"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly toýuň şanyna

Mälim bolşy ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly bir şanly senä — baýramlaryň naýbaşysy hasaplanýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny belläp geçmeklige güýçli depginler bilen taýýarlyk görýär. Özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilip, Garaşsyzlyga eýe bolmak bagty, ençe asyr bu bagty arzuwlan ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda ýaşamak, Garaşsyzlyga guwanmak, onuň hözirini görmek bu günki bagtyýar raýatlarymyza miýesser etdi. Garaşsyzlygyň halkymyza berýän eşretlerini her bir pursatda duýup, görüp ýaşamak, buýsanmak döwletimiziň her bir raýaty üçin çäksiz guwanç, egsilmez şatlyk, ullakan bagtdyr. Her säherde dogup gelýän Gün bilen bäsleşip duran ýaşyl tugumyzyň mylaýym pasyrdysy Garaşsyzlyk mukamynyň başlangyjydyr. Her bir raýatymyz üçin mukaddes sena öwrülen bu mukam dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysy hökmünde dürli äheňde dowamly we sazlaşykly ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk — eziz Diýaryň ösüşli ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan baky bagtyýarlygyň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarymyzda taryh üçin gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bu gün ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän hem-de ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletinde her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ilerleýändigini, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýar.

Baky bagtyň şuglasy

Garaşsyzlyk — beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Häzirki günlerde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýarys, bu baýram mynasybetli guralýan dabaralar ýürekleri joşdurýar. Halkymyz mukaddeslik baýramyna toý sowgatlary bilen barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amal edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent derejelerine eýe boldy. Ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda belent sepgitlere ýetildi. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwürde bilim-terbiýe alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň Garaşsyzlyga guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, Garaşsyz Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmekleri barada döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri baradaky edilýän aladalara oňat düşünip, d

Döw­let­li mas­la­ha­tyň bo­sa­ga­syn­da

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Her ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­ýär. Oňa jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry we­kil­çi­lik­li gat­na­şyp, ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­ýar, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 24-nji sent­ýabr­da ça­gyr­mak we ony Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my Ka­rar ka­bul et­di.

Döw­le­ti­mi­ziň nu­ra­na keş­bi

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Ga­raş­syz­lyk — döw­le­ti­mi­ziň nu­ra­na keş­bi, gal­ky­nan yk­ba­ly­my­zyň ýü­zü­dir. Ol ýo­lu­my­za he­mi­şe ýag­ty­lyk, ru­hy dün­ýä­mi­ze gö­zel­lik çaý­ýan gym­mat­lyk­dyr. Her bir toý-baý­ra­my giň­den bel­le­ýän türk­men ili Ga­raş­syz­lyk to­ýu­ny hem ulu­dan bel­läp, özü­niň şat­lyk-şow­hu­ny­ny dün­ýä ýaý­ýar. Tyl­la güý­züň gu­ja­gyn­da ba­ky bag­ty­ýar­ly­gy­na, be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­na gow­şan türk­men hal­ky tu­tuş ýy­ly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne, be­ýik ösüş­le­re bes­läp, to­ýy sow­gat­ly gar­şy­la­ýar­lar.

Asu­da­lyk. Aba­dan­lyk. Ra­hat­lyk

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Her ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ry Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hök­mün­de da­ba­ra­lan­mak bi­len ýe­ne bir şan­ly wa­ka baş­lan­gyç ber­ýär. Bu ýer­de gür­rü­ňiň «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk ha­kyn­da bar­ýan­dy­gy­ny du­ýan oky­jy­lar onuň jem­gy­ýet­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ne dü­şün­ýän­dir­ler. Şo­nuň üçin hem dä­be öw­rü­len çä­re bü­tin ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len 2013-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk 30-njy sent­ýab­ra çen­li do­wam edýär.

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Ahal welaýaty: täze taryhyň şöhratly sahypalary

Watanymyzyň naýbaşy toýunyň bosagasynda gadymy Ahal ýaýlasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak buýsanjyňy artdyrýar. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem gysga taryhy döwrüň dowamynda asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleri, beýleki ilatly ýerler gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy. Bagtyýarlygyň şuglasy

Ösüş-özgerişleriň we beýik tutumlaryň zamanasy

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr.

Ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty, at-abraýy arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ata Watanymyz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylyp, bagtyýar halkymyz naýbaşy baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri miras galdyran, her bir işi il-gün bilen maslahatlaşyp eden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Täze taryhy eýýamyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimizi ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almak bilen, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri

Täze taryhymyzyň şamçyragy

Garaşsyzlykdan ganatly berkarar Watanymyz — köňülleriň aramy, döwürleriň şuglasy, dillerimiziň senasydyr. Ykballar ýylgyryp, ömürler güllände aýdyň geljege sary alyp barýan belent maksatly işler elmydama rowaçlyga hemra bolýar, günler, göwünler galkynýar. Berkarar döwletiň eýesi bolan türkmen halkymyz şeýle bagtyýar günleriň gadyryny bilip ýaşaýar. Bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň gözbaşy bolsa, elbetde, bu biziň Garaşsyzlygymyzdyr! Aýdyň maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin egsilmez ynam, yhlas, zähmet zerur bolup durýar. Eger bularyň haýsy-da bolsa biri kemlik edende, onda arzuwlar asgynlap, ýetilmeli ýeňiş menzilleri uzaklaşýar. Ýurduň berkarar, asuda, abadan bolmagy üçin hem ähli sanap geçen zerurlyklarymyzy bir sözde jemleýän «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje wajyp bolup, ol halky bagtyýar döwre ýetirýär. Geçmişi şöhratly türkmen halkymyzyň bolsa kalby erkinlik, parahatçylyk mukamyndan pürepür. Garaşsyzlykdan ganatlanan gözel göwünleriň howalasy bolsa elmydama älem gowulyklaryna sary ugur alýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler, gazanylýan üstünlikler, parahatçylyk söýüjilikli agzybir gatnaşyklar Garaşsyzlygymyzyň bize beren sylag-serpaýlarydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle diýýär: «Biz gadymy halk hökmünde hem, geçmişde beýik döwletleri guran halk hökmünde hem, dünýä ýol-ýörelge be

Pälwanlaryň pälwany

1961-nji ýylyň 9-njy aprelinde Gökdepäniň «Ahal» geňeşliginde Şyhberdi Meläýewiň agzybir maşgalasynda dördünji ogul dünýä inýär. Oňa Çaryguly diýip at dakýarlar. Ol doganlary bilen ene-atasynyň elinde önüp-ösüp kemala gelýär. Onuň agalary, esasan hem Gurbangeldi türkmen göreşi bilen meşgullanyp, dört jübütligi düzýän pälwanlaryň biri bolýar. Çary hem kiçiliginden agalaryna öýkünip başlaýar. Soň özbaşdak deň-duş oglanlary bilen mekdepdäki türkmen milli göreşi boýunça gurnaga yzygiderli gatnaýar. Çary 1979-njy ýylda TDU-nyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Talyp döwürleri hem Aşgabatda sungat mekdebinde okaýan halypasy Hanlyk bilen yzygiderli türgenleşýär. Şol döwürler Aşgabadyň merkezindäki 1-nji seýilgähiniň çäginde milli göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. 1984-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, öz obalaryndaky orta mekdepde işe başlaýar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Gender deňligi – demokratik ösüşiň hukuk binýady» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler gözel paýtagtymyzyň täze belentlikleri we gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary, gender deňliginiň hukuk binýady esasynda hem-de sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar şeýle döwrebap, ak mermerli sport mekdeplerinde we sport desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Daýanç BATYROW,

Ýollarymyz asuda bolsun!

Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly guralýar. Ýol hereketiniň howpsuz bolmagyny gazanmak hemmeleriň işidir. Sebäbi hadysasyz köçe-ýollarymyz her bir maşgalanyň abadan ýaşaýşynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir.

Sazlaşykly ösüşiň binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap topragymyz ata-babalarymyzyň mähri siňen, keremli erenleriň, alym-ulamalaryň, danyşment pirleriň ýaşan mesgenidir. Bu mekan ösen ylym-bilim gatnaşyklaryň, baý kitaphanalaryň, dilleriň, garaýyşlaryň, medeniýetleriň birleşen merkezi bolandygy bilen şöhratlanandyr. Asyrlaryň dowamynda müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçen bolsa, ýüzlerçe akyldarlar mähriban Watanymyzyň gujagynda dünýä ylmyna saldamly goşant bolan çuň mazmunly eserleri döredipdirler. Türkmen halkynyň içki dünýägaraýşyndan gözbaş alýan ynsanperwer däp-dessurlary, gurujylyk sungaty, edebi akabalary, döredijilik joşguny asyrlar aşa adamzat bähbitleriniň umumylygyna hyzmat edip gelýär. Güneşli Diýarymyzyň gujagynda önüp-ösen dana-akyldarlaryň bize miras goýan ylmy-döredijilik açyşlary, dünýä siwilizasiýasyna goşan gymmatlyklary gadymy Watanymyzy dünýä ylmynyň irki ruhy-medeni ojaklarynyň biri hökmünde tanadýar.

Eşretli durmuşyň hatyrasyna

Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, gysga döwrüň içinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda köp işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine eýerilmek bilen halkymyz ajaýyp zamanada ýaşaýar. Bu başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilip gelinýär. Ýurdumyzda demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän halk bähbitli çözgütler il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär.

Garaşsyzlygyň beren bagty

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenip bellenjek şanly seneleriň biri-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýudyr. Bu sene her birimiziň kalbymyza joşgun berip, Garaşsyzlyk bagtymyza buýsanmaga, Watanymyzyň geçen gysga taryhy döwrüniň dowamynda ýeten derejesine göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz gülläp ösdi, özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokary derejä çykdy, Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Bu ösüş-özgertmelere guwanç-buýsanjymyz çäksizdir. Şoňa görä-de, şanly toýa barýan häzirki şatlykly günlerde welaýatymyzyň ýaşlarynyň arasynda beýik döwrümiziň gadyr-gymmatyny, Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan asyrlara barabar ösüşdir özgertmeleri wagyz-nesihat edýäris.