«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna»
Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýmek bilen, mähriban türkmen halkynyň bir supranyň başynda jemlenmegini, agzybirlikde bir berkarar döwlete gulluk etmegini arzuwlap gezen Magtymguly Pyragynyň ähli arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak bagty miýesser eden bagtyýar raýatlarymyz öz akyldar şahyrynyň hormat-sarpasyny tutmakda, at-abraýyny beýgeltmekde hem dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şol beýik işleriň hatarynda paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny buýsanç bilen görkezmek bolar.