"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdynlygyň Watany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Munuň şeýledigine häzirki günlerde diýarymyzyň ähli künjeginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelerden buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar. Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şanly sene mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bilim edaralarynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda, wagyz-nesihat häsiýetli maslahatlardyr duşuşyklar geçirilýär. Şonda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça okuwçy ýaşlara degerli maslahatlardyr öwüt-ündewler berilýär.

Ýaş türgenler erjelligini görkezdiler

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Änew şäherinde estafeta ylgawy boýunça geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň etraplaryndan ýaş türgenlerden düzülen toparlar gatnaşdy. Welaýat häkimligi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşyň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlara beslendi. Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan joşgunly sungat çykyşlaryndan göwni göterilen ýaş türgenler Ahal köçesiniň bellenen ýerindäki badalgadan ýaryşa başladylar. Olar bu köçäniň ugry bilen sport mekdebine çenli aralygy uly ruhubelentlikde geçdiler.

Çempion birinji orunda

Iki duşuşykda garşydaş derwezelere 12 gol geçiren «Arkadag» futbol topary 4-nji we 5-nji tapgyrlarda ýene-de ýeňişli ýoluny dowam etdirdi. Ýurdumyzdaky ilkinji akylly şähere wekilçilik edýän topar 4-nji tapgyrda «Ahaly», 5-nji tapgyrda bolsa «Aşgabat» futbol toparyny uly hasaplar bilen ýeňdi. 4-nji tapgyrdaky duşuşyk «Arkadag» futbol topary üçin aýratyn ähmiýete eýe. Çünki topar şol duşuşygy Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirdi. Munuň özi toparyň milli çempionatymyzda öz stadionyna ilkinji gezek gadam basyşydyr. Ilkinji gadam örän şowly hem boldy. Topar ilkinji üç tapgyrda juda üstünlikli çykyş edip, birinji orna çenli göterilen «Ahaly» 4:1 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibiniň başyna geçirdi.

Ýaşlar ýaryşdylar

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramaklarynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda sportuň küşt oýny hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda we ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen bu ýaryşlar gyzgalaňly boldy. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, esasan-da, ýaş nesliň bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerine köpçülikleýin çekilmegine durmuşyň iň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn uly üns berilýär. Şeýle tutumly işlerden ruhlanyp, ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde harby gullukçylary sagdyn beden we ruhy taýdan terbiýelemek maksady bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleri geçirildi. Bu çäräniň dowamynda zenan harby gullukçylar sportuň 100 hem-de 200 metr aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek, uly-kiçi tennis hem-de bellenen päsgelçilik ýodasyndan geçmek we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde uly leýtenant Gülşirin Mukdarowa sportuň gysga aralyklara ylgaw görnüşlerinden 1-nji, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Tawus Wekilowa uzynlygyna bökmek, uly tennis görnüşlerinden 1-nji orny eýelediler. Borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Saida Halmurzaýewa bu ýaryşlarda has-da tapawutlanmagy başardy. Ýeňijilere serkerdäniň adyndan Hormat hatlary we TMÝG-niň etrap geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Ruhubelentlige beslenen dabaralar Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde aprel aýynyň ilkinji günlerinden giňden ýaýbaňlandyrylan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Güneşli Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy hakyndaky hakykat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen medeni-sport,wagyz-nesihat çäreleriň, dabaralaryň mazmunynda we gyzgalaňly geçen sport ýaryşlarda aýdyň şöhlelendi.

Harby talyplaryň täze ýeňişleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» uly üstünliklere ýetilýär. Has takygy, ýaňy-ýakynda sportuň Hapkido görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem bu ýaryşa gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde harby talyplar Musageldi Atamyradow, Maksat Orazow, Eziz Ýaýlymow, Şatlyk Nurymow, Mämmet Altyýew, Çerkez Çerkezow degişli agramlarda 1-nji orny eýelemegi başardylar. Harby talyplar Akmuhammet Mämmetmyradow, Perman Döwletmyradow, Myrat Myradow 2-nji, Nowruz Kakajanow, Durmuş Berdimyradow, Arslan Babanazarow, Allanazar Gurtgeldiýew, Guwanç Abdyrasulow 3-nji baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport — bagtyýarlyk

Sport — bu sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň çeşmesidir. Çünki sport işjeňligini durmuş ýörelgesine öwren ynsanlaryň ukusynyň rahat, iýmit siňdiriş ulgamynyň we saglygynyň kadaly bolýandygy ylymda hem-de tejribede subut edildi. Sport bilen meşgullanýan, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýän ynsanyň durmuşynda ruhubelentlik, zähmetinde işjeňlik, netijelilik aýdyň duýulýar. Sport işjeňligi durmuşda duş gelýän köp sanly ruhy we fiziki dartgynlylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem bedenterbiýe maşklary adamyň myşsalaryny ösdürýär, gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň immun ulgamyna, saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

Ynsanyň baş baýlygy Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy has-da begendirýär.

Jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan, raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap almagyny gazanmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýän berkarar döwletimizde her bir baýramçylyk giň gerimli, şatlyk-şowhunly çärelere beslenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup dabaralanýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününiň şol toý-baýramlaryň içinde aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek ýakymlydyr. Sebäbi bu baýram dünýädäki her bir adam üçin ähli döwürlerde hem iň gymmatly zat bolan saglygyň sarpasynyň has-da belende göterilýän senesidir.

Ýer eýeleri ýeňiş gazandylar

Futbol Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň oýunlary geçirilip, olaryň ählisinde hem ýer eýeleri ýeňiş gazanmagy başardylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýän «Türkmenistan ‒ ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we  talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar. 3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze sahypany açan ýeňiş

Dzýudonyň Köýtendag mekdebiniň uçurymy, 19 ýaşly talyp türgen Maýsa Perdäýewa sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Ol türkmenistanly zenan türgenleriň arasynda ilkinji bolup Uly tuwulga ýaryşynda medal gazanmagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, Maýsa öz etrapdaşy, türkmen sportunyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Gülbadam Babamyradowanyň ozalky üstünligini iki basgançak ýokarlandyryp, bu ýaryşlarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen bolmagy başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgeniniň üstünliginiň uludygyna göz ýetirmek üçin sambo boýunça dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň dzýudo sportundaky iň uly ýeňşine nazar aýlamak gerek. Ol mundan 10 ýyl ozal — 2014-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji bäşlige girmegi başarypdy. Şondan öň we soň tä Maýsa Perdäýewa çenli hiç bir zenan türgenimize dünýäniň iň güýçli dzýudoçylaryny özünde jemleýän tapgyrlaýyn ýaryşda hormat münberine beýle ýakynlaşmak başartmandy. Uzak garaşdyran medalyň sähedi üstümizdäki ýylyň baharyna bellenen eken: Maýsa Perdäýewa ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen bu ýaryşda 57 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Maýsa bu üstünligi gazanmak bilen, 33 ýurda wekilçilik eden 44 türgeniň arasyndan saýlanmagy

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

Pähimdar pederlerimiz ir döwürlerde hem sagdyn durmuş ýörelgesine uly üns beripdirler. Bu babatda halkymyzyň arasynda mäkäm orun alan sport oýunlaryny görkezmek bolar. Şeýle milli oýunlaryň hatarynda at çapmak, göreş tutmak ýaly görnüşleri görkezmek bolar. Bu oýunlar ir döwürlerden hem toý-baýramlaryň bezegi bolupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem sport toýlaryň bezegi, dabaralaryň öwüşgini bolup durýar. Ynha, 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk gününde hem sport oýunlaryna aýratyn üns berler. Häzirki döwürde bu baýramçylyk jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlanýar. Şu mynasybetli häzirki günlerde dürli çäreler işjeň alnyp barylýar. Aprel aýynyň 1-ine institutymyzda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle hem şol gün ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport,– sportda

Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek meýilleşdirilýär

Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilen iri halkara ýaryşlaryň tejribesinden ugur alyp, bu halkara ýaryşy ýurtda geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-nji martda çykaran Karary bilen «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ruhubelentligiň ýoly

Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Sportuň dünýä ýüzünde giň meşhurlyk gazanandygy üçin bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Döwletimiziň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport merkezleri, türgenleşik zallary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dürli görnüşli sport çäreleriniňdir bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwletimiziň sport abraýyny artdyrýar. Professional sport bilen bir hatarda, ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart-aprel aýlarynda «Tü

Ýaryş iki welaýatyň wekillerini jemledi

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebinde kýokşinkaý karate boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Kerki etrabyndan we Mary welaýatyndan türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde Kerki etrabynyň türgenleri toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň topary ikinji, Mary welaýatynyň türgenleri bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular.

70 türgenden 51 ýeňiş

Saýat etrabynda adaty karate boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen welaýatymyzyň birinjiligi Türkmenabat şäherinden we etraplarymyzdan sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň 100-den gowragyny özünde jemledi. Şolaryň 70-si biziň sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Röwşen Hudaýbergenowyň şägirtleridir. Ýaryş 6 ýaşdan başlap, 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda adaty karateniň kata, kumite görnüşleri we şahsy tutluşyklar boýunça geçirildi.

Milli oýunlaryň ezberleri

Takylatdy milli oýnumyz boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan ezber türgen Niginabanu Çaryýewa düzzüm boýunça 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenabat şäheriniň birinjiliginde hem öňdeligi hiç bir garşydaşyna gidirmedi. Welaýat merkezinden 28 türgeni özünde jemlän ýaryşda gyzlaryň arasynda ikinji orny Dilnaza Jumanyýazowa, üçünji orny bolsa Selbi Maşaripowa eýeledi. Ýeňiji gyzlaryň üçüsi hem Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy, welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiň türgenidir. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda çempion gyzlar bilen bir mekdepde okaýan türgenler Amir Öwezow bilen Sanjar Öwezow birinji we ikinji orunlary paýlaşdylar. Üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Alibek Ulugbekow eýeledi.

Mugallymlar ýaryşdylar

Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy etrap bilim bölümi «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde gurady. Etrabymyzdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşa mekdepleriň toparlary gatnaşdylar.