"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport — sagdyn durmuşyň özeni

Türkmenistanda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Bu döwlet syýasaty milletiň saglygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň geljegi bolan berk bedenli, ruhy taýdan kämil ýaş nesliň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalarynyň esasynda, ilaty, şol sanda ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni höweslendirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Muňa yzygiderli geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýeňişleriň sany artýar

Ençeme ýyldan bäri Ýaragly Güýçlerimizde harby türgenleri taýýarlap, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary gazanyp gelýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, «Aziýa döwletleriniň tälimçisi» diýen tälimçilik derejesi bolan halypa tälimçi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň taýýarlan şägirtleri bu gün guwandyryjy netijeleri görkezýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýapyk çempionaty geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary, tälimçi, gara guşagyň eýesi, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan harby talyp türgenleri bilen bilelikde kapitan Mülkaman Sahadowyň şägirtleri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola äşgär etdiler we Ýaragly Güýçlerimiziň sport abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berdiler. Bäsleşikde kumite görnüşi boýunça 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ençeme gezek çempionlygyny gazanan, gara guşagyň I danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew, çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Atamyrat Çaryýew we esger Arzuw Seýitkulyýew dagy öz agram derejelerinde hormat münberiniň birinjiligini eýelemegi başardylar. Harby talyplar Arslan Babanazarow, Annanur Tagansähedow we ençeme gezek halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eý

Futbol täzelikleri

Ýurdumyzyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň ilkinji oýunlary geçirilip, «Nebitçi» Balkanabatda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen duşuşykda myhmanlardan Tirkişmyrat Sarymyradow 29-njy minutda toparyny öňe saýlady. Birinji ýaryma berlen goşmaça wagtda Elýas Akyýew hasaby deňlese-de, 85-nji minutda Şyhberdi Baýnazarow aşgabatlylara ýeňiş getiren goly derwezä girizdi. Myhmançylykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary bilen duşuşan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» uly hasapda ýeňildi. Bu oýunda ýer eýeleriniň pökgülerini 26-njy minutda Şamämmet Hydyrow, 75-nji minutda Arslanmyrat Amanow, 92-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçirdiler.

Manilada gazanylan medallar

Türkmen karateçileri Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler. 22 — 25-nji awgustda geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna türgenleriň 10-sy, tälimçileriň 2-si we halkara derejeli eminleriň 3-si wekilçilik etdi.

«Arkadag» toparynyň şanly sepgidi

Gysga wagtlyk taryhynda milli futbolymyzdaky rekordlaryň ençemesini täzelän «Arkadag» futbol topary geçen şenbede 50-nji resmi duşuşygyny geçirdi. Şeýlelikde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şähere wekilçilik edýän topar türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji 50 duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanan ýeke-täk topara öwrüldi. Bu başarnyk dünýä futbolynyň taryhynda hem ýok diýerlik derejede seýrekdir. 50 duşuşyklyk ýoluň başlangyjy geçen ýylyň aprel aýyndan gaýdýar. Topar şondan bäri bir ýarym möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda 42, ýurdumyzyň Kubogy ýaryşynda bolsa 8 duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyklaryň ählisi «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň duşuşyklary

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň çär­ýek-fi­na­ly­nyň üç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Olar­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry «Şa­ga­da­my», «Al­tyn asyr» «Mer­wi», «Ne­bit­çi» bol­sa «Aş­ga­ba­dy» ka­bul et­di.

«Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň Ça­gy­ryş li­ga­syn­da­ky gar­şy­daş­la­ry bel­li bol­dy

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Azi­ýa­nyň Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­dä­ki ştab kwar­ti­ra­syn­da AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň il­kin­ji möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň «B» to­par­ça­syn­da çy­kyş eder.

Ýaş­lar ýe­ňiş­li ýol­lar­da

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek ug­run­da­ky giň ge­rim­li iş­ler us­sat tür­gen­le­riň sa­ny­nyň gün­sa­ýyn art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hatda ýur­du­my­zyň iň çet­ki et­rap­la­ryn­da­dyr oba­la­ryn­da ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­le­ri özün­de jem­le­ýän sport mek­dep­le­ri­niň, sport top­lum­la­ry­nyň we sta­di­on­la­ryň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi us­sat tür­gen­le­riň hem sa­ny­nyň gün-gün­den art­ma­gy­na ge­tir­di. Bi­ziň et­ra­by­myz­da-da öz­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da­la­ra ýo­ka­ry ýe­ňiş­le­ri, sport üs­tün­lik­le­ri bi­len jo­gap ber­ýän ýaş­la­ryň bir­nä­çe­si ha­ly­pa­la­ryň elin­de tä­lim alyp, öz us­sat­lyk­la­ry­ny bar­ha art­dyr­ýar­lar. Şeý­le ýaş­la­ry­my­zyň bi­ri-de Ha­laç et­ra­byn­da­ky 24-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy An­na­my­rat Der­ýa­ku­ly­ýew­dir.

Türkmen samboçylary dünýä kubogynda

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Sam­bo bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri 15-16-njy aw­gust­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­na gat­naş­dy­lar. Sport sam­bo­sy we sö­weş sam­bo­sy nus­ga­la­ry bo­ýun­ça er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­le­rde mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň 29-sy çykyş etdi. Oýun­la­ryň bi­rin­ji gü­nün­de sport sam­bo­sy bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da gu­ra­lan tut­lu­şyk­lar­da 58 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ba­ba­mu­rat Baý­ra­mow öz­be­gis­tan­ly tür­gen Mu­nis Bah­ti­ýo­row bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la, 71 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden tür­ge­ni­miz Kam­bar Uma­row «FI­AS 2» to­pa­ry­nyň tür­ge­ni Ulad­zis­lau Mar­du­se­wiç bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dular.

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň mekanyna öwrülýär, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da spor­ty gol­da­mak we ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, zy­ýan­ly en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ösüp gel­ýän nes­li spor­ty söý­mek, ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek hem-de mil­li sport gör­nüş­le­ri­ni dün­ýä­de has-da da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-teh­ni­ki esas­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ra­ýat­la­ry­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi bilen ila­tyň be­den­

Mugallym hem pälwan

Gaýybana tanyşlyk Garagum sährasynyň Göbekli obasynda dünýä inen Kakageldi Gul pälwanyň gürrüňlerinden başlandy. Onuň Atageldi pälwan (halk arasynda ýörgünli ady Atageldi demirdiş pälwan) hakyndaky söhbetleri gyzykly hem bolsa gysgarak bolansoň, belli pälwanyň özi bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolmak islegi öz erkime goýmady. Ine-de, nesibeli gün gelip, biz Atageldi pälwan bilen onuň döwletli ojagynda duşuşdyk. Ol diýseň gürrüňçil adam bolup çykdy. Salam, mugallym!

Sport we sanly tehnologiýalar

Häzirki zaman sportuny sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Olar diňe bir türgenleşikleriň ýa-da ýaryşlaryň aýry-aýry jähetlerini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşikleriň guralyşynyň we geçirilişiniň mazmunyny hem üýtgedýär. Olara gatnaşýan her bir türgeniň ýa-da tutuş toparlaryň netijeliligini we höwesini artdyrýar. Elbetde, sanly tehnologiýalar ýaşlaryň arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Olar türgenleşik işiniň täsirliligini, gyzyklylygyny artdyrýar we ýadawlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä tejribesinde şäherlerde ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna niýetlenen desgalar, sport meýdançalary, seýilgähler baradaky maglumatlary tapmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şeýle ulgamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna mobil telefonlarynyň ýa-da kompýuterleriň kömegi arkaly sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýerleri tapmaga hem-de türgenleşiklere ýazylmaga mümkinçilik berýär.

Taryhda şu gün

2-nji sentýabra çenli dowam eden çempionatda türgenler medal sanawynyň 47-si ugrunda bäsleşdiler. Netijede dürli öwüşginli medallaryň 26-syny gazanan ABŞ-nyň ýygyndy topary öňdäki orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde Keniýanyň (5-3-5) hem-de Russiýanyň (4-7-3) ýygyndy toparlary ornaşdylar.

TRANSFER TÄZELIKLERI

«At­le­ti­ko Mad­rid» «Pre­mi­er Li­ga­dan» 2 ýyl­dyz oýun­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy

«Ata­lan­ta­dan» «At­lan­ta»

Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry Ang­li­ýa­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ryn­dan sag gy­ra­ky go­rag­çy Emer­son Ro­ýa­ly dü­zü­mi­ne goş­dy. 26 ýaş­ly oýun­çy­nyň trans­fer tö­le­gi 15 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­gi­ten­di. Bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy «Mi­lan­da» 22-nji bel­gi­de oý­nar. Ýur­du­nyň «Pon­te Pre­ta» to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­lan Emer­son «At­le­ti­ko Mi­nei­ro», «Be­tis», «Bar­se­lo­na» klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni hem geý­di. Emer­son «Tot­ten­ham­da» 3 möw­süm­de 101 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. Şeý­le-de, «Mi­lan» klu­by Fran­si­ýa­nyň «Mo­na­ko» to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy Ýus­suf Fo­fa­na­ny hem trans­fer et­di. Ital­ýan klu­by fran­si­ýa­ly oýun­çy üçin «Mo­na­ko» to­pa­ry­na 25 mil­li­on ýew­ro be­rer. 25 ýa­şyn­da­ky oýun­çy «mi­lan­ly­lar» bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýyl­dan bä­ri «Mo­na­ko­da» oý­nap gel­ýän Fo­fa­na ge­çen möw­süm­de 32 oýun­da 4 gol ge­çi­rip, 4 go­luň pa­sy­ny ber­di.

«Mi­la­nyň» tä­ze oýun­çy­la­ry

Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry Ang­li­ýa­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ryn­dan sag gy­ra­ky go­rag­çy Emer­son Ro­ýa­ly dü­zü­mi­ne goş­dy. 26 ýaş­ly oýun­çy­nyň trans­fer tö­le­gi 15 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­gi­ten­di. Bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy «Mi­lan­da» 22-nji bel­gi­de oý­nar. Ýur­du­nyň «Pon­te Pre­ta» to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­lan Emer­son «At­le­ti­ko Mi­nei­ro», «Be­tis», «Bar­se­lo­na» klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni hem geý­di. Emer­son «Tot­ten­ham­da» 3 möw­süm­de 101 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. Şeý­le-de, «Mi­lan» klu­by Fran­si­ýa­nyň «Mo­na­ko» to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy Ýus­suf Fo­fa­na­ny hem trans­fer et­di. Ital­ýan klu­by fran­si­ýa­ly oýun­çy üçin «Mo­na­ko» to­pa­ry­na 25 mil­li­on ýew­ro be­rer. 25 ýa­şyn­da­ky oýun­çy «mi­lan­ly­lar» bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýyl­dan bä­ri «Mo­na­ko­da» oý­nap gel­ýän Fo­fa­na ge­çen möw­süm­de 32 oýun­da 4 gol ge­çi­rip, 4 go­luň pa­sy­ny ber­di.

10 ýyl­dan soň ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ndaky klu­buna do­lan­dy

Is­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bol­ma­gyn­da uly rol oý­nan Da­ni Ol­mo kar­ýe­ra­sy­ny özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da oý­nan klu­bun­da, «Bar­se­lo­na­da» do­wam et­di­rer. 26 ýa­şyn­da­ky win­ger, mer­ke­zi ýa­rym­go­rag­çy «Bar­se­lo­na» bi­len 6 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. «Bar­se­lo­na» Da­ni Ol­mo­nyň trans­fe­ri üçin onuň öň­ki klu­bu­na, ýag­ny «Le­ip­sig» to­pa­ry­na 55 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Ka­ta­lon­la­ryň goş­ma­ça 7 mil­li­on ýew­ro hem tö­leg et­me­li bol­ma­gy müm­kin. Baş­ga bir klub Ol­mo­ny «Bar­se­lo­na­dan» al­mak­çy bol­sa on­da 500 mil­li­on ýew­ro tö­le­me­li bo­lar. Da­ni Ol­mo pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na Zag­re­biň «Di­na­mo» klu­bun­da baş­lap, ol hor­wat to­pa­ry­nyň il­ki 2-nji klu­bun­da, soň­ra esa­sy to­pa­ryn­da je­mi 6 ýyl çy­kyş et­di. 2020-nji ýyl­da «Le­ip­si­ge» trans­fer bo­lan Ol­mo bu klub­da-da 4,5 möw­süm­de 148 oýun­da 29 gol ge­çir­di. Ol­mo ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da 1 möw­süm «Es­pan­ýol­da», soň­ra 7 ýyl­lap «Bar­se­lo­na­da» oý­na­dy. Ol­mo­nyň Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da 39 oýun­da 11 go­ly bar. 10 ýyl­dan soň kö­ne to­pa­ry­na do­la­nan Ol­mo «Bar­se­lo­na­da» 20-nji bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda täze möwsüm başlandy

«La Ligada» we «Serie A»-da 6 oýun deňlikde tamamlandy

Hepdäniň esasy duşuşyklary

23-nji awgust (anna) Borussiýa M – Baýer (23:30)

«Al­tyn asy­ryň» AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2-dä­ki bäs­deş­le­ri bel­li bol­dy

Tä­ze ady AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2 bo­lan (ozal­ky AFK Ku­bo­gy) ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, to­par­ça­la­ýyn tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar alan «Al­tyn asy­ryň» bäs­deş­le­ri bel­li bol­dy. Il­deş­le­ri­miz bi­jä la­ýyk­lyk­da «B» to­par­ça düş­di. Ara­gat­na­şyk­çy­lar bu to­par­ça­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al-Taa­wun», Yra­gyň «Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa» hem-de Bah­reý­niň «Al-Hal­di­ýa» to­par­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di. To­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar 17-nji sent­ýabr­da baş­lap, 5-nji de­kabr­da ta­mam­la­nar.