"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky»

Bag ekmek ýaly sogaply işler ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Häzirki döwürde iň gowy tejribä laýyklykda dürli görnüşli ekilmeli baglar saýlanyp alnyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary, eldar sosnasy, tuýa, arizonka, garaagaç, ýasen (dar-dar), çynar, ýaprakly tut, gyrymsy agaç, bag-bezeg gülleri ekilýär. Bu ösümlikler şäher ýerlerinde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse gowy bolýar. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Ekilen baglaryň daşky gurşawa we raýatlarymyzyň rahat ýaşamagynda, howany arassa kislorod bilen baýlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan — bagy-bossan

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly syýasaty netijesinde Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bu işler tebigaty gorap saklamak, ony geljekki nesillere aýawly ýetirmek bilen baglanyşykly bütindünýä işine goşulýan saldamly goşant bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglanyşykly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bag ekiljek ýerleri we nahallary taýýarlamaga, geçiriljek döwlet ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Il bähbitli, ekologik ähmiýetli bu ählihalk bag ekmek dabarasy, ilki bilen, ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem örän zerurdygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi her ýylyň ýazky we güýzki köpçülikleýin bag ekmek çäresi ilatly ýerleriň, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, raýatlaryň arassa howadan dem almagyna, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna mümkinçilik döredýär. Öz çäklerini barha giňeldýän ak mermerli Aşgabat hem-de sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherleriniň eteklerinde kemala gelýän şeýle

Ylhamyňa ylham goşýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda 9-njy noýabrda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup agzybirlikde gatnaşýarlar. Şol gün mekdebimiziň daş-töwereginde miweli we saýaly daragtlaryň nahallarynyň ýüzlerçesini oturdarys, öňden bar bolan daragtlaryň bolsa düýplerini ýumşadarys. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalary mähriban Diýarymyzyň mukaddes topragyny has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bag ekmek işi hakyky watançylyk hereketine öwrüldi. Bu asylly hereketiň üsti bilen mähriban Watanymyza, dogduk depämize söýgimiziň, dürli ýatlamalarymyzyň, asyl bütin durmuşymyzyň tebigat bilen baglanyşyklydygyny ýaşlarymyza öwüt-ündew edýäris. Ýaşlar tebigatyň ylhamyňa ylham goşýan güýjüniň bardygyna sogaply işe agzybirlikli gatnaşanlarynda we bilelikde zähmet çekenlerinde göz ýetirýärler. Biz olara ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we tebigy baýlyklaryň üstüni ýetirmek, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesi üçin oňaýly ekologiýa şertleriniň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hem gürrüň berýäris. Ýurdumyzda tebigata hormat goýmak, onuň baýlyklaryna aýawly garamak medeniýetiniň doly de

BAG EKMEK – ÖMRE DOWAMAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny özgertmek, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek barada giň möçberli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak meselelerine uly üns berýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri güneşli ülkämiziň ähli künjeginde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmaga, ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan kislorody köpeltmäge, howany arassalamaga, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga we durnukly saklanmagyna gönükdirilen syýasatdyr. Ýurdumyzda bagçylygy ösdürmek üçin gurply ýerler, suw we amatly howa şertleri bar. Bu bolsa ýurdumyzy bagçylygyň ösen mekanyna öwürmäge mümkinçilik berýär. Geljekki baglaryň hasyllylygy hem-de uzak ömürliligi köp derejede nahalhanalarda ýetişdirilýän nahallaryň hiline we sort arassalygyna baglydyr.

Baglar — tebigatyň gözelligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak barada aýdanlary halkymyzda şatlyk duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiz her bir işde pederlerimizden gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelere, asylly däplere eýerýär. Gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda-da bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda we özüniň gatnaşmagynda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär. Şonuň çäginde güneşli Watanymyzyň giň çäklerinde täze tokaý zolaklary emele gelýär, daş-töweregimiz bagy-bossanlyga bürenip, türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Dürli görnüşli baglar, güller, bezeg ösümlikleri bu gün obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşýar.

Güýzki bag ekmek möwsüminiň bosagasynda

Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möwsüme gowy taýýarlyk görmek bilen bagly degişli işleri geçirmek barada ýörite tabşyryk berdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, Mili tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant bolar. Türkmenistanda tebigaty goramak, ondan netijeli peýdalanmak, ekologiýa syýasaty babatdaky milli kanunçylyk binýady barha kämilleşdirilýär. Halkara ylalaşyklardaky möhüm hukuk kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we ýörite kanunlarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip beýan edilmegi biziň ählimizi bu tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary gözümiziň göreji deýin goramaga borçlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlary

Eko­lo­gi­ýa we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýa­şa­ýan gurşawymyz — bu bi­ziň öýü­miz. Ony go­rap sak­la­mak ýer ýü­zün­de ýa­şa­ýan her bir yn­sa­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy hök­mün­de döw­le­tiň eko­lo­gik we­zi­pe­si onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­le­ri­niň ul­ga­myn­da aý­ra­tyn orun tut­ýar. Jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň art­ma­gy, eko­lo­gik ýag­da­ýyň ýi­ti­leş­me­gi döw­le­tiň içer­ki we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de öz­baş­dak eko­lo­gik we­zi­pä­niň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­di. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­bi­gy se­riş­de­ler ada­myň ýa­şaý­şy­nyň we işi­niň esa­sy hök­mün­de re­je­li peý­da­lan­ma­ga we go­ral­ma­ga de­gişl­dir. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ada­myň, ra­ýa­tyň eko­lo­gik hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýar, ke­pil­len­dir­ýär.

Dünýäniň we ýaşaýşyň bezegi

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi. Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Ýene bir zerur bellemeli ýagdaý döwletimiziň ekologik syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Hut şonuň üçin ýurdumyzda oba-kentlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag ekmek işi sogap işe öwrüldi. Sogaply işleriň netijesinde tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Ruhuňy göterýän owadan güllerdir ýaşyl öwsüp oturan saýaly we miweli baglar şäherlerimize w

Ýaşyl dünýä, arassa gurşaw

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa şert­le­ri üp­jün et­mek hem­de Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­ giň ge­ri­me eýe­dir.

Suwly ýer – gülzar

Ata-babalarymyz suwa keramat hökmünde garapdyrlar. Suwdan tygşytly peýdalanmagy ýagşy endik, adat hökmünde nesillere miras goýupdyrlar. Milli terbiýe mekdebimizde hatda bol suwuň kenarynda, akar ýabyň boýunda, gözbaşynda oturan hem bolsa türkmen suwy bisarpa tutmandyr, isrip etmändir. Biz muny ýazuw edebiýatymyzdan, nesilden-nesle geçip gelen yrym-ynançlarymyzdan bilýäris.

Döwrebap terbiýäniň möhüm ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçmek bilen, şolaryň biriniň hem ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi bolup durýandygyny belleýär. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemek wajypdyr. Çünki her bir ýaş nesil tebigata öz öýi ýaly garap, serenjam berse, hormat goýsa, «ýaşyl» ykdysadyýete goşant bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu babatda sapak geçilip, ekologiýa medeniýetini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden-de, tebigaty goramak, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu ugurda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar.

Ekologiýa medeniýetini kemala getirmek

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yn­san­per­wer çöz­güt­le­ri esa­syn­da sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş şer­ti­ni jem­gy­ýe­te or­naş­dyr­mak­da, türk­men hal­ky­nyň ru­hy baý­ly­gy­ny dün­ýä çy­kar­mak­da, dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de ýurt­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li gu­rul­ýan en­çe­me be­den­ter­bi­ýe we sag­lyk bi­na­la­ry, za­ma­na­bap sport we sag­lyk top­lum­la­ry il­deş­le­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li tür­gen­leş­ýän ýer­le­ri­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da «Olim­pi­ýa» şä­her­çe­si­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, bu owa­dan kün­jek­de ýurt we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ryň en­çe­me­si ge­çi­ril­ýär.

Tebigatda Watan keşbi

Türkmenistan dünýäniň we sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly yzygiderli oňyn başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurda işjeňlik görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň belent münberinden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi Aziýadaky ekologiýa meseleler barada eden möhüm çykyşy hem dünýä ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Şonda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürdi. Bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgütleri bilen baglydygyna uly üns berýär. Bu ýörelge «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz anyk beýanyna eýe boldy.

Ýönekeý endikler — uly güýç

Daşky gurşawyň abadançylygyna döwrüň iň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde garalýan zamanada tebigat barada aladalanmak her bir adamyň borjudyr. Häzirki wagtda bütin dünýäde millionlarça adam ekologiýa abadançylygy bilen bagly bilýänlerini durmuşa geçirmek we beýlekilere öwretmek arkaly planetamyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy wagyz etmäge gatnaşýar. Önümçilik kärhanalarynyň sanynyň artmagy, adamlaryň daşky gurşawa biperwaý garamagy we tebigy hadysalar ekologik sazlaşygyň bozulmagyna sebäp bolýar. Agaçlar, ýapraklar, miweler ýaly tebigy närseler peýdalanylandan soň, gysga wagtda dargap, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden ýitip gidýär. Emma uglewodorodlardan taýýarlanylýan we beýleki himiki maddalaryň goşulmagy esasynda öndürilýän plastmassa ýaly önümler suwda-da, açyk howada-da uzak wagtlap saklanyp bilýär. Bu bolsa diňe bir ynsanyň däl, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşy üçin oňaýsyzlyklary döredýär. Ummanlardan we deňizlerden ýarym asyr mundan ozal zyňylan plastik gaplaryň tapylmagy bu hakykata aýdyň delildir. Biz hem gündelik durmuşda plastik galyndylary mümkingadar az peýdalanyp, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak bilen bagly maslahatlary paýlaşmagy makul bildik. Polietilen torbalary artykmaç ulanmakdan saklanyň!

Daşky gurşawyň abadançylygy — ýaşaýşyň abatlygy

16-njy sentýabr — Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni Her ýylyň 16-njy sentýabry Ozon gatlagyny goramagyň halkara günüdir. Häzirki wagtda ozon gatlagyny goramak meselesi dünýäde iň möhüm global meseleleriň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda atmosfera we onuň düzüm bölegi bolan ozon gatlagyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramaga gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek babatda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň güwäsi

Ýurdumyzyň dünýäde abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, tebigy serişdelerden rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmegi üstünlikli amala aşyrmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir göz

Bu biziň tebigatymyz

Hazar deňziniň aýratynlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününiň halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçilmegi hemmeleriň kalplaryny milli buýsanja gaplady. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.

Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işjeň meýletinçileriniň taýýarlygyny berkitmek maksady bilen geçirilen okuw sapagy gözel tebigatymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmeklige bagyşlandy. Okuw çäresiniň meýilnamasy raýatlaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň esasyny düzýän tebigatymyzyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny we aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen meselelerden düzüldi. Meýletinçiler ýurdumyzyň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň BMG-nyň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, her ýyl köpçülikleýin bag ekişlik çäresini geçirmek, tokaýçylygy ösdürmek, zir-zibilleri aýyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly sowal-jogap alyşmalar okuw sapagynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ähmiýeti

Biziň ata-babalarymyz suw hakynda: «Suw akar — göz bakar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw» diýen ýaly ençeme nakyllary we ganatly sözleri döredipdirler. Elbetde, ýurdumyzda suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemme şor suw akabalarynyň suwlaryny bir köle ýygnamak üçin 2000-nji ýylyň awgust aýynda Merkezi Garagumda «Türkmen kölüni» döretmek hakynda» taryhy karar kabul edildi. 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 15-ne «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy boldy.

Döwrüň derwaýys meselesi

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe uly üns bermeginiň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda geljekki nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ähli ulgamlarda ekologiýa  howpsuzlygyny üpjün etmekde alnyp barylýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň gözelliklerini  goramak babatda dine bir ýurdumyz boýunça  däl, eýsem, halkara derejede hem  nusga alarlyk  işler amala aşyrylýar. Döwletimiz ekologiýany goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna  girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup  barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.