"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Üstünliklere beslenýän pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara ykdysady guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Halkymyz baky Bitaraplyk toýuny ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy özgerişler, ösüşler bilen baýram etdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyryldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň awgust aýynda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça goşmaça tagallalaryň amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiziň öňe süren 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri bolmak bilen,

Dünýä giňişligindäki sazlaşykly hyzmatdaşlyk

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Türkmenistanda dünýä ykdysadyýetine çuňňur aralaşmak üçin ähli oňaýly şertler bar. Üstesine, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, syýasy taýdan durnuklylygy halkara hyzmatdaşlygyny has berkitmäge ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşleri durnukly ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirdi, onuň durmuş ulgamynyň degişli ugurlaryny berkitdi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň emele getirilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy.

Okgunly ösüşleriň ýoly

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly barada gyzykly maglumatlar: — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Ony 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Bank ulgamynyň hukuk binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem kämilleşýär. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr» diýip, belleýär. Şu nukdaýnazardan, bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar. Ýurdumyzda dünýä tejribesine laýyk gelýän bank kanunçylyk binýady kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda: «Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine a

Döwrebap energetika toplumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika ugruna degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň ençemesi alnyp barylýar. Şolaryň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň berkidilmegine degerli ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesiniň has-da belende galýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna, tekliplerine halkara derejede has uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan milli Liderimiziň tekliplerine, başlangyçlaryna uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Ýagşylygy ýaýýan ýagty ýollar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly üstünlikler bilen garşy alýan her bir ýylymyz şanly wakalara beslenip, bagtyýar halkymyzyň ykbalyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýylymyz hem ady bilen bagly şanly senelere, ajaýyp wakalara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylymyz hem ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bagly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.

Gatnaşyklar berkidilýär

Ýakynda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär.

Innowasion geljege tarap müň ädim

Rowaçlyklaryň ak ýoluna düşen ata Watanymyz bu gün dünýä döwletleriniň arasynda kuwwatly we durnukly ösýän ýurt hökmünde öz mynasyp ornuny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz: «Iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenendir» diýmek bilen innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýete ähmiýet berýär. Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025 nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly serişdeleriň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna uly itergi berdi.

Türkmen Bitaraplygy — abadançylygyň ak ýoly

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar. Türkmen Bitaraplygy haýsydyr bir syýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygydyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.

Dünýäniň energetika döwleti Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçinde Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň iň bir işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika diplomatiýasy hem ýokarlanýar.

Ösüşler üstünliklere ruhlandyrýar

Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ösýär. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar. Asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täze nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň giň gerimlidigini bellemek has hem ýakymlydyr.

Ykdysady ösüşler — bagtyýar geljegiň binýady

Ýene-de bir ýyl taryh gatyna siňdi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ösüşler gazanyldy we ykdysady kuwwatyň durnukly ýagdaýda galmagyny üpjün edildi. Bu elbetde, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasy, ykdysady, maliýe we medeni ulgamlarda alyp barýan syýasatlarynyň netijeleridir. Döwletimiziň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan bellenmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ählitaraplaýyn we giňden taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işlere badalga berilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlamentiň 2 palataly ulgama geçirilmegi bilen baglanyşykly Konstitusion kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň biragyzdan kabul edilmegi we beýlekiler geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna girdi.

Yhlasly nebitçiler

Endigan ýaýylyp gidýän şorluklaryň, soňy bilenem biri beýlekisinden belent guba çägeleriň arasyndan uzalyp gidýän asfalt ýoly külterläp barýan awtoulagyň aýnasyndan daşky görnüşi synlap oturyşyma, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň baş geology Täzemyrat Babaýewiň zähmet çekýän ulgamy barada beletlik bilen berýän gürrüňleri mende uly gyzyklanma döretdi. — Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir ulgamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtaýar. Biziň kärhanamyzda hem halypa-şägirtlik mekdebi öz köklerini juda aňyrdan alyp gaýdýar. Türkmeniň mukaddes topragyndan “gara altyn” çykarmagyň şöhratly taryhy hem hut biziň häzirki iş alyp barýan “Nebitdag”, onuň töwereklerindäki baýlyklar mesgeni bilen baglydyr. Mundan iki asyra golaý öň Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde gidrogeologik kartalary düzen ilkinji rus gidrogeologlarynyň galdyran ýazgylarynda: “Türkmenler bu ýerden Nebitli dag entek ada öwrülmezinden öň hem nebit alýan ekenler” diýen bellikler bar. Bu ýerde ilkinji burawlaýyş işi 1882-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylýar. Ol guýy her gije-gündizde bir müň putdan hem köp nebit beripdir. Şol ýyl bu ýerde gazylan guýularyň sany bäşe ýetýär. Şondan ýarym asyra golaý soň, ýagny 1930-njy ýylda 24-nji guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 471 metre ýetende, güýçli nebit akymy alynýar. 1935-nji ýylyň 14-

Gözelligiň göwher gaşy

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallasy hem yhlasy bilen Aşgabat dünýäde gözelligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Ynha, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň, onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy muny nobatdaky gezek tassyklady. «Laçyn» iň bir gelim-gidimli seýilgähe öwrüler

Müşderi-bank gatnaşyklary kämilleşdirilýär

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak, müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda bankyň «Altyn Asyr» bank kartyny ulanyjy müşderilerine hödürleýän döwrebap «Internet-bank», «Mobil-bank», «Cash back» we «Owerdraft» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bank kart hasaplaryny «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdiren müşderiler internet toruna birleşdirilen kompýuteriň, ykjam telefonyň ýa-da planşediň üsti bilen bankyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Olar bu hyzmatlar arkaly karzyň esasy bergisini, onuň göterimlerini tölemäge, öý, öýjükli telefonlaryň, IP telewizorlaryň we internetiň hasabyny doldurmaga, ýurdumyzyň teatrlaryndaky sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin «www.turkmenteatrlary.gov.tm» internet sahypasyndan elektron petekleri satyn almaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle hem bu hyzmatlar arkaly bank kartynyň galyndysyny barlamak, geçirilen amallaryň taryhyny görmek, «Altyn Asyr» bank karty ýitirilen ýagdaýynda kart hasabyny özbaşdak togtatmak we beýleki amallar mümkindir. Müşderiler bu hyzmatlary «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «www.tnk.tm» resmi internet sahypasyna girmek bilen ýa-da «Mobil

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öndengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüş gazanylýar, düýpli sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagy jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna hem uly ýardam edýär. Maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän we içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem, halkyň bähbidine, abadan ýaşaýşyna, milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirlendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etdi. Bu kabul edilen Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uly boldy.

Täze mümkinçilikler açylýar

Baky Bitarap Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ençeme ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara maliýe edaralary hem-de uly tejribä, dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Türkmenistan döwletimize Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygynyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleriniň aýdyň subutnamasydyr. Halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy (BSG) täze söwda ylalaşyklarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär. Şeýle hem bu gurama dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Rowaçlygyň röwşen menzili

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar häzirkizaman üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar. Olaryň gutarnykly amala aşyrylmagy bilen Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän üstaşyr ýollar we kämil aragatnaşyk ulgamy peýda bolýar. Türkmenistanyň ýollaryň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşmeginden ugur alnyp gurulýan desgalardyr ýollar sebitleriň arasyny ýakynlaşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulýan döwrebap howa menziliniň hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ulanylmaga berilmegi diňe bir içerki däl, eýsem, sebitara gatnaşyklaryň hem has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder. Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolmakda öz paýyna düşýän işleri abraý bilen ýerine ýetirýär. Ösen döwletleriň hataryna goşulan Garaşsyz ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň sany artýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşinde ýatdan çykmajak, Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak hakynda aýratyn möhüm Ka