Şanly ýylyň batly gadamlary
Hawa, ýurdumyzda geçen 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda örän köp özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary, obalary döwrebap derejede düýpli özgerdi. Ýyl-ýyldan bolsa täze ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler, öňegidişlikler has-da artýar. Ynha, bu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda öňde goýlan birnäçe maksatlar bar. Olara mysal hökmünde: ýurdumyzda sanly ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek, şeýle hem bu maksat boýunça sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, şanly senä bagyşlanan ýurdumyzyň içinde we dürli halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, ýurdumyz boýunça birnäçe täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, oba hojalyk önümlerini wagtynda ösdürip ýetişdirmek we başga-da birnäçe pudaklaýyn maksatnamalar. Geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriniň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işlerini yglan etmek meýilleşdirilýär. Maksatlaryň iň esasysy hökmünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaranyň täze açyljak Hökümet münberinde geçiriljekdigini buýsanç bilen belläp bileris. Şol sebäpli Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli her ýylky geçirilýän dabaraly ýöriş şu ýy