"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dogan gelýär dogan didaryn küýsäp

Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine bolan ýürek buýsançlaryny ýaşaýan ýerlerindäki beýleki halklaryň wekilleri bilen paýlaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt işleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmek işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi abraýly halkara jemgyýetçilik guramasy bolup, 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň I maslahatynyň karary esasynda döredildi.

Ýaşlaryň şäheri — watansöýüjiligiň dabaralanmasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlary watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidir, ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini pugtalandyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalar ýola goýulmalydyr. Geçen ýekşenbe güni Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyranda, ýaşlaryň şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň ýaş nesliň aňyna berk ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady we bu işde bilim işgärleri bilen bir hatarda ýaşulularyň hem bilelikdäki wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýaz ýakymly günler

Ajaýyp döwrümiziň şanly taryhyndan orun bermek üçin günlerimiziň her birinde müň bir sebäp bar. Şol günleriň içinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza şa gadamynyň, nazarynyň düşen günleri bolsa has aýratyn ýakyma eýe. Şol ýakymy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň her biri ömürboýy gursagynda göterýär. Sahypamyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şeýle ýakymly günleriniň birnäçesini ýatlap geçmegi makul bildik.

Diýarymyň ýüregi sen, Aşgabat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Ajaýyp binagärligi özünde jemleýän, milli öwüşginleri bilen göreni haýrana goýýan, hatar guraýan owadan binalaryň, önümçilik kärhanalaryň, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk maksatly desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Bu binalar diňe daşky gözelligi bilen däl, eýsem, ýokary hil derejesi, dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen hem tapawutlanýar. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejede geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp bolup, olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelýän Aşgabady binagärlik sungatynyň kämil nusgasyna öwürmek işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gözel paýtagtymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Açylyp ulanylmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy halkymyzyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil gö

Arkadagly Gahryman Serdarly ýeňişli ýollar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň çuňňur bähbidine ýugrulan mukaddes taglymatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde okgunly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyna, medeni-durmuş ulgamyna ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak döwlet syýasatynyň esasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bilen utgaşyp, halk bilen Watanyň birligini, bitewiligini emele getirdi. Ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bolsa sebitiň, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açdy.

Baky berkararlygyň bagty

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Dillerimiziň dessany

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň we özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bölümleriniň 27-si hereket edýär.

Baş baýram — göwünleriň tugy

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Geňeşli salamat bolar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek gününe bäş gün galdy. Nesip bolsa, gazetimiziň indiki sanynda taryhy mejlisden gelip çykýan netijeler bilen bagly makalalary dykgatyňyza hödürläris. Şeýle bolansoň, şu günler taryhy pursatlaryň bosagasynda durandygymyzy aýdyp bileris. Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk — döwürleriň ganaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny guwandyryjy üstünliklere, buýsançly wakalara besläp, uly dabara bilen belleýär. Müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly geçmişi bolan türkmen topragynda bu günler taryha altyn harplar bilen ýazylýan bagtyýarlyk döwrüniň şanly senesi — beýik Garaşsyzlyk toýy toýlanýar. Türkmen halky döwletliligiň, azatlygyň, galkynyşyň röwşen belentliklerine çykyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde, agzybirlik suprasynyň başynda bagtyýar ýaşaýar. 33 ýylda ädimme-ädim geçilen ýol, döwlet bilen halkyň ägirt uly tagallalary jemgyýetimiziň kämilligini, milletimiziň çuňňur paýhasyny, asyrlarboýy kemala getiren beýik taryhynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlygyň ýoly syýasy babatda-da, durmuş-ykdysady ösüşleri nazara alanyňda-da, uly taryhy zamananyň gerimine barabar döwürdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň milliligi döwlet syýasaty derejesinde belende galdyrmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu syýasaty paýhasly dowam etdirmegi jemgyýetçiligiň durmuşyna täsir eden oňyn çözgüt boldy.

Köňülleriň kelamy

Mähriban halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanyp, bagtyýarlygymyza buýsanyp, beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli bitirilen beýik işler kalbymyzdaky ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda beýik ösüşler gazanyldy, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk babatynda netijeli işler amala aşyryldy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürildi. Bu günki günde paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasy mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýan, uly höwes bilen gezelenç edýän ýerine öwrüldi. Berkarar Diýarymyzyň paýtagty gözel Aşgabat, beýik ösüşlerimiziň serweri Arkadag şäheri bu gün täze gurlan we gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täsin ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, medeniýet öýleri, sport desgalary, saglygy goraýyş edaralary bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty netijesinde, sözüň doly manysynda bedew bady bilen beýik ösüşleriň röwşen ýoluny külterleýär. Syýasatda, medeniýetde, ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikler ähli halkymyzy guwandyrýar. Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär, jemg

Daýhançylykdan döwlet tapan

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň hem «Bismilla» diýip başlap bermekleri bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň aglabasy eýýäm döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Il içinde janypkeş, saýlan işine ýürekden berlen adamlar bolýar. Olar başyna baran işine yhlasyny siňdirip, rysgal-döwlet gazanýarlar. Ine, Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany Penji Rozyýew hem şeýle adamlaryň biri.

Billerini berk guşap

Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ösüşiň aýdyň menzilleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi bu gün dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüler. Aslyny Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan halk bilen maslahatlaşmak ýörelgesi mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly syýasy-jemgyýetçilik waka öwrüljek taryhy forum türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçiriler. Maslahatda jemgyýetimiziň we döwletimiziň beýik ösüşlerine gönükdirilen möhüm çözgütlerdir kararlar kabul ediler. Ata-babalarymyzyň agzybirligiň we abadançylygyň synmaz sütüni hasaplanýan ýaşuly nesil bilen maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelgeleri häzirki wagtda hem öz güýjüni ýitirmän gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şol pähime we milli demokratik ýörelgelere eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy

Darganata mawzoleýi

Gadymy türkmen topragynda gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şeýle gadymy desgalaryň köpsanlysy welaýatymyzyň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň demirgazyk künjegindäki Darganata mawzoleýidir. Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda bolsa adybir arheologiýa gala-ýadygärligi ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan Horezme barýan şahasynyň ugrunda söwda kerwenleriniň we ýolagçylaryň düşlemekleri, dynç almaklary üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Gadymy Dargan şäheri hem şu ýoluň ugrunda ýerleşen Amuldan soňky ikinji uly duralga bolup hyzmat edipdir we öz döwründe gülläp ösen gür ilatly şäher bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Makdisiniň bellemegine görä, şol döwürde Horezme garaşly bolan Dargan sebitiň uly şäherleriniň biri hasaplanylypdyr. Ýaşaýşyň gülläp ösmegi şäheriň töwereginde birnäçe taryhy-medeni gymmatlyklaryň döremegine getiripdir. Gadymy Dargan şäherindäki mawzoleý bilen golaýda ýerleşýän galanyň özara arabaglanyşygynyň bardygyny bellemek bolýar.

Jümle-jahan habarlary

Üç ekranly smartfonlar

Nesilleriň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp, geňeşip çözmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär. Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

Dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylar

Häzirki günlerde polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dabaraly ýörişe gatnaşjak harby gullukçylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen geçirilýän çäreler bolsa, has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan ak mermerli binalar toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatyna dabaraly harby ýörişiň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Ýaragly Güýçlerimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi.

Jebisligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, onuň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalmagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň netijesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu il bähbitli döwlet çäresi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Bagtymyzyň gözbaşy Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Häzirki günlerde merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary we giň möçberli özgertmeleri, il bähbitli tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.