Türkmenistan – Azerbaýjan: işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew geçen hepdäniň çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Azerbaýjan bilelikdäki Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilelikdäki Hökümetara toparyň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynyň guralmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.