Mugallym — nesilleriň çyragy
«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Mugallym... Bu söz biziň kalbymyzda müdimi ýaşaýan, ruhumyzy göterýän we aňymyzy ösdürýän beýik düşünjedir. Edil Gün ýaly nurly, edil çeşme ýaly päk, edil dag ýaly belent bu hünär eýeleri jemgyýetimiziň binýadyny berkidýän esasy daýançdyr. Her bir mugallym — ylym we bilim dünýäsiniň nurly çyrasy. Olar öz şägirtleriniň ýüreginde ylmyň, bilimiň we döredijilik ruhunyň otlaryny ýakýarlar. Bu çyra näçe ýagty bolsa, şägirtleriň geljegi hem şonça ýagty bolar. Mugallymyň eli bilen ýakylan ylym çyrasy nesilleriň aňynda müdimi ýanýan çyra öwrülýär.