"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Nvidia» Hytaýa 12 milliard amerikan dollarlyk çip satar

«Nvidia» tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylda Hytaýyň kompaniýalaryna 12 milliard amerikan dollarlyk çip satmagy maksat edinýär. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, «Nvidia» hytaý bazaryndaky satuwlar boýunça ýerli öndüriji bolan «Huawei Technologiesi» kompaniýasyny yzda galdyrmagy meýilleşdirýär. Ol şol maksat bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli emeli aň (AI) tehnologiýalaryny kuwwatlandyrmak üçin döredilen 1 milliondan gowrak «H20» çipini Hytaýa iberer diýlip garaşylýar. Olaryň hersiniň bahasy 12-13 müň amerikan dollary aralygyndadyr.

30 göterime deň

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy 30 göterime deňdir. Bu barada guramanyň Astanada geçirilen sammitinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi. «Häzirki wagtda ŞHG-ä agza ýurtlaryň ykdysadyýetleri 4-den 9 göterime çenli ýokary ösüş depginini saklap galýarlar. Gurama agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy eýýäm 30 göterim. Häzirki wagtda gatnaşyjy ýurtlaryň daşary söwdasy 8 trillion dollardan geçýär, bu bolsa dünýä söwdasynyň dörtden birine deňdir» diýip, gazak Lideri öz çykyşynda belledi.

Eýran nebitiň eksportyny artdyrýar

Eýran çig nebitiň we gaz kondensatynyň eksportyny 2018-nji ýyldan bärdäki iň ýokary derejä ýetirdi. Bu barada dünýäniň energetika bazaryny seljerýän «Wortexa» portaly mälim etdi. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Eýran her gün ortaça 1,56 million barrel nebit eksport etdi. Netijede, Eýran OPEK-de iň köp nebit eksport edýän döwletleriň arasynda dördünji orny eýeledi.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlaryny bellemelidiris. Olar ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Heýkel daşlardan däl, beýik işlerden döreýär

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar Her gezegem şeýle bolýar. Uzak ýola ugranyňda, Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny ýa-da heýkel-şekiljigini ýanyňa alarsyň — hem ýoldaşlyk, hem sowgatlyk. Çeper sözüň meýlisinde-de beýik ussadyň şygyrlaryndan okamaga, ol hakda buýsanyp söz açmaga ilgeziksiň. Ýöne, ha ýakyn, ha alys il, parhy ýok, kelam bolup, aýdym bolup, heýkel bolup, beýik Magtymgulynyň özi seniň öňüňden çykar, garşylar... Gahryman Arkadagymyz: «Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýmeýärmi eýsem?!

Pikirler, garaýyşlar

Maulen AŞIMBAÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy:

Adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine tagallalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýip belledi. Aziýa yklymynyň ýüreginde ýerleşýän Merkezi Aziýa döwletleri-de Birleşen Milletler Guramasyny ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply düzüm hökmünde ykrar edip, onuň bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýarlar. Soňky günlerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny amala aşyrmagy hem bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şu gün bolsa bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Umuman, şol taryhy senede guramanyň häzirki ähli agzalarynyň 5 göterimine golaýy onuň düzümine birleşdi. Geçen 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen str

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady berkidilýär

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. WATANYMYZYŇ DÜNÝÄ GIŇIŞLIGINDÄKI ABRAÝY BARHA ARTÝAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!

Gahryman Arkadagymyz: Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy. Ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.

Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertler bar

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy. Ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.

Türkmenistan dialog arkaly parahatçylyk söýüjilik däplerini ilerledýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan bilen Eýran gaz pudagyndаky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Metbugat habarnamasy

Gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda iki tarapa hem bähbitli bolan gatnaşyklary ösdürýärler. Türkmen gazyny Eýrana, onuň çäkleriniň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermek ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň nusgasy

«Daragt — köki, adam dostlary bilen güýçli», «Dostluk — bahasyz baýlyk», «Dostuň orny — törde» diýýän gazak halky hemişe-de dostluga aýratyn gadyr goýup, dünýä dost goluny uzadýar. Ine, şu günlerem tutuş Ýewraziýanyň dostlukly ýurtlarynyň Liderleri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine gatnaşmak üçin «Beýik sährada» jem boldular. Doly hukukly agzasy bolmasa-da, Bitarap Türkmenistan hem bu guramanyň geçirýän sammitlerine yzygiderli gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyz dürli ýyllarda onuň çärelerine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny üýtgewsiz durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ŞHG-niň 2021-nji, 2022-nji, 2023-nji ýyllarda guralan sammitlerine çagyryldy we Milli Liderimiz tarapyndan beýan edilen teklipleriň üstüni ýetirip, olary mazmun taýdan baýlaşdyrýan täze başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu asylly däbiň nobatdaky Astana sammitinde-de dowam etdirilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň anyk güwäsine öwrüler. Taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda geriminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu düzüme agza ýurtlar (Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan) häzirki wagtda Ýew

Halkara giňişlikde

Parlamentara dialog işjeňleşdirilýär Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Rumyniýanyň Buharest şäherinde iş saparynda boldy. Maslahatda demokratiýany ösdürmek, adam hukuklary, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň parahatçylykly diplomatiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni dialog, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

Hindistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine uly ähmiýet berýär

Russiýanyň kömür ýükli ilkinji iki otlusynyň «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Merkezi Aziýanyň we Eýranyň çäginden Hindistana iberilmegi Günorta Aziýanyň Respublikasy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ugurda täze tapgyryň başlangyjydyr. Bu barada «The Economics Times» tarapyndan hödürlenen «Russiýadan otly: Täze ugur Hindistandaky ýagdaýy nädip üýtgedip biler» atly makalada habar berildi.

Maý aýynda Hytaý — Ýewropa demir ýol ugurlarynda ýük gatnawynyň möçberi boýunça rekord goýuldy

«Hytaýyň demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň maý aýynda Hytaý — Ýewropa halkara demir ýol ugurlarynda daşalan ýüküň aýlyk möçberi boýunça rekord görkeziji bellige alyndy. Soňky bir aýyň dowamynda bu ugurlarda hereket eden ýük otlylarynyň sany ýyllyk hasaplamalar bilen deňeşdirilende, 14% artdy we 1724-e ýetdi. Şeýlelikde, jemi 186 müň TEU-lyk ýük daşaldy. Munuň özi bir ýyl ozalkydan 13% artykdyr we Hytaý — Ýewropa demir ýol ugurlary arkaly daşalan ýükleriň möçberi boýunça aýlyk rekorddyr.

Magtymgulynyň döredijiligi: geljege gönükdirilen strategiýa

Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejede bellemek barada çözgüdiň kabul edilmegi, şeýle hem TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi beýik söz ussadymyzyň edebi mirasynyň umumadamzat ähmiýetine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy ylmy-barlaglary alyp barmak üçin döwlet tarapyndan döredilýän zerur şertler alymlarydyr bilermenleri täze açyşlara ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, akyldar şahyrymyzyň döredijiliginde täze sahypalaryň we ylmy-taryhy çaklamalaryň yzygiderli ýüze çykarylmagy tebigy ýagdaýdyr. Ussadyň ynsanperwer garaýyşlary dünýä siwilizasiýasynyň gaznasynda mynasyp orun almak bilen, diňe bir Gündogar edebiýatyna däl, milli taýdan özüňe akyl ýetirmäge, şeýle hem has giň sebitara çäklerdäki taryhy wakalaryň gidişine-de bahasyna ýetip bolmajak täsirini ýetirdi.