"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuwçylara we talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge, bu ugurda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 4 — 9-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen 24-nji Puşkin adyndaky halkara bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýsapar Sazakowa baýrakly orna mynasyp boldy. Bu bäsleşige dünýäniň 21 ýurdundan 239 sany iş kabul edilip, şolardan 50 adam onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň şu gezekki tapgyrynda ýurdumyzdan 4, şol sanda welaýatymyzdan 2 mugallym ýeňiji bolmagy başardy. Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Maral Öwezowa hem bu bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy. «Rossiýskaýa gazeta» gazetiniň redaksiýasynyň yglan eden bu bäsleşigi 2001-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň guwandyryjy netijeleri gazanýandygyny alamatlandyrýar.

Möhüm çäreler guralýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri degişli pudak edaralary bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça bilim ojaklarynda, kärhanalarda wagyz-nesihat, düşündiriş, öňüni alyş işlerini guramaçylykly hem-de yzygiderli geçirýärler. Biraýlygyň dowamynda ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek bilen bagly köpçülikleýin wagyz-nesihat çykyşlary, duşuşyklar guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuk namalary halkymyzyň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup biler. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän döwlet ähmiýetli möhüm çäräniň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri barada nygtalmagy ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi asudalyg

Abatlyk, guratlyk — asuda hereketiň kepili

Içeri işler edaralaryna toý sowgatlary Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda biziň welaýatymyzyň polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etrap polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäher polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şanly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ýol abat — il abat Berkarar döwletimizde günsaýyn gözelleşýän we ajaýyp görnüşe eýe bolýan şäherlerimizdir obalarymyz halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Oba-şäherlerimizde halkyň hyzmatyna berlen aýna ýaly tekiz we ýagty ýollar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak ugrunda üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanylmaga berilmegi-de şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerinde awtomobil ýollaryny abatlamak, yşyklandyrmak ugrundaky işler yzygiderli dowam edýär. Şol ýollarda asudalygy, ulaglaryň howpsuz hereketini üpjün etmek bolsa herekete gatnaşyjylaryň her biri üçin möhümdir.

Jümle-jahan habarlary

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi Ýaponiýaly Tomiko Itoko dünýäniň iň uly ýaşly ynsany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda doglan bu zenan 116 ýaşynda. Ol çagalykdan sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýeripdir. Tomiko Itoko ýaşlyk ýyllarynda sportuň woleýbol görnüşi we alpinizm bilen meşgullanypdyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri 5 ýyldan bäri garrylar öýünde ýaşaýan Tomiko Itoko degişli şahadatnamany gowşurdylar. Bu ugurda öňki dünýä rekordy 117 ýaşap, aradan çykan ispaniýaly Mari Braniasa degişlidi.

Döwletli tutumlar, rowaç gadamlar

Buýsançly kalplaryň joşguny Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda taryha altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şolaryň biridir. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan we eşretli ýaşaýşy barada döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Mejlis täze taryhy eýýamda döwletlilik taglymatynyň, milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlary halkymyzyň buýsanç duýgularyny artdyrdy hem-de «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň dabaralanýandygynyň kepiline öwrüldi.

Halk bähbidine gönükdirilen işler

Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň gadymy ýörelgeleriniň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Muňa öňňin Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde has aýdyň göz ýetirdik. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Umumymilli forumda uly ösüşler bilen öňe barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak il-ýurt bähbitli tutumlaryň ara alyp maslahatlaşylmagy türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň nusgalykdygynyň nyşanydyr. Halkymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen taryhy mejlisde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine ýetirmek, ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňişleýin wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň esasy maksadydyr. Şonuň üçinem bu ugurda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.  

Ýollar asuda — durmuş abadan

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ildeşlerimiziň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny, saglygynyň goraglylygyny, ulag gatnawlarynyň artýan döwründe ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaş nesillerde ünslüligi, ýurdumyzyň tebigatyny, ähli gözelliklerini söýmegi hem-de goramagy terbiýelemek babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bu babatda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň yglan edilmegi Diýarymyzda indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly çäreler, ynsanperwer işler bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabadyň köçelerinde ulaglaryň hereketi ýygjamlaşýar. Olaryň gatnawynyň artmagy bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany hem barha köpelýär. Tomusky dynç alyş möwsüminden soňra mekdep okuwçylarynyň, mugallymlardyr talyplaryň täze okuw ýylyna girişmekleri, şeýle-de şu aýda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm çäreleriň geçirilmegi jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrýar. Munuň özi ýollaryň asudalygyny we howpsuzlygyny, hereket bilen bagly gatnawlaryň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin sürüjileriň-de, pyýa

Ösüşleriň kämil hukuk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýar. Ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry  hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi adalat jemgyýetimizi, demokratik hem-de hukuk döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow kanunçylygyň ýerine  ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek boýunça belent wezipeleri öňde goýýar. Munuň özi döwletimiziň täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmekde tagallalary birleşdirmegi talap edýär.

Dabaraly günleriň guwanjy

Abadan geljegimize ynam döredýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki günleri taryhy wakalara beslenip, abadan ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň rowaç alýandygynyň datly miwesidir. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

«Ak altyn» ussatlarynyň arasynda

Häzirki günlerde ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Etrabymyzyň janypkeş daýhanlary hem bereketli topraga alyn derlerini siňdirip, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny ýygnaýan edermen daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem ýygym möwsüminiň dowamynda olaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň armasyny ýetirip durmagynyň, iş şertleri bilen tanyşmagynyň, wagyz-nesihat çärelerini geçirmeginiň ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Geçirilýän çäreleriň dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanýanlara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurylýar. Olar ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy, şol sanda oba zähmetkeşleri hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Baş baýrama mynasyp sowgatlar Belent sepgitlere, şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly senesi — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýy ýetip geldi. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän türkmen ili baş baýramyna zähmet sowgatly geldi. Buýsançly sene mynasybetli welaýatymyzda täze binalardyr desgalaryň ençemesi ulanylmaga berildi.

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

Arzysy siz, sarpasy siz Watanyň “Ýaşulusy bolmadygyň, ýaş kiçisi bolmaz”, “Garryly öý — gaznaly öý”, “Edebiň ýagşysy — ulyny sylamak”, “Ulusyny sylan beg bolar” diýen pähimler milli medeniýetimiziň aýratynlyklarynyň biridir. Ulyny salmak, kiçä hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine girýär” diýip, ýaşuly nesle goýulýan hormat-sylag barada aýratyn nygtaýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Aliment tölemegiň kadalary Ajap eýýamymyzda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklarynyň kämil kanunçylygy kesgitlenen. Kodeksiň VI bölüminde maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary bellenendir. Şu Kodeksiň 142-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz kömege mätäç bolan çagalary, şeýle-de bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne 23 ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Şeýle hem çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ata-eneler tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler (olaryň biri) şu Kodeksiň 19-njy babyna laýyklykda, çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ajaýyp zamanamyzda ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklaryň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Ýolda dyknyşyk döräp, haýal hereket edilende we durlanda, öňden barýan ulaga çenli aralyk, adatdan daşary ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, azyndan 2 metr bolmalydyr.

Asudalygyň goragynda

Netije başarnyga bagly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýän il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle ajap eýýamymyzda halkymyzyň asudalygyny, rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegiň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşýär. Şu wezipäniň ýerine ýetirilmegi bolsa, ýadawsyz aladany talap edýär.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk tamamlanyp barýar

Abadan durmuşyň kepili Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly aladalary halkymyzyň abadan, asuda durmuşy barada tagallalaryndan gözbaş alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynda çagalar bilen bagly hadysalaryň öňüni almaklyga uly üns berýäris.

Howpsuz hereket — bagtyýar durmuş

Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler, obalar bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Çünki durmuşymyzyň möhüm bölegi bolan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara zerur şertleri döredýär.

Ýollar — abat, il — asuda

Golaýda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde, harby edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň, sürüjileriň, umuman, ýol hereketine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, podpolkownik Merdan Amadyýewiň guramagynda etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Tugur Tugurow bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar döwrüň abadan ýollarynyň howpsuzlygynyň hemmämize baglydygy barada aýratyn nygtaldy. Rejepmuhammet TOKGAÝEW, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.