"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda möhüm işler amala aşyrylýar. Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler geçirilýär. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, durmuş maksatly dürli desgalardyr binalar gurlanda olaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyrylýar we agaç nahallary oturdylýar. Täze binalaryň ulanyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg häsiýetnamalaryna uly üns berilýär. Ägirt uly giňişlikleri we täsin tebigy aýratynlyklary bolan Garagum sährasy ýurdumyzyň esasy tebigy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garagum sährasynyň ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi.

Sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgesi

Ekoabadançylygy üpjün etmek meselesi taryha giren geçen ýyla mahsus bolan ajaýyp sypatlaryň biri hökmünde ýadymyzda galdy. Ildeşlerimizde daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly garaýşyň kemala gelmegi, agaç nahallaryny oturdyp, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge şahsy goşant goşmaga ymtylýanlaryň sanynyň artmagy ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaşmak boýunça ýörelgeleriniň has dabaralanýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşky gurşawy, tebigatymyzy goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, biologiki dürlüligi baýlaşdyrmak boýunça geçen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmek, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmak hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitlerinde çölleşmäniň garşysyna göreşmek boýunça öňde goýýan wezipeleri geçen ýylda üstünlikli durmuşa geçirildi.

Döwrebap ekologiýa kanunçylygy — ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk halkara ekologiýa kadalary bilen sazlaşykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi, daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ekologiýa jähetleriniň ähmiýeti döwlet Baştutanymyzyň ählumumy hem-de sebitleýin çäklerde daşky gurşawy goramak babatda öňe süren öňdengörüjilikli başlangyçlarynda aýdyň şöhlelenýär. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda ýaş nesillerde daşky gurşawa aýawly garamagyň, tebigata bolan söýgini kemala getirmegiň wagyz-nesihat, guramaçylyk çäreleri asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, tebigat bilen gönüden-göni özara gatnaşykda bolmagymyz, her bir adamyň tebigata aýawly çemeleşmegiň, ondan rejeli peýdalanmagyň ahlak we hukuk borçlaryna bolan jogapkärçiligini pugtalandyrýar.

Ekologiýa abadançylygy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen has-da rowaçlanýar

Türkmenistan adamzat ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolan daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda dünýäde işjeň orun eýeleýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şu nukdaýnazardan hem döwletimiz möhüm meseleleriň biri bolan daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda möhüm başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň esasy düzüm bölegi hökmünde, ekologiýa howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramak bilen ilatyň abadançylygyny gazanmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň ykdysady, durmuş we ekologiýa ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramagyň milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşykda köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ekologiýa babatda milli hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalarynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökmany ýerine ýetirmek baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak

Gözelligiň goragy — ynsanperwerligiň belent nusgasy

Türkmenistan döwletimiziň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli milli özgertmeleriň ählisi raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary netijesinde, döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesi kabul edildi. Olar ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilen anyk işlerdir. Mukaddes Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, ekologiýa maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek meseleleri hem hukuk taýdan berkidilýär.

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

Milli Liderimiziň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlary jahana dolýar Mälim bolşy ýaly, Aral meselesi häzirki wagtda hem dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar. Ekologiýa heläkçiliginiň netijeleri Aral deňziniň ýakasynda, şeýle hem goňşy çäkde ýaşaýan millionlarça adamyň durmuş şertlerine täsir etdi. Dünýäde howanyň ählumumy üýtgemegi ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar.

Tebigaty goramak — parz

Senagat taýdan ösen häzirki zaman dünýäsinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ilkinji nobatda, daşky gurşaw bilen adamzat ýaşaýşynyň sazlaşygyny gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek wajyp bolup durýar. Şunda tebigy we içki täsirleriň netijesinde ýüze çykýan dürli ekologiýa ýagdaýlarynyň öňüni almakda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, süýji suwa mätäçlik babatdaky kynçylyklaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler häzirki zaman adamzat ýaşaýşynyň ilerlemeginde esasy şertleriň birine öwrüldi. Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ekologiýa meselelerini çözmekde ählumumy tagallalaryň zerurdygyny öňe sürüp gelýär. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy, howanyň maýlamagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan dürli hadysalaryň öňüni almak, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamak babatdaky başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe boldy. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Daşky gurşawy goramak, Araly halas etmek, Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak we bu deňzi özara dostlugyň, parahatçylygyň deňzine öwürmek, ykdysady mümkinçiliklerini deňhukukly peýdalanmak, Hazaryň geografik taýdan amatly şertlerini peýdalanmak ýaly ençeme umumadamzat ähmiýetli meselelerde-de Türkmenistanyň başlangyçlary

Daşky gurşaw we innowasion tehnologiýalar

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli milli maksatnamalar ekologiýa ýagdaýy bilen sazlaşykly amala aşyrylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli we maksadalaýyk içeri hem-de daşary syýasaty alyp barýar. Döwletimiz bu ugurda uly tejribe toplady we halkara derejede ekologik ýörelgelere hem-de kadalara eýermek arkaly, ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalary toplumlaýyn amala aşyrmakda uly möçberli işleri ýerine ýetirilýär.

Arkadagyň ekologiýa syýasaty

Häzirki döwürde Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we özboluşly gözelliklerini gorap saklamak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň netijeliligi hil taýdan täze derejelere çykýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramagyň ählumumy wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän täsirli ornunyň işjeňligini aýdyň subut edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip, tebigaty goramak bilen bagly gatnaşyklaryň hukuk binýady kepillendirilýär. Bu babatda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň hem ähmiýeti uludyr. Milli kanunçylygymyzda hereket edýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem hut şu maksada gönükdirilip, döwletiň daşky tebigy gurşawa we onuň düzüm birliklerine ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmek babatdaky işiniň netijeli hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Mi

Sähranyň dirilik çeşmesi

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň halk hojalygyny, oba hojalygyny ösdürmekde täze mümkinçilikler döredi. Kölüň taslamasy ekologiýa taýdan möhüm ähmiýetli innowasion taslama bolup, dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly umumadamzat meselelerini çözmäge ýurdumyzyň uly goşant goşýandygyny subut edýär. Garagumuň uly emeli suw howdanynyň sebitini özleşdirmegiň konsepsiýasynyň we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Bu ýerde täze durmuş-önümçilik toplumy kemala gelýär. Ymgyr sähranyň özleşdirilmegi, köl güzerinde täze obanyň döredilmegi ýurdumyzyň maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk pudaklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga we senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar. Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.

Suwy süýjetmegiň usullary

Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Halkymyzyň «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp, il bolar» diýip belleýşi ýaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherçeler, etraplar, obalar dörär. Täze mekanyň bagtyýar eýeleri boljak raýatlarymyz bu toprakda miweleri, baglary ösdürip ýetişdirerler. Şor suwlary süýji suwa öwürjek täze desgalaryň giden bir ulgamy peýda bolar» diýip belledi. Hut şu jähtden ugur alyp, häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny ulanyp Türkmenistanda duzly suwlary süýjetmek (duzsuzlandyrmak) üçin döwrebap suw arassalaýjy desgalary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bilşimiz ýaly, dünýä ýüzünde süýji suwuň ýetmezçiligi 40-dan gowrak döwletde duýulýar, esasan-da, bu ýurtlar gurak zolakda ýerleşip Ýer şarynyň üstüniň meýdanynyň 60 göterimini tutýar. Süýji suwuň ýetmezçiliginiň öwezini, esasan-da ummanlarda, deňizlerde we ýer astynda ýerleşýän duzly hem-de duzlurak suwlary süýjedip bolýar. Umman himiki maddalaryň äpet ammary bolup durýar. Onuň göwrümi 1,35 milliard km3 ýetýär. Ol Ýer ýüzüniň 72 göterimine barabar meýdanyny tutýar. Ýer şarynyň ähli suwunyň 97 göterimi dünýä ummanynda ýerleşýär. Onuň takmynan 2,1 göterimi suw polýar buzlarda we buzluklarda toplanandyr. Kölleriň, derýalaryň we ýerasty suwlaryň düzümindäki süý

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, tebigata bolan sarpany dabaralandyrýan agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň döwlet derejesinde geçirilmegi hem hut şu maksatlardan ugur alýar. Şahyryň:

Plastik önümlerden döredilen sungat

Türkmen oba hojalyk institutynda el işleriniň sungaty boýunça plastik önümlerden dürli görnüşli bezeg we beýleki işleri ýasamakda talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Onda talyp ýaşlaryň ençemesi biri-birinden täsirli işlerini hödürlemek bilen, özleriniň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarda daşky gurşawy arassa we aýawly saklamak babatdaky garaýşy, düşünjäni kemala getirmekden ybarat boldy. Gündelik durmuşymyzda ulanylan plastik gaplardan we beýleki önümlerden şeýle özboluşly hem-de täsirli el sungatynyň ajaýyp nusgasynyň döremegi belli bir derejede gurşawa düşýän zibilleriň azalmagyna itergi berýär. Elbetde, şeýle gyzykly hem-de täsirli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy şu günki ýaşlarda ekologiýa babatdaky düşünjäni kemala getirmäge ýardam edýär.