"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Daşky gurşawyň abadançylygy ugrunda

Tebigat we onuň eçilýän peşgeşleri adamzadyň gündelik ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny we möhüm bähbitlerini kanagatlandyrmakda ilkinji çeşme bolup hyzmat edýär. Arassa, amatly daşky gurşaw ynsan bedeniniň sagdynlygy, zehininiň we durmuşynyň kämilleşmegi, ömür dowamlylygynyň uzalmagy üçin esasy mümkinçilikleri berýär. Şu jähetden, türkmen halkynda has irki döwürlerde tebigatyň öz kanunyna kybap gelýän tazylaryň, elguşlaryň awy bilen kanagatlanylyp, töwerek-daşyň durkunyň abatlygy, mes topragyň berekediniň artmagy gazanylypdyr. Tebigatyň örüsiniň egsilmegine getirip biljek biperwaý hereketler berk ýazgarylypdyr. Kärizdir guýulary gazmak, jykyrlary we bentleri gurmak tärleri oýlanyşykly özleşdirilip, ekerançylyk meýdanlary giňeldilipdir. Biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän ter hem-de ýokumly azyk önümlerinden, maddy we ruhy gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanylmagy jemgyýetiň edep-ahlak kadalaryna ornaşdyrylypdyr. Şypaly ösümliklerden dermanlyk serişdeler taýýarlanyp, keselleriň bejeriş-öňüni alyş tejribesi ösdürilipdir. Şeýlelikde, halkymyz tebigatyň abadançylygynyň sagdynlygyň baş şertidigi baradaky çuň garaýyşlary hem-de ony baýlaşdyrmagyň we goramagyň medeniýetini biziň günlerimize ýetiripdir. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işi tebigy serişdelere paýhasly çemeleşmek bilen baglanyşykly milli adatlaryň we gadymy bagbançylyk däpleriniň döwrebap dowamy bolup, daşk

Durmuşymyzyň we dünýämiziň bezegi

Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmek işine halkymyz örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu baharynda-da milletiň asyrlaryň jümmüşinden kök alyp gaýdýan bag ekmek ýörelgesiniň rowaç gadamlary zamanamyzyň belent ruhy bilen utgaşyp, göwünlere galkynyş paýlady. Bu çäre ekologiýa abadançylygynyň barha pugtalandyrylýandygynyň mizemez subutnamasydyr. Geçen ýyllarda ýurdumyzda tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi, möhüm kanunlar, kararlar kabul edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar.

Döwletli tutumlar — halkyň bähbidine

Taryhy günler ykballara özgeriş bagyşlaýar. Häzirki ajaýyp günlerde ykbalymyzyň şeýle möhüm wakalara dahylly bolýandygyna diýseň buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň dowamaty, mynasyp şägirdi bolan Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň röwşen günlere utgaşjakdygyny öz çykyşlarynda aýratyn nygtamak bilen, kalby kanagatly ilimiziň gursagyna çäksiz hoşallyk we ruhubelentlik duýgularyny bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljekki nesiller üçin haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak we olaryň biologik köpdürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi tygşytly, rejeli peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek babatda giň gerimli işleriň geçiriljekdigini nygtady. Tebigat, tebigy serişdeler ýurduň kuwwaty, gymmatly baýlygydyr. Olaryň yrýasyz we dürs peýdalanylmagy geljegimiziň ygtybarlylygynyň kepilidir. Ata Watanymyzda ýene-de sanlyja ýyllardan birnäçe iri tokaý zolaklary we haýwanat dünýäsiniň baý genji peýda bolar.

Ekologiýa abadançylygy — halkyň bagtyýarlygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda ulag ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini synlap, bu keramatly toprakda doglandygyňa, onuň ajaýyplyklarynyň şaýady bolup ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar. Diýaryňa bolan guwanjyň has-da artýar.

Bag — gözellik, miwesi — lezzet

Güneşli Diýarymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Bag ekmek, ony idetmek, hasyl ýygnamak adamyň ruhuny göterýär, ýüregini joşduryp, ýakymly lezzet berýär. Bag ekmek ýaly asylly däbi gadymdan bäri ýörelge edinen halkymyzyň edebi döredijiliginde ir-iýmişleriň waspy çeper beýan edilýär. Miweli agaçlaryň mesgeni bolan ata Watanymyzda özüniň süýji tagamy bilen belli bolan üzüm, alma, erik, tut, şetdaly, garaly ýaly agaçlar diňe datly miwe bermän, eýsem, howany arassalamakda, ynsan ruhuny götermekde hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäresi geçirilýär. Bu köpçülikleýin çäre şu ýyl 23-nji martda geçirildi. Oňa ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar. Bag ekmek işleri biziň etrabymyzda hem uly guramaçylyk bilen geçirilýär. Biz hem şol bag ekmek çärelerine mekdebimiziň agzybir işgärleri we okuwçylary bolup işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň daş-töweregine ýaşajyk miweli we saýaly agaçlary oturtdyk.

Bagy baryň saýasy bar

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ajaýyp tebigy gözelliklere baý ýurdumyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek wajyp wezipeleriň biridir. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda sebitde ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan saýaly we pürli bezeg agaçlarynyň, gülleriň täze görnüşleriniň tohumlarydyr nahallaryny getirip oturtmak, ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak işlerine giň gerim berildi. Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapyp, biziň günlerimize gelip ýeten «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleleri halkyň durmuşynyň içinden syzylyp çykan hakykatdan gözbaş alýar. Dogrudan-da, bagyň bolsa, saýaň-da bolýar, miwäň-de. «Kesewini gögerdip bilýän» keremli türkmen topragynda islän daragtyň, islän ekiniň kök urup, miwe getirip, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzyň tekjelerini dolduryp, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmiş, bakja we gök ekin önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 28-i — aprel aýynyň 3-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzakmöhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy gazanýan ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär. Elýeterli we arassa energiýa bilen halkymyzyň doly derejede üpjün edilmegi energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, olaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak  we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip, belläp geçdi.

Döwletli ýollaryň dowamy

Adam bu gün başlan işleriniň ertirki gün dowam etdiriljekdigine ynansa, kalby kanagatly bolýar. Ata-babalarymyz hem tebigat bilen örän ysnyşykly ýaşapdyrlar. Tebigaty iýmit çeşmesi hökmünde peýdalanyp, azyk önümlerini öz elleri bilen, alyn derlerini siňdirip ýetişdiripdirler. «Adam eli gyzyl gül» diýip dogry aýdypdyrlar. 20-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek  maksady bilen amala aşyryldy. Bu dabaraly çäre  «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda geçirildi.

Ylmy mümkinçilikler we tejribe

XXI asyrda ekoabadançylygy üpjün etmek wezipesi goja Zeminiň dünýä halklarynyň hemmesiniň umumy öýüdigine göz ýetirmegi netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda iri möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çölleşmä garşy göreş, bioköpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de köpsanly beýleki ugurlar boýunça ylmy mümkinçilikleriň we tejribeleriň esasynda giň gerimli işler geçirilýär. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmek boýunça halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Tebigaty goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň gazlaşdyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyny kadalaşdyrmak hem-de birnäçe beýleki çäreler ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etdi.

Özboluşly zähmet baýramçylygy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 20-nji martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli ilimiziň agzybirligi, jebisligi bilen ýylyň ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ol raýatlarymyzyň köňül küýsegini gandyrýan özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Şol gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda hem bu il-ýurt, döwlet ähmiýetli çäre giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrabyň merkezi şäheriniň Görelde köçesiniň ugrunda 3 gektar meýdanda bag ekmek çäresine badalga berildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, medeniýet ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde saýaly we miweli bag nahallarynyň ýüzlerçe düýbi oturdyldy.

Bag durmuşyň bezegidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr.

Nebit we gaz pudagynda häzirki zaman ekologiýasy

Türkmenistanda senagat pudaklaryny iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak bilen birlikde daşky gurşawyň howpsuzlygynyň talaplaryna aýratyn üns berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagynda daşky gurşaw meselelerini çözmek bu ulgamlar üçin ýokary netijeli, az çykdajyly tehnologiýalary ösdürmegi we ornaşdyrmagy talap edýär. Nebiti, gazy öndürmekde we gaýtadan işlemekde daşky gurşaw meselelerini çözmekde degişli ugurlar ekologiýa taýdan arassa prosesleri ösdürmek we galyndylary aýyrmak, nebithimiýa pudaklaryndan gaz zyňyndylaryny arassalamak, suwlary nebit we nebit önümleriniň galyndylaryndan arassalamak we ş.m. seredeniňde, Türkmenistanyň nebitgaz toplumy diňe bir ykdysadyýetiň gurluşyny emele getirmän, eýsem, ösüşiniň ähli döwürlerinde esasy orny eýeleýär.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 21—27-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+40-dan +5...+70 aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+80-dan +14...+160 aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +l...+30-dan +4...+60 aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+70-dan +13...+150 aralygynda maýyl bolar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy

«7/24.tm», № 12 (95), 21.03.2022. Ajaýyp zamanamyzda her ýylda Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelýän uly möçberli gök zolaklar hem onuň netijeleridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede geçirildi. Bu döwlet derejeli dabara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň badalga berendigini bellemelidiris.

«Star­bucks»: Mak­sa­dy­myz — eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy

Ame­ri­ka­nyň ka­fe­ler top­lu­my­nyň eýe­si «Star­bucks» kom­pa­ni­ýa­sy bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan bul­gur­la­ry ulan­ma­gy bes ed­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li köp ge­zek­lik ula­nyl­ýan bul­gur­lar­dyr gap-gaç­la­ra do­ly geç­me­giň me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp düz­di. Bu ba­ra­da ka­fe­ler top­lu­my­nyň de­giş­li bi­ler­men­le­ri ha­bar ber­di. Olar şeý­le-de bu me­ýil­na­ma­nyň kom­pa­ni­ýa­nyň 2030-njy ýy­la çen­li te­bi­gat­da­ky ga­lyn­dy­la­ry 50% azalt­mak me­ýil­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi­di­gi­ni bel­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da «Star­bucks» al­ty sa­ny esa­sy ba­za­ryn­da, şol san­da ABŞ-da, Ýa­po­ni­ýa­da we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da köp ge­zek­lik gap-gaç­la­ry ulan­mak bo­ýun­ça bar­lag iş­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Gündogar sebitde ählihalk bag ekişligi bar bolan baglara ideg etmek işleri bilen utgaşdy

Welaýatyň ýaşaýjylary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem bag ekişlik çäresine ruhubelentlik bilen  goşuldylar. Olar ir säherden bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdyljak ýerine geldiler. Welaýat boýunça bu sogaply işe Seýdi — Farap awtoulag ýolunyň ugrunda, Dänew etrabynyň S.Nyýazow daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän giň meýdanda badalga berildi. Bu awtoulag ýolunyň Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap aralygyndaky awtoulag köprüsi iň bir köp gatnawly geçelge hasaplanýar. Şonuň üçin bu köprä barýan ýoluň gyralaryny baglyga büremek ýaly sogaply işe tutuş welaýatyň ilaty goşuldy. Belentden-belent ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy bag ekişlik çäresini zähmet baýramçylygyna öwürdi. Ýaňy durmuş guran il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, ýaş çatynjalar «Bizden geljekki nesillere ýadygärlik bolsun» diýşip, ençeme düýp agaç nahallaryny oturtdylar. Olaryň göreldesine eýeren tutuş welaýatyň ilatynyň agzybirlikde çeken zähmeti netijesinde ýowar gününde welaýat boýunça jemi 71,5 müň düýp miweli, pürli we saýaly agaç nahallary oturdyldy.

Mary welaýatynda 43 müňe golaý täze bag nahaly oturdyldy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem agzybirlikde gatnaşdylar. Meýilnama laýyklykda, welaýat boýunça şu gün 42 884 täze bag nahallary oturdylyp, 72 müňden gowrak baga hem ideg edildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary ählihalk bag ekiş dabarasyna işjeň gatnaşdylar

Şu gün — 20-nji martda demirgazyk welaýatyň merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň ugrunda alys gözýetime uzap gidýän tutuş giňişlik döredijilikli zähmete, arassa yhlasa beslendi. Şu  ýyl welaýat boýunça dürli agaç nahallarynyň jemi 300 müň düýbi ekiler. Ýazky bag ekiş möwsümine badalga berlen güni demirgazyk sebitiň etrap-şäherlerinde pürli we miweli baglaryň, tut nahallarynyň 68 müň düýbi oturdyldy. Esasy dabaralaryň geçirilen ýeri bolan welaýatyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektar meýdanda pürli agaç nahallarynyň 10 müň düýbi oturdylyp, olara degişli ideg işleri ýerine ýetirildi.

Günbatar sebitde 60 müňe golaý agaç nahaly oturdyldy

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Balkan welaýatynda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, sebitiň ähli ýerlerinde ynsan eli bilen tokaý zolaklary döredilýär. Günbatar sebitiň ýaşaýjylary şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna hem işjeň gatnaşdylar. Ählihalk dabarasyna balkanlylaryň 49 müňden gowragy gatnaşyp, olar bir günüň dowamynda agaç nahallaryň jemi 60 müň düýbe golaýyny oturtdylar.