"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet, gümrük, migrasiýa we ulag wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad»  gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Ir bilen wekiliýetleriň serhet derwezesinde duşuşmagyndan soň «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde, wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça ulag geçelgeleri işjeňleşdirmegiň tarapdary

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada «Uzdaily» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Türkmenistan — BMG: köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda bilelikdäki tagallalar

Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu abraýly düzüme agzalyga saýlanan wagtyndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni üstüne alan jogapkärçiligine dogry düşünýän, ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5 — 7-nji iýulda Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu taryhy saparyň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti barada tejribeli diplomatlardyr alymlar, ine, şeýle diýýärler: Miroslaw ÝENÇA,BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi:

Geljekki diplomatlar bilen duşuşyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hem baryp gördi. Milletler Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda 2007-nji ýylda açylan bu merkez, onda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda geljekki diplomatlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen duşuşmagy ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde degişli hünär ugurlary boýunça bilim alýan we uçurym bolan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenen taryhy waka boldy. Duşuşyga bu ýerde döredilen Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, şeýle-de akademiýanyň ozalky uçurymlary gatnaşdylar. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň ýaşlary-da onlaýn görnüşde goşuldylar.

Magtymgulynyň mirasy we gazak medeniýeti

REDAKSIÝADAN: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty barha dünýä dolýar. Şahyryň goşgulary onlarça dile terjime edilip, onuň dürdäne şygryýetiniň janköýerleriniň sany artýar. Merkezi Aziýanyň ähli halklary üçin ruhy taýdan golaý bolan Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde beýleki dost-dogan halklar bilen birlikde, goňşy Gazagystanda hem uly işler durmuşa geçirildi. Gazak halky Magtymgulynyň goşgularyny söýüp okaýar, gazagystanly ozan-bagşylar olary milli dombra saz gurallarynda heňe goşup, ýerine ýetirýärler. Gazagystanly edebiýatçy alymlar akyldar Pyragynyň şygyrlaryny öwrenmekde uly işleri dowam etdirýärler.

Söz dabara gatnaşyjylardan:

Saragt BABAÝEW,Türkmenistanyň halk suratkeşi: — Ynam diýleni uly zat. Heýkeli ýasamagyň ynanylmagy öňümizde uly jogapkärçilik goýdy. Üstünlige ýetmek ýa-da netije gazanmak üçin diňe ynamyň özi ýeterlik däl. Ynam yhlas bilen birigende netije gazanylýar. Diňe şol ýagdaýda bildirilen ynamy ödemek mümkin. Magtymguly atamyzyň heýkeli barada gürrüň açylanda, onuň ýadygärliginiň Astana şäherinde hem oturdylmagy halklaryň ebedi dostlugynyň nyşany boldy.

Uzaýar ýollarymyz dostluga sary

Astana şäherinde bolup geçen taryhy wakalar munuň şeýledigini ýene bir gezek görkezdi Islendik ösüşi gazanmagyň ilkinji şerti sazlaşykdan gözbaş alýar. Sazlaşygyň özeninde bolsa parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygy üpjün etmegiň durýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Gahryman Arkadagymyzyň Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, taryhy ähmiýetli çykyş etmegi we Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasynda söz sözlemegi hem ýurdumyzyň dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan daşary syýasatyna berk ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: maksatlaryň we tagallalaryň birligi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtynda saparda boldy Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Astana sammiti: dünýäniň we sebitiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» formatly sammiti geçirildi. Bu derejeli sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy. Sammit goldaşmagyň, arkalaşmagyň güýjüniň mizemezligini, kuwwatlydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden, habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet hem şu ýylyň iýul aýynyň 2 — 4-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde döredijilik saparynda boldular. Saparyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň medeni ugurlaryna ähmiýet berildi, geljegi nazarlaýan ugurlara üns çekildi. GOŇŞYM — GOLUM, GANATYM

Dostluk. Işewürlik. Ösüş (Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy)

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada ylalaşyk gazandylar

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdiler. Resminama Astanada geçen gazagystan-hytaý işewürlik geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde «Славтранс-Сервис», PJ Xi'an Free Trade Port Construction andOperation Co., Ltd. hem-de "КTZ Express PJ-niň arasynda gol çekildi.

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagyny goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Astana sammiti: köptaraplaýyn dialogy berkitmekde möhüm ädim

Türkmenistan halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň daşary syýasy ugrunda dürli halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Türkmenistan olaryň köpüsine agza bolmasa-da, ýokary derejedäki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 4-nji iýulda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada geçirilen sammitine gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi. Türkmen tarapynyň şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen, şol sanda döwletara derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Dünýä geosyýasatynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) ähmiýeti örän uludyr. Ol köpçülikleýin goranyş ýa-da köpçülikleýin howpsuzlyk guramasy däldir, üçünji ýurtlara garşy gönükdirilen hem däldir. Emma terrorçylyga, ekstremizme, milletparazlyga garşy göreş onuň işiniň aýrylmaz bölegidir. Gurama döredilen wagtynda howpsuzlyk, terrorçylyga, neşe söwdasyna garşy göreş meselelerine artykmaçlyk berlen bolsa, häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk öň hatara çykdy. ŞHG-ä agza döwletler Ýewraziýanyň umumy meýdanynyň 65 göterimini, Ýer togalagynyň ilatynyň tas ýarysyna golaýyny tutýar. Bitarap Türkmenistan hem bu kuwwatly

Dostlukly gatnaşyklar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary, şol sanda Hindistan bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Hindistan bilen dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar iki ýurduň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkidýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ugurlary açyp, ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeldýär. Muňa ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Hindistan Respublikasyna bolan sapary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Hindistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan tanyşdyryş sapary diňe bir bu dostlukly ýurduň baý taryhyny we medeniýetini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň häzirki zaman dünýäsinde çalt depginde ösýändigine hem göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Bu tanyşdyryş çäresine türkmenistanly wekiller bilen birlikde, Gazagystan, Özbegistan, Belarus Respublikasy, Gyrgyzystan, Täjigistan, Mongoliýa, Ermenistan, Gruziýa we Eýran ýaly döwletlerden hem köp sanly žurnalistlerdir döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär

Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Degişli mesele iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Astanada geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda bellenilişine görä, özbek-hytaý söwda dolanyşygy geçen ýyl 14 milliard amerikan dollaryna, şu ýylyň 5 aýynda bolsa 5 milliard 59 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijini ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksat edinilýär.

13 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynda oňyn ösüş depgini saklanýar. Bu barada iki ýurduň Prezidentleriniň Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen duşuşygyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň 6 aýynda rus-azerbaýjan söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarydyr.