"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Futbol täzelikleri

«Arkadag» topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalynda «Altyn Asyr» toparyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, finala çykmagy başardy. Topara ýeňiş getiren toplary Nazar Towakelow, Begmyrat Baýow, Begenç Akmämmedow hem-de Roman Galkin öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýeri gelende bellesek, ýarymfinalyň birinji duşuşygy hem «Arkadag» toparynyň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlanypdy (4:1).

Ýeňişli menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda welosiped sportunyň giňden wagyz edilmegi, sportuň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşine ilaty, esasan-da, ýaşlary höweslendirmek boýunça maksatnama-laýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjydyr. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararnama kabul edildi we şol çözgüt esasynda Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi bilen parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda bolsa BMG-niň

Sport mekdeplerinde

Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi sport ýaryşlarydyr dürli çäreleri yzygiderli geçirilip gelýär. Bu işleriň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralmagy bolsa olaryň has gyzykly, has şüweleňli geçmegine, köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Ýakynda şeýle ýaryşlaryň biri tamamlandy. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň TDP-niň etrap komiteti hem-de TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran kiçi futbol bäsleşiginde edara-kärhanalaryň toparlary güýç synanyşdylar. Netijede sport mekdebiniň topary ýeňiji boldy. Bilim bölüminiň topary ikinji, «Elektroset» kärhanasynyň topary üçünji orunlary eýeledi.

Futbol dünýäsinde

Sten wan den Baýs atly belgiýaly futbolçy 1995-nji ýylda ýurduň milli çempionatynda «Jerminal Ekeren» bilen «Anderlehtiň» arasyndaky duşuşykda öz toparynyň derwezesinden 3 pökgi geçirýär. Şeýlelikde, garşydaşynyň derwezesine ýeke pökgi girizmese-de, «Anderleht» ony 3:2 hasabynda utupdyr. * * *

Sport we tehnologiýa

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden orun alan oýlap tapyşlaryň, tehnologiýalaryň birnäçesiniň bellige alnandygyny bellemek gerek. Şeýle tehnologiýalaryň biri hem emeli aň tarapyndan dolandyrylýan boks torbasy bolup durýar. Ol sportuň şu görnüşi boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen tehnologiýa bolup, emeli aňy, kompýuter görüşini peýdalanyp, türgeniň hereketlerini yzarlamaga we hakyky garşydaş hökmünde gaça durmak başarnygyna eýedir. Simulýator türgeniň derejesine uýgunlaşyp bilýär. Bu bolsa türgenleşigiň netijeliligini üpjün edýär. Boksçynyň zerur ugurlaryň ählisi boýunça kämilleşmegini üpjün edýär hem-de güýjüni ýazga geçirýär.

Saz astyndaky söweş sungaty

Sportuň taýboks görnüşiniň dörän ýeri bolan Tailandda ol «Muaý taý» diýlip hem atlandyrylýar we her ýylyň 17-nji marty Aziýa yklymynyň bu owadan ýurdunda muaý taý boýunça türgenleriň güni hökmünde uly baýramçylyga beslenýär. Bu baýramçylygyň döremeginiň sebäbi bolsa taýlaryň arasynda ady rowaýata öwrülen söweşiji Naý Khanom Tom bilen baglanyşyklydyr. Taýboksda garşydaşlaryň söweşe başlamazlaryndan öňürti köneden galan dessur esasynda ram muaý tansyny ýerine ýetirmekleri ony sportuň gaty köp görnüşinden tapawutlandyrýan aýratynlykdyr. Bu tans şol bir wagtyň özünde el-aýagyňy, biliňi ýazmagy, söweşe gysgaça taýýarlygy we öz başarnyklaryňy görkezmegi özünde jemleýär. Tans tamamlanandan soňra bolsa türgen öz halypasyna we mekdebine hoşallyk sözlerini aýdýar.

Baýramçylyk ruhuna beslendi

Täze ýylyň barha ýakynlaýan günlerinde geçirilýän her bir ýaryş aýratyn öwüşgine, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Muny ýakynda tamamlanan dzýudo boýunça bäsleşigiň mysalynda hem doly göz ýetirdik. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäginde guralan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleri güýç synanyşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň sport desgasynda geçirilen ýaryşyň tutluşyklary çekeleşikli häsiýete eýe bolup, her agramda çykyş eden pälwanlar öz üstünlikleri bilen toparlaryna utuk getirmäge çalyşdylar. Netijede bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna has gowy başartdy. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdebimiziň topary öňdäki orny eýeledi.

Ýaşlar hakda alada

Halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadydyr. Çünki ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösmeginiň, Watanymyzyň ykdysady, intellektual kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde binýatlaýyn we nazary ylmy gözlegleriň özara arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. Ýaş raýatlarymyzda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi artdyrmak ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän wajyp wezipeleriň biridir. Şu babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda-da häzirki döwürde ýaşlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Taryhda şu gün

Professional boksuň ýarymagyr agram derejesiniň WBA (Naýbaşy), WBO hem-de IBF guramalarynyň çempionlyk guşaklaryna eýe bolan Kowalýow 2014-nji ýylda çempionlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirip, olarda ýeňiş gazanmagy başarýar. Ol ilki ABŞ-ly Sedrik Anýuny (mart aýynda), soňra awstraliýaly Bleýk Kaparellony (awgust aýynda), soňky duşuşygynda bolsa amerikaly Bernard Hopkinsi (noýabr aýynda) ýeňlişe sezewar edýär.

Täze üstünliklere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Şol syýasat hem dünýä we yklym çempionatlarynda, abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýan, Watanymyza şan getirmegiň hötdesinden gelýän türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginde diýseň uly ähmiýete eýedir. Noýabryň ahyrky günlerinde paýtagtymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýýan Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan ajaýyp netijeleri bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Sport baýramçylygynda çykyş eden türgenlerimiziň ählisiniň — 15-siniň hem medallara eýe bolmagy milli sportumyzyň gelejegi bolan ýaş türgenlerimize buýsanjymyzy artdyrdy.

Welaýatlardan habarlar

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Ýaşyl arçaly, şadyýan Aýazbabadyr Garpamykly günler – çagalaryň hem arzuw edip ýeten günleri. Baýramy mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek, daş-töwerek hem saglyk üçin howply partlaýjy serişdeleri ulanmagyň öňüni almak TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň etrabyň polisiýa bölüminiň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilelikde guraýan wagyz-nesihat çäreleriniň özenini düzýär. Geçirilýän duşuşyklarda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Go oý­nu­nyň us­sa­dy (Ro­man)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Ýasunari Kawabata, ýapon ýazyjysy

Spartakiadanyň welaýat tapgyry

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХIII Spartakiadanyň çäklerinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika, kiçi futbol, tennis, suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat häkimliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, hem-de TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşlarda ezber türgenler öňe saýlandylar.  Ýeňil atletika boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçirildi. Oňa ýaryşyň etrapdyr şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrlarynda üstünlik gazanan toparlar gatnaşdylar. Türgenler sportuň uzynlygyna bökmek, uzak aralyga ylgamak, estafeta görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Bu ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşda Boldumsaz etrabynyň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Spartakiadanyň çäginde tennis boýunça ýaryş welaýat merkezindäki on müň orunlyk sport toplumynda geçirildi. Toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Köneür

Sport

Ezberler ýeňiji boldular Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmäge gönükdirilen tagallalary ýerine düşýär. Indi sport bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna saldamly goşantlaryny goşýan türgenleriň sany artýar.

Gyzykly geçen ýaryş

Etrek etrap häkimliginiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryş gyzykly oýunlary peşgeş berdi. Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalaryndan jemi 8 topar gatnaşyp, etrap bilim bölüminiň «Sagdyn nesil» topary onuň ýeňijisi bolmagy başardy. Ikinji orna etrap polisiýa bölüminiň «Galkan» topary mynasyp boldy. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Etrek stansiýasynyň «Menzil» topary üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri

1/8 finala barýan ýol UEFA Ýewropa Ligasy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň bi­je­le­ri çe­kil­di

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky duşuşyklar ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan 16 klub bel­li bo­lup­dy. Şol klub­la­ryň 4-si Is­pa­ni­ýa­dan bolup, Ita­li­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa­dan 3 klub ýa­ry­şy do­wam eder. Bu ýa­ry­şyň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan iň­lis klub­la­ry­nyň 2-si 1/8 fi­na­la çy­kyp, şu gör­ke­zi­ji soň­ky ýyl­la­ryň iň pes ne­ti­je­si diý­lip bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de, Da­ni­ýa­dan, Ni­der­land­lar­dan, Fran­si­ýa­dan hem-de Por­tu­ga­li­ýa­dan 1 klub 1/8 fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­na ýe­ne-de ýe­ňil bi­je

«Baýer» toparynyň ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň iň esa­sy du­şu­şy­gyn­da — «Li­wer­pul» bi­len «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Bu deň­lik­den soň «Li­wer­pul» 2-nji or­na dü­şüp, «Braý­to­ny» Že­sus hem-de Ha­wert­siň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ar­se­nal» 1-nji bas­gan­ça­ga çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ge­çen oýun­da-da «As­ton Wil­la» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Brent­ford» to­pa­ry­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le-de, «Tot­ten­ham» myh­man­çy­lyk­da «Not­tin­gam Fo­res­ti», «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Şef­fild Ýu­naý­te­di» 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. «Nýu­kasl»–«Ful­ham», «West Ham»–«Wul­wer­hemp­ton» du­şu­şyk­la­ry-da ýer eýe­le­ri­niň 3–0 ha­sa­byn­daky ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 17-nji tap­gyr­da «Ži­ro­na» Dow­by­gyň (2) hem-de Por­tu­nyň gol­la­ry bi­len «Ala­we­si» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, bi­rin­ji­li­gi­ni sak­la­ma­gy ba­şar­dy. «Re­al Mad­rid» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Wil­ýar­re­al­dan» 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Go­rag­çy­sy Da­wid Ala­ba­nyň agyr şi­kes alyp, möw­sü­mi ta­mam­lan oý­nun­da «Rea­lyň» gol­la­ry­ny Bel­lin­gam, Rod­ri­go, Di­az hem-de Mod­riç ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Wa­len­si­ýa» bi­len utuk­la­ry paý­laş­dy. «At­le­tik» bi­len «At­le­ti­ko­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da bil­bao­ly­lar

«Na­po­li» bi­len «In­ter» ku­bok ýa­ry­şyn­dan ir çyk­dy

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­nal­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. «Se­rie A»-nyň soň­ky çem­pio­ny «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «Fro­zi­no­ne» to­pa­ryn­dan 4–0 ha­sa­byn­da utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­dy. «Fro­zi­no­ne» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Bar­re­ne­çea (65), Ka­so (70), Çed­di­ra (90+1 p) hem-de Har­rui (90+5) der­we­zä gi­riz­di. «Na­po­li» 65 ýyl­dan soň ku­bok ýa­ry­şyn­da 4 gol ara­ta­pa­wut bi­len ýe­ňil­di. 1/8 fi­na­lyň baş­ga bir du­şu­şy­gyn­da-da ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şy­gyň esa­sy wag­ty gol­suz ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da, has ta­ky­gy, 92-nji mi­nut­da «In­ter» Kar­los Au­gus­to bi­len öňe geç­se-de, «Bo­lon­ýa» yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­rip, çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Gol­la­ry 112-nji mi­nut­da Beu­ke­ma bi­len 116-njy mi­nut­da Ndo­ýe der­we­zä gi­riz­di.

Liga Kubogynda ýarym finalçylar belli boldy

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy (EFL Cup) ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Nýu­kasl» bi­len du­şuş­dy. 16-njy mi­nut­da Wil­so­nyň go­ly esa­syn­da öňe ge­çen gar­şy­da­şy­na oý­nuň 90+2-nji mi­nu­tyn­da Mud­ry­gyň go­ly bi­len jo­gap be­ren «Çel­si» du­şu­şyk­dan soň pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 4-2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. «Ewer­ton» bi­len «Ful­ha­myň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňi­ji 11 metr­lik ur­gu­la­ryn­dan soň kes­git­len­di. «Ful­ham» to­pa­ry 41-nji mi­nut­da Ki­niň aw­to­go­ly bi­len 1–0 öňe geç­di. Ýer eýe­le­ri 82-nji mi­nut­da Be­to­nyň go­ly bi­len ha­sa­by deň­le­di. Esa­sy wag­ty deň­lik­de gu­ta­ran oýun­dan soň pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 7–6 öňe saý­la­nan «Ful­ham» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ýa­ryş­da ýa­rym fi­na­la çyk­dy.