Saglygyň baş şerti
Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply, täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Sagdyn iýmit boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Şeýle hem aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly, ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli, ýumurtgany hem aşa köp iýmeli däldir. Nahar iýlenden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamlyk gezelenç etmeli. Çaýy bolsa nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Krahmala baý bolan iýmitler, ösümlik we mal ýaglary hem bedene kuwwat berýär. Bedeniň ösmegi we kemala gelmegi üçin möhüm iýmitler beloga baý bolýar. Witaminlere baý bolan iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde bedeniň dogry ösmegi üçin kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar hem bar. Eger-de witaminler we mi