"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň özi berkarar döwletimizde ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyň, halkara hukuk kadalaryna eýerilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda kabul edilen bu çözgüde laýyklykda, welaýatymyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlaryň 456-sy raýatlyga kabul edildi we 31 adama ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygyny, raýatlaryň abadan durmuşy ugrunda yzygiderli alada edilýändigini, dürli milletleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamaklaryna we zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Düýn ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine welaýatymyzdan hem jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdy. Garaşsyz Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen şol maslahata gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris.

Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz

Ahal welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli bolan duşuşyga kitaphana işgärleri hem-de okyjy ýaşlar gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşmaga gelenler, ilki bilen, baýramçylyk kitap sergisine aýlanyp gördüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary serginiň özboluşly bezegi boldy. Kitaphana hünärmenleri sergide görkezilen kitaplaryň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler.

Naý­ba­şy to­ýu­my­zyň şa­ny­na

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­tyn­da hem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Da­ba­ra­la­ra bag­ty­ýar il­deş­le­ri­miz toý joş­gu­ny bi­len gat­naş­ýar­lar. GÖK­DE­PE. Et­rap mer­ke­zin­dä­ki «Gök­de­pe» toý me­ka­nyn­da Wa­ta­ny­my­zyň naý­ba­şy to­ýu­nyň şa­ny­na saz-söh­be­de bes­le­nen da­ba­ra ge­çi­ril­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­ny et­rap hä­kim­li­gi, et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hem-de me­de­ni­ýet bö­lü­mi bi­le­lik­de gu­ra­dy.

Ilkinji goşar sagady

Adamzat taryhynda ençeme açyşlar, oýlap tapyşlar amala aşyryldy. Dürli pudaklary öz içine alýan bu täze açyşlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hünärmenler yzygiderli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hut şol pudak bilen gyzyklanýan bolaýmasaň, ol zatlaryň özgeriş tizligine ýetişmek diýseň kyn. Şeýle gün-günden kämilleşýän enjamlaryň biri hem goşar sagatlarydyr. Goşar sagatlarynyň taryhy bilen baglanyşykly ençeme maglumatlar bar. muňa garamazdan, taryhçylaryň aglabasy ilkinji goşar sagadynyň 1869-njy ýylda Patek Filip tarapyndan işlenilip düzülendigini belleýärler. 1880-nji ýylda Konstand Girard bu goşar sagadyny has-da kämilleşdirip, germaniýaly deňizçileriň takyk hereket etmeklerini gazanypdyr.

Ruhubelentlige beslenen maslahat

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň we Ahal welaýat bölüminiň işgärleri, meýletinçileri hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdy. Maslahaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa açyp, oňa gatnaşyjylary Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de bu senäniň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Maslahatyň barşynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowanyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewanyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri Kerimberdi Hakberdiýewiň, Süleýman Haýdarowyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ogulnabat Owlakowanyň çykyşlary diýseň täsirli boldy. Olar ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde Watanymyzyň ýeten belent derejeleri, arşa göterilen şan-şöhraty, täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işler dogrusynda buýsanç bilen söhbet açyp, ýazan goşgularyny labyzly okadylar.

Döwrebap desga ulanmaga berildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda Babadaýhan etrap merkezinde etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze, döwrebap edara binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Munuň özi naýbaşy toýumyzyň dabaralarynyň üstüni ýetiren şatlykly waka öwrüldi. Täze, döwrebap desganyň öňündäki toý meýdançasyna säher bilen içeri işler edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar ýygnandylar. Bu ýerde ajaýyp wakanyň şanyna geçen dabarada gutlag çykyşlary aýdyldy. Çykyş edenler ak ýollarymyzda hereket sazlaşygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmakda ulagyň tehniki taýdan gurat bolmagynyň möhüm şertleriň biridigini belläp, awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze, döwrebap edara binasynyň bu ugurdaky ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Täze binanyň açylyş dabarasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Sarahs etrap bölüminiň durky täzelenen döwrebap binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi ajaýyp toý sowgady boldy. Dabara harby gullukçylardan başga-da il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Döwrebap binanyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramow, gullugyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor Tirkiş Şiralyýew, Sarahs etrabyndan ýaşuly nesliň wekili Rejep Amangylyjow we beýlekiler çykyş edip, şatlykly waka mynasybetli ol ýere ýygnananlary gutladylar. Olar çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, şol sanda harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde döredýän giň we amatly şertlerine özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýagşylyk (durmuş pursaty)

Heniz çaga wagtym ejem özümden kiçi jigilerim bilen gümra bolansoň, men hemişe enemiň ýanyndadym. Enem meni ezizlärdi, gujagyna alyp, başymdan sypalap, söýerdi. Ol hemişe öz ýanyna gelýän myhmanlar üçin ýygşyryp goýýan nohutdyr kişmişlerinden, hozdur maňyzlaryndan maňa-da bererdi. Ol nirä gitse menem yzyndan galmazdym. Soňabaka bir ýere ýolagçy bolsa enemiň özi meni gözlärdi. Ol golaý-goltumda maňa gözi düşmese: «Hany meniň tokarjam, buýra saçly guzym nirede, Akpamygyň kökejigi nirede?!» diýip, meni gözläp, çar ýanyna garanjaklardy. Men enemiň sesini eşidenimden ylgap onuň ýanyna barardym. Şol gün hem men onuň bilen obamyzyň çetindäki enemiň aýal dogany — Ajap ejäniň agtygynyň pişme toýuna gidipdim. Baranymyzda toý şatlyk bilen şowhuna beslenipdi. Märekeden ýaňa aşyk oklasaň ýere gaçarly däldi. Enem giň eýwanda saçak edip oturan daýzalaryň ýanyna bardy-da, olar bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra bolsa gujaklaşyp salamlaşyp aýal doganyna getiren saçagyny uzatdy. Ajap eje giň eýwanyň töründe ekiz bäbejikler üçin ýörite ýasalan sallançaga elini uzatdy-da, eneme: «Bar Bossan jan, agtyjaklarymy ýüzüňe syl, Hydyr gören goşa çynarymdyr olar, seniň perzentleriňe-de Hudaý ýetirsin!» diýip göwnühoşluk bilen ýylgyrdy.

Ak ýollaryň asudalygy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen däbe öwrülip, her ýyl yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabat gelýär. Şonuň üçin hem biz – polisiýa bölüminiň işgärleri şu jogapkärli döwürde çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýäris. Mekdep okuwçylarynyň aglabasy okuwa özbaşdak gatnaýarlar. Bu bolsa olaryň ýol hereketiniň kadalaryny bilmeklerini, olary berjaý etmek endiklerini ele almaklaryny talap edýär. Şonuň üçin Ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri ýurdumyzyň dürli künjegindäki mekdeplerde bolup, okuwçylar bilen söhbetdeşlikleri guraýarlar. Biraýlygyň adyndan görnüşi ýaly, ýollardaky howpsuz hereket ömrümiziň rahatlygyny üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, ýol hereketiniň düzgünleri hemişe doly we dogry berjaý edilmelidir. Sürüjiler, ýolagçylar, pyýadalar hem hereketiň howpsuzlygyny gazanmakda özlerine düşýän jogapkärçiligi bilmelidirler we işjeň gatnaşmalydyrlar.

Täsin poçta gutulary

Tehnikanyň ösmegi netijesinde, aragatnaşyk ulgamynda birek-birek bilen hat alyşmak hem internet hyzmatynyň üsti bilen sanly enjamlar arkaly amala aşyrmak ýörgünli boldy. Ýöne adamlaryň arasynda haty adaty poçta bilen ugradýanlar hem az däl. 1999-njy ýylda Ýaponiýanyň Sumami şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Wakaýama adasyndaky suwasty poçta welin, her kimi geň galdyrdy. Bu suwasty poçta gutusy deňziň 10 metr çuňlugynda ýerleşip, «Iň çuň ýagdaýda ýerleşen suwasty poçta» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan hem orun aldy. Aragatnaşygyň suwasty poçta görnüşi Wakaýamada bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň birinde açylyp, onuň esasy maksady syýahatçylary şäherçä, ada gezelenje gelmäge çekmekdi. Suw astynda poçta gutusyny goýmak pikiri şäher aragatnaşyk ulgamynyň başlygyna gelipdi we ol üstünlikli amala aşyryldy. Çünki suwasty ýüzüş bilen meşgullanýan syýahatçylaryň we ada dynç almaga gelen jahankeşdeleriň bu poçta gutusynyň üsti bilen hat ýollamak usuly göwnünden turdy.

Maslahatly il myrada ýeter

Berkarar döwletimizde her ýyl Baş baýramymyzyň öňýany Halk Maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň şatlyk-şagalaňly dabaralarynyň bütin ýurdumyzy gurşap alan ajaýyp günleriniň birinde, ýagny 24-nji sentýabrda gözel paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Turuwbaşdan, Halk Maslahatynyň mejlisiniň örän netijeli hem üstünlikli geçendigini bellemek isleýäris. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, geçen döwürde Halk Maslahatynyň alyp baran işleri, döwletimiziň il-ýurt bähbitli içeri we hoşniýetli daşary syýasaty, daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri hakynda aýtdy. Döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, halkymyzy mundan-da bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşatmak maksady bilen öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hemmeleriň kalbynda Watana bolan beýik söýginiň, agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň gaýnap-joşmalydygyny nygtady.

Soňky sütün

—1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň Halkara güni» diýip yglan etdi. Berkarar döwletimizde hem indi birnäçe ýyldan bäri bu Halkara gün döwlet derejesinde bellenilýär. — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 60-75 ýaşy — irki ýaşululyk; 75-90 ýaşy — giçki ýaşululyk; 90-dan ýokary ýaşy uzak ömür diýip üç basgançaga bölýär.

Kämil usullara daýanmak bilen

Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň işimize ornaşdyrylmagy oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu meseläni mydama üns merkezinde saklaýar we degişli tabşyryklary berýär. Şolara laýyklykda biziň müdirligimiz hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi welaýatymyzyň etraplaryndan zerur maglumatlary toplamak, saklamak we olary seljermek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de welaýatymyzyň çäginde döremegi mümkin bolan tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň ýetirip biljek zyýanlaryny peseltmek maksady bilen, raýat goranyşynyň gulluklarynyň, edara-kärhanalaryň raýat goranyşynyň güýçleriniň bilelikdäki, özara sazlaşykly hereketlerini guramak üçin toplumlaýyn tälim beriş okuwlarynyň üstünlikli geçirilmeginde hem sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Ýörite kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglarda wideo şekilleri ulanmak, aragatnaşygyň döwrebap enjamlary arkaly türgenleşik geçirilýän ýer bilen dolandyryş merkeziniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak has ýeňilleşdi. Sanly ulgamyň raýat goranyşy we halas ediş işlerinde giňden ulanylmagy harby gullukçylaryň öz wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeklerine uly ýardam berýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagl

Geljege gönükdirilen işler

Ýaş nesliň sagdyn ösmegini üpjün etmek, olaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil bilmeklerini we köçede özüňi alyp barmagyň düzgünlerine eýermeklerini gazanmak işine ýakyndan gatnaşýarys. Häzirki günlerde guramaçylykly dowam edýän biraýlygyň çäginde bakja-bagymyzda terbiýelenilýän körpeleriň gatnaşmaklarynda bäsleşik guradyk. Bu çäräni guramakda we täsirli geçirmekde bize şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihaty boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Döwran Jumaýew uly goldaw berdi. Bäsleşikde çagalar ýol hereketiniň kadalary boýunça berlen sowallara jogap berdiler, çatrykdan geçmegiň düzgünlerini oýunlaryň üsti bilen görkezdiler. Olar ýol hereketine degişli aýdymlary ýerine ýetirdiler we goşgulary labyzly okadylar.

Milli ýörelgelerimiz wagyz edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlary bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň özeni bolup durýar. Şu belent maksatdan ugur alýan Şabat etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesi etrabyň ähli bilim, terbiýeçilik edaralarynda «Ahlak arassalygy-zenan mertebesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär. Golaýda etrap häkimliginiň, polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyklara etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar hem-de okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda guralan çykyşlarda halkymyzyň baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, zenan asyllylygy, gyz edebi, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar wagyz edildi. Gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Şonuň ýaly-da täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrunda tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Baş baýramyň şanyna

Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesi mynasybetli golaýda Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde şäher medeniýet merkeziniň guramagynda «Ýaşyl tugum buýsanç bilen parlaýar! Watan Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» atly şygar bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Golaýda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň şu okuw jaýy bilen bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy» atly şygar bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda  TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Ejebaý Akmädowa, sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmeni Aýnagül Gulmuradowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Begmyrat Mätdurdyýew, Gülnur Baýramdurdyýewa, Täçnabat Annaýewa, Hojamyrat Kasymow dagy  çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan beýik işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda belläp geçdiler.

Talyp ýaşlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň dowamynda talyplar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylan ösüşleri, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen beýik sepgitleri, abraý-mertebesi dünýä dolan ýurdumyzy şahyrana wasp etdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde talyplar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly, çeper okamak boýunça bäsleşdiler. 3-nji şertde talyplar toý-dabaralary, teleýaýlymlarda gepleşikleri alyp barmak boýunça bäsleşip, öz söz ussatlyklaryny, suhangöýlüklerini görkezdiler. Bäsleşikde 1-nji orna Şanur Atdaýew, Selbinyýaz Muhammedowa, 2-nji orna Aýnur Pollyýewa, Mekan Amangeldiýew, 3-nji orna Züleýha Klyçewa, Didar Muhammedow dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik  sowgatlary gowşuryldy.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.