"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beden maşklarynyň ähmiýeti

Hereket — saglygyň sakasy, sagdynlygyň esasy gözbaşy hasaplanýar. Adam bedeni üçin fiziki maşklaryň aýratyn ähmiýetlidigi hemmämize mälimdir. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan her bir adam öz şahsy mümkinçiliklerini hem-de bedeniniň özboluşlylygyny nazara alyp, maşklaryň ýönekeýinden has çylşyrymlyragyna çenli päsgelsiz geçmegi başarmaly. Çendenaşa aňsat we ýeňil maşklaryň garaşylýan netijeleri bermeýän ýagdaýlary-da bolýar. Aşa agram we zor salyp ýerine ýetirilen maşklar hem bedene zeper ýetirmegi mümkin. Şonuň üçin bedene düşýän agramy geçilýän türgenleşikler bilen sazlaşdyrmaly. Her bir adam özüne laýyk gelýän sportuň görnüşlerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp saýlap almaly. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygyňy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşyny sazlaşdyrýar. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek bedeniň, aýratyn-da, el-aýak, döş hem-de çiginleriň berkemegine kömek berýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, saglygy berkitmekde, ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öň

Güýz paslynda

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli.

Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

Ýiti respirator keseli — bu wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Ol wirus ýokanjynyň agyr geçmegi we gaýraüzülmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýe bolup, ýylyň dowamynda, esasan, güýz, gyş aýlarynda ýüze çykýar. Wirusly näsag adam asgyranda we üsgürende beýleki sagat adamlara howa damja ýoly bilen ýokuşýar. Wirusyň dem alyş ýollaryndan bölünip çykyşy, näsagda esasy alamatlaryň ýüze çykmagyndan birki gün öň başlaýar we keseliň alamatlary aýrylandan soň, 5 — 7 günden soň bes edýär. Olaryň köpelmegi tiz wagtda bolup geçýär we şol sebäpli hem gizlin döwri gysga bolýar. Bu adamlaryň ýapyk jaýlarda köp ýygnanmagy, wirusyň ýaşamagy üçin gyş aýlary gowy şert bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Şeýle-de keseliň ýaýramagy beýleki ýiti respirator wirus ýokanjynyň köpelmegi bilen gabat gelýär. Keselleme howpy, esasan, bir ýaşa ýetmedik çagalarda, gartaşan adamlarda, göwreli aýallarda ýokarydyr.

Halkara ylmy maslahat dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde dürli çäreler, halkara ylmy maslahatlar geçirilýär. Şu gün — 11-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň bölümçesi geçirildi.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.

Bagtyýar durmuşyň gönezligi

Eziz Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy bagtyýar durmuşyň gönezligidir, ösüşiň möhüm şertidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasy döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgam toplumlaýyn ösdürilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgä esaslanyp, paýtagtymyzda hem welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, saglygy goraýyş desgalarynyň, şypahanalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. lukmançylyk merkezleri dünýä belli, öňdebaryjy önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýär. Häzirki döwürde bejergi geçirmegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar, raýatlara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işler amala aşyrylýar. Türkmen lukmanlary dünýä ýurtlarynyň esasy lukmançylyk merkezlerine okuwa yzygiderli ugradylýar. S

Sagdyn ene — sagdyn perzent

Dürli reňkli şarjagazlardyr jäjekler bilen bezelip, ýüzüne: «Oglumyz boldy!», «Gyzym Bägül jan geldi!» diýen ýaly buşluk habarlary ýazylan toý ulagyny göreniňde ýürekden begenip, täze dünýä inen çagajyga uzak ýaş, berk jan saglyk arzuw edýärsiň. Ynha, ol ýene-de sanlyja minutlardan döwletli öýi dolduryp, ene-atasynyň durmuşyny egsilmez şatlyga beslär. Ol mähriban gujakda orun alyp, enäniň gyzgyn mährini duýup ýaşap başlar. Ýörjen-ýörjen bolup, dil çykaryp, maşgalanyň «altyn aşygyna» öwrüler. Soňra çagalar bagynda terbiýelenip, ak mekdebiň gapysyny kakar. Kärli-hünärli bolup, ýurdumyza, jemgyýetimize hyzmat edýän, kemally perzent bolup ýetişer. Onuň üçin, ilkinji nobatda, çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy zerur. Eziz Diýarymyzda bolsa, ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, belent ruhly bolmaklary, olaryň sagdyn ösmekleri üçin dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Durmuşymyzyň güli, ömrümiziň manysy, dowamat dowamymyz bolan eziz çagalarymyz döwletimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan atalyk aladalary bilen gurşalýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň,  «Sagdyn ene—sagdyn çaga—sagdyn geljek» atly 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» hereket etmegi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda, olara berilýän lukmançylyk kömekleriniň üznüksizli

Sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz taryhy wakalara beslenip, olaryň buşlukçysy bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň abadançylygy, adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ynsan saglygyny goramak, halkyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly ýörelgelere öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygider ösdürilýär, sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwürde ynsan saglygy hakyndaky aladalar esasynda ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Eziz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni durmuşa giňden ornaşdyrmakda, mukaddes topragymyzyň dermanlyk ösümliklerinden giňden peýdalanmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.

Bagtyýarlygyň sakasy saglyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda uly işler amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň iş tejribesine giňden ornaşdyrylmagy netijesinde dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňi alynýar. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyp, onuň esasynda geljekde-de uly işler meýilleşdirilýär. Lukmançylyk ulgamynda gazanylan üstünlikler we geljekde ýetilmeli sepgitler düýn, ýagny Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň ýurdumyzda giňden bellenip geçilen güni Söwda-senagat edarasynyň binasynda dabaraly açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisinde bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendi.

Saglyk – üstünlikleriň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyryldy we häzirki wagtda bu ugurda köp sanly işler durmuşa geçirilmegini dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Saglyk ulgamyndaky bu täze desgalar ösen tehnikalar bilen üpjün edilip, adamlaryň saglygyny barlamakda, dürli görnüşli keselleri bejermekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň badalga bermeginde üç sany, ýagny Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa we Halkara pediatriýa merkezleriniň düýpleriniň tutulyş dabaralary bolup geçdi. Ýene-de sanlyja ýyllardan bu merkezlerde agzybir halkymyz dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary arkaly saglyklaryny dikeldip, şypa taparlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy iýuny her bir türkmenistanlynyň buýsanç

«...Hasta bolmasdan burun»

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. * * *

Saglyk – baş baýlyk

Sagdyn bolmak, ilkinji nobatda, biziň özümize bagly. Şoňa görä-de, güýz paslynyň dowam edýän, howanyň üýtgäp durýan günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmeli. Ylaýta-da, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, ýaramaz endiklerden daşda durmaly, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, özbaşdak antibakterial derman serişdelerini kabul etmekden saklanmaly. Keseliň öňüni almak üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli, möwsüme görä geýinmeli. Ýuwlup ütüklenen arassa eşik geýmeli. Öýüň içinde gündelik arassalaýyş işlerini geçirmeli. Üzärligiň tüssesi bilen öýüň howasyny tämizläp durmaly, penjiräni açyp, otagyň içini ýelejiretmeli.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň baýramy

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda güneşli Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Şu gün hem Lebapda şanly sene mynasybetli dabaralar uludan tutuldy.

Saglyk ulgamynda gazanylanlar

Şu gün, 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz işine başlan “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-baýramly günleriniň üstüni ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanýar. Bu jähetden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş, bilim we sport — ösüşiň gözbaşy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Her ýyl geçirilmegi indi däbe öwrülen, bu maslahat Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp üç günläp dowam edýär. Sergide ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlary görkezilýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp hünär baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Sepgitde seresap boluň!

Möwsüm çalyşýan döwründe bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär, öňden bar bolan keselleriň ýitileşmegine şert döredýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerşlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ol kesel dörediji wiruslaryň köp görnüşi tarapyndan döredilip, wiruslar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki sag adamlara ýokuşyp bilýär. Bulardan başga-da, adamlar köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalaryny bir wagtda iki taraplaýyn açyp, şemalyň geçip, ýel çalanda, şeýle hem adamlaryň pasla görä geýinmeýänliklerinde kesel ýüze çykyp bilýär. Kesel bedeni gowşak, gartaşan adamlarda, çagalarda köp duş gelip, agyr geçýär. Şeýle hem olarda keselleriň gaýtalanyp durmagy ähtimaldyr. Sagdyn adamlar bu kesel bilen seýrek keselleýärler, kesellän halatlarynda hem olar tiz sagalyp gidýärler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni

Nesillere görelde Ýakynda TMÝG-niň Baýramaly şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda etrap merkezi kitaphanasynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi — nesillere görelde” atly çäre geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher, etrap geňeşleriniň we etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýöriteleşdirilen halkara forum — netijeli hyzmatdaşlygyň meýdançasy

Şu gün — 10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi, şeýle hem onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň biridir. Ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdy.