"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ahalda dürli bag nahallarynyň 80 müňden gowragy oturdyldy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy gadymy Ahal ýaýlasynda hem özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi.  Ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda welaýatyň çäginde dürli bag nahallarynyň jemi 80 müň 170 düýbüni, şol sanda saýaly we pürli bagyň 47 müň 910, miweli bagyň we üzümiň 32 müň 260 düýbüni oturtmak göz öňüne tutuldy. Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň, daýhan birleşikleriniň, şeýle-de giň ýaýlalaryň ýörite kesgitlenen ýerleriniň bu asylly çäre üçin birkemsiz taýýarlanyp, gerek möçberdäki ýaş bag nahallary bilen üpjün edilmegi ählihalk bag ekmek dabarasyna guramaçylykly başlamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.    Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda halkyň Arkadagly zamanasyna, eziz Diýarymyza, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip at berlen täze taryhy döwre buýsanç, joşgunly ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy.

Abadan ýaşaýşyň gönezligi

Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmak we oňa hyzmat etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyzdyr. Şeýle işleri durmuşa geçirip iş ýüzünde amal etmek daş-töweregiň tämizligini üpjün etmekden başlanýar. «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip Gahryman Arkadagymyz jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda döwletimizde ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar. 2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitiniň maksatnamalaýyn resminamasynda «2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda Gün tertibi» kabul edildi. Resminama maksatlaryň 17-sini özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.

Ählihalk bag ekmek dabarasyna

Bag nahallary ýetişdirilýär Ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda däp bolan ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi özboluşly mana eýedir. Çünki Nowruzda gyş ukusyndan oýanan ene toprak jana gelýär. Şu pursat oňa oklanan däneler, tohumlar, oturdylan nahallar gögerip başlaýar.

Ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy baýramyň öň ýanyndaky baýramçylyk

Il içinde «Daragtlar adamlara meňzeýär» diýilýär. Olar, çyndanam, adamlara — olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr baglaryň esasy wezipesi — ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin zerur bolan arassa howany bölüp çykarýarlar. Eýsem, olaryň diňe şu hereketleriniň özi ýagşylygyň iň ýagşy nusgasy dälmi näme?! «Ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýen dana pähimi ýada salalyň! Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletimizi dolandyran ýyllarynda bu pähim baglar babatda-da özüniň subudyny tapdy. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň hut özi agaçlara ideg etmeklige, bag ekmeklige aýratyn üns berip, güneşli ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek üçin edilýän tagallalaryň başynda durýar, ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işde ähli halka görüm-görelde görkezýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyz günsaýyn gür baglyga, sergin howaly jenneti mekana öwrülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda edilýän işlere mysal hökmünde ýurdumyzda her ýylda güýzki we ýazky bag ekmek möwsümleriniň geçirilip, millionlarça agaç we bag nahallarynyň oturdylmagyny görkezmek bolar. 2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahalynyň ekilmegi ýu

Agaçlaryň peýdasy barada käbir maglumatlar

■ Bir düýp agaç ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Bu mukdar üç sany ynsanyň ýylboýy arassa howadan dem almagyna mümkinçilik döredýär. ■ Agaçlaryň howany sazlaýjy hökmünde bitirýän hyzmatlary hem bimöçberdir. Has hem yssylygy özüne çekýän asfalt ýollar, beton binalar köp bolan uly şäherlerde dogry gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň temperaturasynyň 10 — 12 gradus salkyn bolmagyna ýardam edýär.

Sogaply işiň sahawaty

Her ýyl Diýarymyzda saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Jemgyýetçilik taýdan bähbitli bolan köpçülikleýin bag ekmek ýörelgesi ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, ýurdumyz tutuş adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşýar. Alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Agaçlar plast ikleri arassalaýar

Germaniýaly alymlar gaýyň agaçlarynyň howadaky mikroplastikleri özüne çekýändigini anykladylar. Bu açyşyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsirli boljakdygy bellenilýär. Ylmy barlagy «Studio Austen », IGB we Nemes Ýer bilimleri barlag merkeziniň alymlary amala aşyrdylar. Geçirilen barlagda gaýyň agaçlarynyň we beýleki uzak ýaşaýan agaçlaryň mikroplastikleri özüne çekýändigi we dokumalarynda saklaýandygy ýüze çykaryldy. Gaýyň agaçlary köp wagtdan bäri senagat galyndylaryny we metal külkelerini özüne siňdirýändigi sebäpli zeper ýeten tebigaty dikeltmek üçin ekilýär. Netijeleri «Biofuels Digest » neşirinde çap edilen bu ylmy işde mikroplastik monjuklar gaýyň agajynyň köküniň golaýyna, topraga garylypdyr. Bäş aýdan soňra agajyň köki barlananda mikroplastikler tapylypdyr. Täzegül ÝUSUPOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Bir na­hal ek­seň, öm­rüň ba­ky

Şu ýy­lyň 11-nji few­ra­lyn­da geçirilen Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne hem aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hal­ky­myz­da bag ek­mek, idet­mek so­gap hem ha­ýyr­ly iş ha­sap­lan­ýar. Bag ba­ra­da bir­nä­çe aýt­gy­lar, pä­him­ler, pa­ra­sat­ly söz­ler bar. Gor­kut ata­nyň: «Bir na­hal ek­seň, öm­rüň ba­ky» diýip, bag ba­ra­da aý­dan pä­hi­mi mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär.

«Tug reňli baglar sendedir...»

Baharyň tebigata jan berip, töwerek-daşy gözel görnüşe beslemegi adamlara ruhubelentlik eçilip, özboluşly baýramçylyk joşgunyny emele getirýär. Şeýle günlerde tebigata çykmak, onda-da bu görkana görnüşe goşandyňy goşmak her birimizde ýakymly duýgulary döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň çar künjeginde bag ekmek dabaralarynyň ýaýbaňlanmagy bolsa indi halkymyzyň özboluşly dessuryna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem bu ajaýyp dessuryň şu ýylky dowamyna badalga boldy. Ýurdumyzda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy her ýylda Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilýär. Çünki gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramda ýaşyl nahallaryň ekilmegi iň bir gowy maksatlaryň kalba beslenmegini alamatlandyrýar. Munuň özi ekýän nahallarymyz ýaly, her birimiziň Watan üçin amala aşyrýan işlerimiziň düýp tutup, ösüp, halka, şu topraga eşret eçilmegi baradaky pelsepedir.

Biologik serişdeleriň aýawlylygy

Hormatly Prezidentimiziň ekologik syýasatyny amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny düzýän kanunçylyk namalarynyň biri hem «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Ol 2011-nji ýylda kabul edilip, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanun 10 bapdan, 52 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Türkmenistanyň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri suwuň bioserişdeleriniň köpeldilişine, goralyşyna döwlet gözegçiligine, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň rejeli peýdalanylyşyny dolandyrmaga, suwuň bioserişdeleriniň monitoringine, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini goramaga esaslanýar.

Ýaşyl tebigat — ýaşaýyş

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny, arassa ekologiýa gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabatda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdyldy. Bag ekmek ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan sogaply işiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Oňa laýyklykda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we merjen şäherimiz Aşgabatda ýaşyl zolaklaryň täze tapgyry dörediler. Munuň özi eziz Watanymyzda arassa howa gurşawyny döretmekde, halkymyzyň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşyny üpjün etmekde nobatdaky möhüm ädim bolup durýar.

«Bagym bar, barym bar»

Uly ruhubelentlik bilen dowam edýän 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen halkynyň ata-baba däbine öwrülen bag ekmek ýörelgesi bu günki gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş türkmenistanlylaryň kalbyna aram, ýüregine joş, dünýäsine eşret goşýar. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, atalarymyzdan ogullara — häzirki türkmen nesillerine çenli dowam edip gelýän bu asylly ýörelgämiziň asyl manysy bagdyr bakjalaryň ekilmeginiň adam saglygyny berkidýändigi bilen baglanyşyklydyr. Baglar — ylham çeşmämiz, saglygymyzyň gözbaşy, arassa howamyzyň Ýer ýüzüne dolmagynda iň möhüm serişdämiz bolup durýar. Saglygy döwlet baýlygyna deňäp, özüne baş ýörelge edinip, «Saglygym — baş baýlygym» diýýän türkmen halkymyz soňky ýyllarda, hususan-da, asylly däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyna uly joşgun, hyjuwdyr isleg bilen gatnaşýar. Köpetdagyň eteginden başlap, mukaddes Watanymyzyň her garyş topragyny bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Bagy-bossanly mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna ideg etmek işleri talabalaýyk dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 20-nji mart güni ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy guralar. «Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumlarynyň içindedir» diýen pähim bar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler hemişe şanly geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilýär. Umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlar yzygiderli geçirilýär.

Bagy-bossanly Diýar

Halkymyzda «Bag eken baky ýalkanar» diýen nakyla öwrülen jümle bar. Bu çuň manyly jümläniň aňrysynda bag ösdürip ýetişdirmegiň, oňa ideg etmegiň örän asylly we sogap işdigi hakdaky hakykat dur. Bu gün Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän giň göwrümli, maksatnamalaýyn işler ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, gymmatly wesýetlerine berk eýerilip, olaryň täze döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýandygynyň buýsançly subutnamasydyr. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär hem-de Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça şeýle asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri işjeň goşulýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeginde pürli, saýaly we miweli baglaryň on millionlarça düýbüniň oturdylyp, täze ýaşyl zolaklaryň emele gelmegi güneşli Diýarymyzy bagy-bossanly mekana öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygynyň görkezijisidir. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda 25 million, 2021-nji ýylda bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna 30 million düýp miweli, saýaly, pürli baglaryň hem-de üzümiň ekilendigini bellemek has-da ýakymlydyr.

Tokaýlaşdyrmagyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilýän emeli tokaý zolaklarynda ekilýän sosna, arça, tuýa, ak akasiýa, derek, söwüt we dub agaçlary fitonsid maddasyny bölüp çykarýarlar. Bu madda adamyň we haýwanlaryň saglygyna zyýan berýän keselleriň mikroorganizmlerini hem-de bakteriýalaryny ýok etmek hasiýetine eýedir. Alymlaryň pikiriçe, pürli agaçlaryň tokaýlygynda kesel dörediji bakteriýalar saýaly agaçlaryň tokaýlygyndan 2 esse az bolýar. Mysal üçin, bir gektara ekilen arçalar gije-gündiziň dowamynda 30 kilograma golaý fitonsid bölüp çykarýarlar. Sosnanyň bölüp çykarýan fitonsidi inçekeseli dörediji bakteriýany ýok edýär. Gara derek özünden köp kislorody bölüp çykarýan agaç hasaplanýar. Ol örän çalt ösýär hem-de bir ýylyň dowamynda 100 kub kislorody bölüp çykarmak ukybyna eýedir. Hasaplamalara görä, gara deregiň ösüş döwründe bölüp çykarýan kislorodynyň möçberi tutuş gury agramyndan 1,32 esse, şeýle hem onuň gury agramyndan howadan sorup alýan kömürturşy gazynyň agramy 1,82 esse köpdür. Şeýle hem gara derek howanyň ýere golaý gatlagynyň arassalanmagyna ýardam edýär. Ol 35 metr beýiklige çenli ösýär hem-de 300 ýyla golaý ýaşaýar. Bu agajyň kölegesiniň salkynlygy howanyň yssy wagtyndakydan 20 göterim pes bolýar.

Tebigaty goramak — borjumyz

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bag nahallaryny oturtmak toplumlaýyn çäreleriň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekildi. Şol Karary ýerine ýetirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakda Karara gol çekdi. Onda şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. Şonuň 1,5 millionyny Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar, 1,5 millionyny welaýat häkimlikleri eker. Şeýle hem olara miweli bag we üzüm nahallaryny aýratyn kesgitlenen ýerlerde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Wodorod energetikasynyň mümkinçilikleri

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek hem-de howa zyňylýan kömürturşy gazyny azaltmak üçin ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary ulanmak meselesi örboýuna galýar. Şundan ugur alnyp, nebiti we kömri ýangyç hökmünde ulanmaga bolan isleg peselip, olar ekologiýa taýdan arassa tebigy gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen çalşylýar. Geljekde netijeli energiýa çeşmelerini ösdürmek we howany zyýanly zyňyndylardan arassalamak ugrundaky çärelerde wodorod energetikasyna uly orun degişli bolar diýlip çaklanylýar. Wodorod dünýäde iň giň ýaýran elementleriň biridir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, älemdäki ähli elementleriň düzüminiň 99 göterimi wodoroddan ybaratdyr. Ýer togalagynyň jümmüşinde hem wodorodyň ägirt uly gorlary bolup, onuň iň giň ýaýran ýüze çykmasy suwdur. Suwuň molekulasy iki wodorod we bir kislorod atomyndan ybarat. Häzirki wagtda önümçilikde ulanylýan wodorod diňe emeli usulda öndürilýär. Soňky ýyllarda wodorody gazylyp alynýan çig mallardan almak usuly tehnologiýa taýdan özleşdirildi.

Bag — barlyk hem baýlyk

Türkmençilikde daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmeklige ähli döwürlerde hem borç hökmünde garalypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Älemgoşarly ýaz paslynyň ajaýyp görnüşlerinden kalby hyjuwly halkymyz daş-töweregimiziň gülzarlyga beslenmegine ähmiýet berýär. Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna getirýär, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda baharyň ilkinji günlerinde bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede — hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrüldi.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 14-20-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +l...+3o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.