"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Eýran: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we giň mümkinçilikleri

Redaksiýadan: häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki dostlukly halkyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar arkaly pugtalandyrýarlar. Şunda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermegiň möhüm şerti hasaplanýar. Ýakynda bolsa türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda saýlanyp alnan ýoluň dowam etdiriljekdigini tassyklamagy türkmen-eýran gatnaşyklarynyň-da mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynamy artdyrýar. Biz hem şular barada gürrüň bermegini sorap, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekiline ýüz tutduk. Ali Mojtaba RUZBEHANI,Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

Türkmen wekiliýeti Pakistanda geçiriljek «AgriTech: Feeding the Future» atly halkara foruma gatnaşar

28-nji awgustda Pakistanyň Karaçi şäherinde ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy we Yslam söwda we ösüş palatasy (ICCD) tarapyndan guralýan «AgriTech: Feeding the Future» atly halkara konferensiýa we sergi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Bruneýiň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Malaýziýanyň, Taýlandyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşarlar. Bu iri forumyň çäklerinde gatnaşyjylar sebitde agrotehniki mümkinçilikleri ösdürmek, iş gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana geçirildi

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar. Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleri taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezi açylar

Mälim bolşy ýaly, 27-28-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda «IIBF-2024» Halkara Yslam işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Has dogrusy, ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezini döretmek barada «Shaylan Group» türkmen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. «Türkmen hyzmatdaşlarynyň Ulýanowskda öndürilen konditer we gaplanan önümleri, günebakar tohumyny satyn almaga gyzyklanmasy artýar. Bu ýerde yslam maliýe ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlara pul serişdelerini bölüp bermek hyzmatyny ornaşdyrmak üçin «Shaylan Group» kompaniýasy bilen ylalaşyldy» diýip, TSTB-niň habarynda aýdylýar.

Azerbaýjan Sloweniýa tebigy gazy eksport edip başlady

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy («SOCAR») 1-nji awgustdan başlap, Sloweniýa tebigy gazyň eksportyny ýola goýdy. Şu ýylyň 17-nji iýulynda «SOCAR» bilen Sloweniýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan «Geopliniň» arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda, «mawy ýangyç» gysga möhletleýin Sloweniýa eksport ediler. Taraplar häzirki wagtda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça hem gepleşikleri alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, Sloweniýa Azerbaýjandan tebigy gazy import edýän dokuzynjy döwlet boldy. Azerbaýjan Sloweniýadan başga-da, Türkiýe, Gruziýa, Italiýa, Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa we Serbiýa ýaly ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün edýär.

2,5 esse artdy

Şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň ykdysadyýetine goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 2,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Merkezi bankyna salgylanyp, spot.uz saýty habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň ykdysadyýetine gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 5,32 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Netijede, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 esse ýokarlanypdyr.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hindistandan Özbegistana barýan ilkinji konteýner otlyny guraýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar. Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemiryollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlylarynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Golýazmalar — gymmatly hazyna

Paýtagtymyzda arap sungatyna we golýazmalaryna bagyşlanan çäreler geçirilýär Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna dostlukly döwletiň Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem-de Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy

Ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere göterilýär. Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalanmagyna gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Parasatly syýasaty parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi gazanmaklyga esaslanýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň abraý-mertebesini beýgeldýär. Şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýene bir möhüm ädimdir. Şeýle-de döwletimiz tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmak, ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda edilýän tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.   Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki döwürde oňyn hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly şertidir. Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen halkynyň parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk baradaky taglymatlary bäş müň ýyllyk taryhymyzdan gözbaş alýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgele

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ NETIJELI UGRY

Hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmekde oňyn netijeleri berýär. Şonuň üçin-de, ýurdumyz dünýä hem-de sebit döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Halkara giňişlikde

Bilelikdäki işiň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary A.Ekinji bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýylyň dowamynda ýokary hem-de iň ýokary derejede guraljak saparlara aýratyn üns çekildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyp, söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň, energetika, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýangyç-energetika: netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip

Düýn «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Mälim bolşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny kesgitlän möhüm resminamalara gol çekilipdi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary işjeň durmuşa geçirmek boýunça tagalla edilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda taraplar bu käni özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi gönüden-göni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň 2022 — 2024-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň dowamynda nebit-gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy. Şoňa görä, bu gezekki duşuşygyň esasy aýratynlygy “ADNOC” kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi bo

Türkmen-täjik gatnaşyklary: umumy ösüşiň bähbidine mümkinçilikleri utgaşdyryp

Pars şygryýetiniň ussady, täjik edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplanýan Rudakyda: «Dünýä ummana meňzeýär. Ýüzmek isleýäňmi? Ýagşy amallardan gämi gur!» diýen jümle bar. Şu hakynda oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda içeri we daşary syýasatda durmuşa geçiren beýik işleri bada-bat seriňe dolýar. Halkymyzyň häzirki eşretli durmuşynyň, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýeten belent derejesiniň gözbaşynda Milli Liderimiziň irginsiz tagallalarynyň durandygy hemmä mälim hakykatdyr. Şol geçen ýyllarda hut hormatly Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý syýasy tejribesi ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze derejä çykarylmagynda kesgitleýji şert boldy. Bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň şahsy ynanyşykly gatnaşyklary, hoşniýetli erk-islegi esasynda üstünlikli ilerledilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna-da mahsus aýratynlykdyr. Halkara gatnaşyklaryň tejribesi geografik taýdan ýakynlygyň, taryhy, ruhy, medeni umumylyklaryň meňzeşliginiň döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşine köp babatda oňyn täsirini ýetirýändigini subut edip gelýär. Şoňa görä, islendik iki halkyň birek-birege «Dostum», «Doganym» diýip ýüzlenmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Biziň ýurdumyzy goňşy Täjigistan Respublikasy bilen hem asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary bag

ÝUNESKO: Türkmenistanyň milli toparynyň maslahaty

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

23-nji iýulda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi

24-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşykda sammitiň we Işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seredildi, sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy barada pikir alşyldy.

80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar

Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň yglan eden hasabatynda mälim edilýär. Hasabata laýyklykda, 2023-nji ýylda deňiz ulaglary bilen amala aşyrylan dünýä söwdasynyň 30,1 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim ýokarydyr.