, ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly asylly häsiýetlerine, ýol-ýörelgelerine uýmak bilen, özleriniň Watana bolan söýgüsini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. Bu diýseň buýsandyryjydyr. Bularyň ählisi üçin olaryň her pursatda Mälikguly agany alkyşlamaklarynyň aňyrsynda-da beýik Ynsana bolan hormat, sarpa bar. Hut şeýle bolansoň, 12-nji awgustda bolup geçen wakalar hem şeýle mana-mazmuna eýe boldy. Şol gün paýtagtymyzdaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» atly dabaraly çäre geçirilip, ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy. Ondaky çykyşlarda aýdylan ýürek sözleri mähriban Arkadagymyzyň kyblasyna bolan hormatyň aýdyň beýany boldy. Gör, ençeme köňül telwaslary entek döwülmän saklanýan inçejik umyt köprüsinden mahal-mahal bakylyk kenaryna geçip, onuň raýyşlaryna çykyp, uzakla

Myhmana sarpaly, toýly — Awaza

2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy bolupdy. Şonda Gahryman Arkadagymyz deňiz ýakasynda dünýä derejesindäki syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şondan alty aý geçenden soň, has takygy, şol ýylyň dekabr aýynda daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik forumynda bu taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagyna badalga berlipdi. Şondan bärem başy gök direýän beýik-beýik binalaryň hatary ýylsaýyn artyp başlady. Bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl-de, tutuş dünýä döwletleriniň işewür wekilleriniň, syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu jenneti mekan halkara festiwallarynyňdyr forumlaryň, maslahatlaryň, çäreleriň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde dünýä meşhur boldy. Şu ýerde taryhyň gatlaryna zer harplar bilen ýazylan wakalaryň ýene-de birnäçesini agzap geçsek ýerlikli bolar. «Awaza — dostluk mekany» atly çagalaryň halkara festiwallary, windsörfing boýunça Dünýä kubogynyň tapgyry, «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» halkara sport kongresi, «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forum, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti, Hazarýaka döwletleriniň mekdep, med

Bedew üstündäki ýelgamak («Heňňam hekaýatlary» toplumyndan)

Suratlarda: Moskwa döwlet sirkiniň Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky jigitler topary aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde çykyş edýär. (1985 ý). Surata düşüren A.Güseýnow. * * *

Häzirki zaman ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry

or­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da jem­gy­ýe­ti­miz­de me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň ös­dü­ril­me­gi­ne, mil­li mi­ra­syň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne, onuň aýaw­ly sak­la­nyp, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň çar kün­jü­ne ýaý­ran ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry tür­ki halk­la­ryň hem aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň aý­ryl­maz bir şa­ha­sy bo­lup dur­ýar. Türk­men hal­ky­nyň saz me­de­ni­ýe­tin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­n bu saz gurallary kä­mil­leş­me­giň uzak men­zil­le­ri­ni ge­çip, adam­zat ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len il­kin­ji saz gu­ral­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Häzir­ki sim­fo­ni­ki or­kestr­le­riň hiç bi­ri­si hem ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry­nyň owaz­la­ryn­dan daş­da dur­ma­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki gün­le­re çen­li ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry sa­zan­da­la­ry tä­ze owaz­la­ry göz­le­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de äh­li owaz­lar eşi­di­lip, äh­li saz­lar eý­ýäm ça­ly­nan ýa­ly gö­rün­se-de, adam­zat has çyl­şy­rym­ly saz­la­ry çal­ma­gyň üs­tün­de iş­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hang we glýu­ko­fon ýa­ly köp san­ly saz gu­ral­la­ry ses sin­te­zi ug­run­da­ky bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de peý­da bol­ýar. Ýaň­lan­ýan bir za­dy ur­mak ýa-da san­dy­rat­mak ar­ka­ly ses ön­dür­ýän saz gu­ral­la­ry t

Hazar — dostluk deňzi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde belende galýandygyna halkymyzyň buýsanjynyň çägi ýok. Onuň şeýledigini şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen möhüm halkara çäreleriniň mysalynda görmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar, aýratyn hem Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde tagalla edýär. Yzygiderli ýerine ýetirilýän diplomatik işleriň netijesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň, şeýle-de, ýörite ugurly halkara resminamalaryň onlarçasynyň kabul edilmegi gojaman Hazary goramagyň we onuň baýlyklaryndan peýdalanmagyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine aýdyň ýol açýar.

Beýik ösüşlere badalga

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we beýleki ähmiýetli çäreler diňe bir türkmen jemgyýetiniň däl, eýsem, dünýäniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan umumadamzat bähbitli işleriniň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy boldy. Taryhy ähmiýetli bu duşuşyk — Awaza duşuşygy iri çäreleriň birnäçesinden ybaratdygy bilen düýpli tapawutlanýar. Olardan konsultatiw duşuşyk hakynda aýtsak, onda gozgalan ulag ulgamy sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri döretjekdiginiň tekrarlanmagy bellenilmäge mynasypdyr.

Goýny aýdym-sazly, gözel Awaza!

Aýdym-sazda gudrat, jady bar diýleni. Olaryň ýaňlanýan ýerinde göwünler ganatlanyp, köňüller joşa gelýär. Bu günki günde Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanýan mekanyna öwrüldi. Munuň şeýledigini Ruhyýet köşgünde bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly çykyşlary hem doly tassyklady. Hawa, ol wakalar hakynda gürrüň bermek, buýsanjymyzy beýan etmek diýseň ýakymly. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna we dabaraly konsertine gatnaşmalydygym hakyndaky hoş habar göwün guşumy Göge göterdi. Özüm ýaly gyz-gelinler bilen hoştap howaly Awaza sary ýola düşenimizde bizden şadyýan, bagtyýar adam ýok ýalydy. Şonuň üçinem, Balkanabatdan Türkmenbaşy şäherine degşip, gülşüp, nädip ýetenimizem duýman galdyk. Şähere golaýlanyňdan duýulýan deňziň howasam diýseň hoş ýakýardy. Ýolboýy birimiz goşgy düzüp, birimizem aýdyma hiňlenip gelemizsoň, baýramçylyk ruhundadyk. Bizi bu pursatlarda sebitiň ýurtlarynyň sahna ussatlarynyň hem çykyşyna tomaşa etmegiň miýesser etjekdigi begendirýärdi.

Bagtyýarlygyň bagt köli

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary bilen birlikde, beýleki pudaklary ösdürmäge-de hemişe üns berýär. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny saklamak hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlygy gorap saklamak, çölleşmä we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek babatda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde ýurdumyzda her ýylda miweli we saýaly bag nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar we öňden bar bolan baglara bejergi işleri geçirilip, ideg edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda bina ediljek täze, döwrebap obanyň, durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, munuň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanmaly. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk merkezi, ýaşaýyş jaýlary, balykçylyk hojalygy, suw süýjediji desgalar, gara hem demir ýollar çekiler.

Kalbymyz alkyşdan doly

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynyň 14-ne Balkan welaýatyna bolan iş sapary ýatdan çykmajak ajaýyp taryhy pursatlardan, şanly wakalardan doly boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu Şa gadamy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň milli Liderimize bolan söýgüsini, buýsanjyny Arşa göterdi. Welaýat merkezi bolan Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasy kalbymyzy buýsanja besledi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüni tutup bermegi hem-de welaýat merkezinde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşyp, häzirki zaman «Tiz kömek» ulaglaryny sowgat bermegi il-ulsumyzyň göwünlerini galkyndyrdy.

Öý tutmak — döwletlilik

Täze belent binalar, ak öýler toýlarymyzyň bezegine öwrülýär. Tutulýan toýlar halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi we möhüm ähmiýetli desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Mähriban Arkadagymyzyň gadam basan ýerinde gül-gülzarlygy, döwletliligi, bagtyýarlygy görmek bolýar. Welaýatymyzda giňden bellenilen mukaddes Gurban baýramynyň toýly günlerinde biz şeýle bagtly pursatlaryň şaýady bolduk. Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde Daşoguz şäherinde «Türkmeniň

«Awaza» şypahanasy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Gün nuruna ýalkym saçýan ak mermer binalarynyň hatarynda «Awaza» şypahanasy hem täsin binagärlik aýratynlygy, owadan bag-bakjasy bilen bada-bat ünsüňi çekýär. 2018-nji ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan 9 gatly bu kaşaň bina birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Şypahanada mineral suw (balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş), howuz we SPA, anyklaýyş-maslahat beriş, dikeldiş, fiziobejeriş bölümleri hereket edýär. Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, barlaghana, stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, gulak, burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglarynyň dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi raýatlary doly lukmançylyk barlaglaryndan geçirip, degişli maslahatlary bermäge mümkinçilik döredýär.

Yhlas bar ýerinde zehin gülleýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşýan döredijilik işgärleriniň sanynyň artýandygyna diýseň guwanýarys. Biziň il içinde adygan döwlet drama teatrymyzyň artistleri döwrebap sahna eserlerini döretmekde jan aýaman zähmet çekýärler. Olaryň arasynda degişgen, göwnaçyk, şahandaz artistlerimiziň biri Kakamyrat Hanjaýew hem bar. Biz kärdeşimiz Kakamyrat Hanjaýewiň sungat ýoluna gelşi barada onuň bilen söhbetdeşlik gurap, söýgüli gazetimiz bolan «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Aýdymlary alkyşlarynyň beýany

Aýdymyň hoş owazy jana melhem, kalba ylham berýär. Many-mazmuny ýetik şygyrlaryň bagşynyň hoş owazydyr dutar-gyjak bilen sazlaşanda döreýän kerem-keramatyny dil bilen düşündiräýmek başartmasa gerek. Aýdyma, saza imrinen ýürek söýgi bilen dolýar. Ýürek söýgi bilen dolan çagy kalba juwanlyk joşguny aralaşyp, tutuş durkuňy şatlyk gaplap alýar. Dagdyr düzlerdäki uşajyk güllerem, otlaram söýgi bilen bakanyňda älem ýaly giň, umman ýaly çuň mana eýe bolýar. Göwnüňdäki gözellikler gözleriňde ýerleşip, barlyk gözüňe nur bolup siňýär. «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýän ilimiziň toý-baýramlaryny bezeýän bagşydyr sazandalarymyz bu gün Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni uly joşgun bilen wasp edýärler. Ýüregi joşly halkymyzyň söýgüsini gazanyp, aýratyn başarnygy bilen ýüreklere barýan ýodany tapan Türkmenistanyň at gazan artisti Annagurban Ylýasow hem döwrümiziň ussat bagşylarynyň biri. Biz halypa bagşymyz bilen aýdym-saz hem-de döwrümiziň ösen sungaty hakynda söhbet edip, ony okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Aşpezligiň sungat derejesi

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar.

Dostluk mukamlary

6-njy awgustda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünliklere beslenen ýokary derejedäki halkara çäreleriň jemini jemledi. Milli Liderimiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, konsultatiw duşuşyga, zenanlaryň dialogyna, ykdysady foruma we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşyjylaryň wekiliýetleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amfiteatrynda geçirilen konsertiň hormatly tomaşaçylary boldular. Ýurdumyzyň iň gowy folklor toparlarynyň hem-de daşary ýurtly artistleriniň joşgun bilen ýerine ýetiren «Awaza dostluk kenary» atly aýdym-horeografiýa kompozisiýasy bu dostluk konsertiniň başyny başlady. Konsertde türkmen sungat ussatlary bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň meşhur artistleri çykyş etdiler. Tomaşaçylar ýurdumyza ençeme gezek gelen we «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Özbegistanyň halk artistleri Ýulduz Usmanowany hem-de Ozodbek Nazarbekowy köne dostlary ýaly mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiziň «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdymy ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň gatnaşmagynda, Ozodbek Nazarbekowyň türkmen dilinde ýerine ýetiren b