"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

Geçen hepdede «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda birnäçe iri çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan ýokary derejeli myhmanlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, režissýorlar, magtymgulyşynaslar bu köpugurly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldiler we söz ussadyna ýurdumyzda goýulýan belent sarpa, onuň ýubileý senesiniň çägindäki giň gerimli işlere ýakyndan şaýat boldular. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylaryň sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bilen tanyşlygy many-mazmuna baý boldy. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde bina edilen täze, döwrebap şäheriň ekologik taýdan arassa, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly mümkinçilikler myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Sergiler zalynda: azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi

15 — 17-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanda ikinji gezek ýaýbaňlandyrylan bu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezdi. Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerinidir hyzmatlaryny hödürledi. Onda Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle-de türkmen telekeçileri bar. Şeýle hem Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

1 million tonna kömür satyn alar

Özbegistan Owganystandan 1 million tonna kömür satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Özbegistanyň ulag ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Kabula saparynyň çäginde gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijelerine görä, taraplar Owganystandan degişli möçberdäki kömrüň özbek bazaryna iberilmegi üçin Özbegistanyň tehniki toparynyň Kabula ugradylmagy barada ylalaşdylar. Ýeri gelende bellesek, Özbegistan häzirki wagtda içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin uly mukdardaky kömri daşary ýurtlardan import edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurtda kömrüň gazylyp alnyşyny 2024-nji ýylda 8 million tonna (geçen ýyl bu görkeziji 6,5 million tonna deň boldy), geljek ýyl bolsa 10 million tonna ýetirmek maksat edinilýär.

BMG: 2024-nji ýylda global ykdysady ösüş 2,7 göterime deň bolar

Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýylda global ykdysady ösüş baradaky çaklamalaryny 2,7 göterime çenli ýokarlandyrdy. Gurama ýanwar aýynda şu ýyl global ykdysadyýetiň 2,4 göterim ösjekdigini çaklapdy. 2025-nji ýylda bolsa bu görkeziji 2,8 göterime çenli ýokarlanar. Guramanyň hasabatynda şu ýyl üçin çaklamanyň ýokarlanmagynyň, esasan, Braziliýa, Hindistan, Russiýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň ykdysadyýetinde ýüze çykýan has oňyn üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydygy agzalýar. Hususan-da, BMG tarapyndan 2024-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 2,3, Braziliýanyň ykdysadyýetiniň 2,1, Hindistanyň ykdysadyýetiniň 6,9 göterim ösüş gazanjakdygy çaklanylýar.

Gazyň eksportyny 2,7 göterim artdyrdy

2024-nji ýylyň dört aýynda Azerbaýjan tebigy gazyň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,7 göterim artdyrdy. Bu barada ýurduň energetika ministri Parwiz Şahbazow mälim etdi. Ministriň bellemegine görä, Azerbaýjan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Ýewropa 4,2 milliard kub metr, Türkiýä 3,2 milliard kub metr, Gruziýa bolsa 1,1 milliard kub metr tebigy gazy eksport edipdir. Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjanda hasabat döwründe 16,7 milliard kub metr tebigy gaz gazylyp alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 500 million kub metr köpdür.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

17-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

17-nji maýda paýtagtymyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

17-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

Çynar RUSTEMOWA,Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Söz sungaty arkaly medeni diplomatiýany ilerledip

Huseýin Awni BYÇAKLY,Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary: — Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň ýokary derejede guralmagynda uly tagallalar eden türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirýärin. Bu halkara maslahatdaky çykyşlarda nusgawy türkmen şahyrynyň baý edebi mirasy, onuň öwrenilmegi we dünýä ýurtlarynyň arasynda giňden wagyz edilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Sultan RAÝEW: «Magtymguly — türki edebiýatyň dünýä derejeli parlak ýyldyzy»

Arşyň nepisligi hasaplanýan türkmen halysynyň wagt geçdigiçe ýüzüniň açylyp, has reňbe-reň öwüşgine eýe bolşy ýaly, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä derejesindäki ähmiýeti-de barha artmak bilen. Bu gün söz ussadynyň bütin adamzady birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän şygyrlary täzeçe äheňde ýaňlanyp, halklarydyr kalplary has-da ýakynlaşdyrýar. Şahyryň Köpetdagyň dag gerişlerinde dikilen äpet heýkeliniň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçinem şu günler Zeminiň çar künjeginden myhmanlaryň ýüzlerçesi paýtagtymyz Aşgabatda bolýarlar. Öňňin «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi-de Gündogaryň meşhur akyldarynyň döredijiligine bagyşlandy. Biz bu duşuşygyň çäginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik. — Sultan Akimowiç, Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmek boýunça TÜRKSOÝ tarapyndan alnyp barylýan işler hakynda edil häzir anyk gürrüň edip durmasagam, türkmen okyjylarynyň olardan doly habarlydygyny bilýäris. Şu ýerde esasy ünsi TÜRKSOÝ-nyň çäginden daşarda amala aşyrýan işleriňize gönükdirsek, ýene-de goşmaça maglumatlary eşitjekdigimize ynanýarys...

Söz ägirtlerini hatyralap

ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy 14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryndan, medeniýet we sungat, ylym-bilim işgärlerinden, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden, il sylagly ýaşululardan ybarat ýurdumyzyň wekiliýeti türkmen edebiýatynyň ägirtleri Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň baky aram tapan ýerine — Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasyna sapara ugrady.

Bilelikdäki gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hoşniýetli gatnaşyklar berkidilýär

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha berkidýär. 14-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri muny aýdyň tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Hususan-da, myhman hormatly Prezidentimizi «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem Jenap Endo Toşiaki türkmen halkynyň Milli Liderini geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

Dostluk. Düşünişmek. Netijelilik

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy nobatdaky subutnamadyr.

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

“MNG Airlines” Türkmenbaşy howa menziliniň üsti bilen Gazagystana ýük ugratdy

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (TULM) gurnamagynda 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkiýäniň “MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş” (MNG Airlines) ýük awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menziline getirilen ýük Gazagystana ugradyldy. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde “MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.” kompaniýasynyň uçary arkaly Stambul şäherinden getirilen ýükler awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystanyň Aktobe şäherine ugradyldy. Bu barada TULM habar berdi.

Türkmenistanyň jemagat hojalyk ulgamlaryny sanlylaşdyrmak tejribesi öwrenilýär

Kazan şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň wekiliýeti şäheriň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Rustem Gafarow bilen duşuşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bar. Duşuşyga şeýle hem Kazan şäheriniň munisipal edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýewgeniýa Lodwigowa hem-de şäheri özgerdiş merkeziniň ýolbaşçysy Dmitriý Kremlew gatnaşdylar.