"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň hem yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan tutumly işleri türkmen sportunyň dünýä çykmagyny, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde hem dünýädäki abraýyny pugtalandyrýar. Şu ýylyň aprel aýynyň 15 — 20-si aralygynda paýtagtymyzda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi, onda türgenlerimiziň gazanan ýeňşi ata Watanymyzyň sport abraýyny äleme ýaýdy. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşda gazanan ynamly ýeňşi berkarar döwletimizde türkmen sportunyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Sport — sagdynlygyň sakasy

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamzada ähli işde aýratyn güýç-kuwwat, ruhy galkynyş, egsilmez joşgun paýlaýar. Şulary özünde jemlän berk bedenli, sagdyn ruhly ynsanlar şu günüň hazynasy bolmak bilen, geljegiň mynasyp dowamatyny döredijilerdir. Edil şonuň ýaly-da, sporty hemra edinen sagdyn bedenli raýatlar döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Häzirki döwürde ýurdumyz sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän abraýly merkezine öwrüldi. Bu, elbetde, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletimize eçilen ajaýyp miweleriniň nyşanydyr. Ýurdumyz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem türkmen sportunyň dünýä derejesindäki belent abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bu sport ýaryşynda «Galkan» toparynyň gazanan ýeňşi bolsa, türkmen türgenleriniň ezberliginiň hem-de Türkmenistanyň iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýändiginiň, ýurdumyzyň şeýle ugurdaky halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramagy başarýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Yhlas — üstünligiň gözbaşy

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşda bäsdeşler sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)», «Armrestling (el göreşi)», agyrlyk daşlary götermek, «Mas-restling», «Pauerlifting» ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu ýaryşda dürli agramlar boýunça türgenler çykyş etdiler. Bäsleşige Harby institutyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olardan 3-nji ýyl harby talyby Ybraýym Taşliýew sportuň «Mas-restling» görnüşi boýunça 105 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 4-nji ýyl harby talyby Abdyrahman Nurgeldiýew sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 66 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 5-nji ýyl harby talyby Çaryýar Zakirjanow sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 83 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 3-nji ýyl harby talyplar Babajan Bäşimow, Sanjar Jomardow sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)» görnüşi boýunça çykyş edip, baýrakly 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Harby talyplaryň bu üstünligi olaryň irginsiz zähmetiniň we yhlasly türgenleşiginiň miwesidir. Sport bäsleşiginiň ahyrynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlara we türgenleri bäsleşige ta

Gujur-gaýratly ezberler

Ynsan saglygyny ähli zatdan möhüm hasaplaýan, ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň berk bedenli, ahlak taýdan arassa, Watana wepaly nesil bolup ýetişmeklerini alada edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertleri döredip berýär. Häzirki wagtda türkmen türgenleri sport ulgamynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar döwletimiziň abraýyny artdyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Ýaňy-ýakynda Özbegistanda Eýranyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda Karate-do-nyň WKF görnüşi boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hem harby türgenlerimiz özleriniň ezberliklerini görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde gara guşagyň eýeleri — tejribeli türgenler, uly leýtenant Güýç Gökow, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Maksat Ödäýew we borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew dagy baýrakly 2-nji orna eýe bolmagy başardylar. Ýekebara tutluşykda bolsa, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň halypalyk etmeginde harby talyp Daýanç Keletliýew ussatlyk görkezip, baýrakly 3-nji orny eýeledi. Şeýle-de halypa tälimçi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň Aziýa Karate federasiýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda tälimçileriň arasynda geçirilen synaga gatnaşyp, bu synagy üstünlikli tabşyryp, 3 ýyllyk möhlet bilen «Aziýa

Ýeňişler we ýeňlişler

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 15-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary bilen duşuşdy. Ol oýunda diňe ýer eýeleriniň oýunçylary, ýagny 23-nji minutda Akmämmet Metdäýew, 59-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Elman Tagaýew, 62-nji, 85-nji minutlarda Gurbanmuhammet Esenow tapawutlandylar.

Zähmetkeşler ussatlygyny görkezdi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa edara-kärhanalardan we daýhan birleşiklerinden toparlaryň sekizi gatnaşdy. Zähmetkeşleri sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda “Sarahs” topary birinji, “Aýhan” topary ikinji, “Dagdan” topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport mekdebiniň birinjiligi

Sportuň erkin göreş görnüşinden Sarahs etrabynyň sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçen ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ýaryşda 2011—2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekler gatnaşyp, degişli agramlar boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşda 22 kilogram agram derejesinde Selim Şageldiýew, 24 kilogram agramda Meýlis Bäşimow, 27 kilogram agramda Mergen Batyrow, 30 kilogram agramda Han Arslanow, 33 kilogram agramda Abubekir Dörtgulyýew, 37 kilogram agramda Yslam Babageldiýew, 42 kilogram agramda Arslan Parahadow, 47 kilogram agramda Babahan Gurbanow ýeňiji boldular. Ýeňijilere sport mekdebi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryş güýçlüleri saýlady

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça mekdebiň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa toparlaryň altysy gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler. Ýaryşda G.Bekiýewiň tälim berýän “Akgaýa” topary birinji, tälimçi Ş.Rejepowyň “Dagdan” topary ikinji, Ý.Jumagylyjowden tälim alýan “Ýyldyz” toparynyň oýunçylary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport

Kikboksingçileriň ýeňşi Golaýda sportuň kikboksing görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň “Gökçe” sport desgasynda Aşgabat şäheriniň kubogy ugrunda açyk ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa jemi 400-e golaý türgen gatnaşdy.

Olimpiada — ýylyň esasy sport wakasy

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýeri Sporty hemra edinen adamlaryň arzuwlary bilen gyzyklanyp görüpmidiňiz?! Medal almak, kubok gazanmak, hormat münberine çykmak — bu sanalanlar hemme ýaryşlara mahsus bolan pursatlary göz öňünde janlandyrýar. Türgeniň şondan gaýry arzuwy bolup bilermi? Elbetde, bilmez. Ine, şu ýerde sporty hemra edinen ynsanyň arzuwy hakyndaky söhbediň soňky nokadynyň goýulmaly ýeri gelýär. Emma günleriň günlerden tapawutlanýandygy, hepdeleriň hepdelerden parhlanýandygy, pasyllaryň pasyllardan üýtgeşikdigi türgenleriň hem ýaryşlar baradaky garaýyşlaryna has çuňrak aralaşmaga çakylyk bolýar. Olaryň dünýäsi adaty adamlaryňka meňzemeýär. Köpçülikden tapawutlanýan bolsa, diýmek, bir aýratynlygy, belki-de, artykmaçlygy bardyr. Şol pikiriň yzyna düşüp hem türgenlere, hem-de olaryň tälimçilerine dil açdyryp bilseň, seni täsin bir dünýä çagyrar.

Altyn medala mynasyp boldy

Türkmenistanly tennisçi Aýlar Kakabaýewa Katarda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyň jübütleýin duşuşyklarynda altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi gazagystanly tennisçi Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Ýarym finalda gazagystanly Arujan Erjanowa bilen kanadaly Ewa Sawinony 6:2, 6:3 hasabynda ýeňen Kakabaýewa — Suşkowa jübüti çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşykda hindistanly Honi Jumani bilen katarly Danu Halifuny 7:5, 6:0 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Türkmen sportunyň şöhraty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri buýsançly duýgulary döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda guralan dürli derejedäki ýaryşlarda mynasyp bolan medallarynyň sany onlarçadyr. Bilşimiz ýaly, geçen aýda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary gazanan ajaýyp üstünligi bilen ulus-ilimizi begendirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň» ýylynyň şanly günlerinde türgenlerimiziň gazanan şol taryhy üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň barha rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy.

Meýletinçi ýaşlar ýaryşdy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň çäginde ýaşlaryň arasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň ýörite meýilnamasy esasynda guralan woleýbol ýaryşy hem täsirli çäreleriň biri boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň aýratynlyklary, meýletinçilik işiniň ýörelgeleri barada gürrüň berildi hem-de üstünlikler arzuw edildi. Bilim ojagynyň döwrebap enjamlaşdyrylan woleýbol zalynda geçirilen ýaryşda mekdep okuwçylaryndan — meýletinçilerden düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler.

Woleýbolçylaryň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňen türkmen woleýbolçylary halkara ýaryşyň çempionyny kesgitlejek final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Olar finalda ýer eýeleri — Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda ýeňildiler we ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.

«Arkadag» topary öňdeligi saklaýar

18-nji maýda ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minudynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň Arzuwguly Sapargulyýewiň derwezä gönükdiren pökgisi «Arkadagy» 2-0 öňe saýlady. 47, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýew 2 iki goly öz adyna ýazdyrdy. Begmyrat Baýow 51-nji minutda tapawutlanan bolsa, oýnuň ahyrky nokadyny Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren goly bilen goýdy. Maglumat üçin bellesek, bu möwsümde «Arkadag» futbol topary jemi 14 duşuşyk geçirip, ol oýunlaryň ählisini ýeňiş bilen tamamlady.

Futzal boýunça welaýatymyzyň birinjiligi

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň futzal görnüşi boýunça 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa toparlaryň bäşisi gatnaşdy. Ýaryşyň finalynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň we Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdylar. Bu aýgytlaýjy duşuşyk çekeleşikli geçip, güýçli topary öňe saýlady. Şeýlelikde onda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty üstün çykdy hem-de birinji orny eýeledi. Ikinji orna Ak bugdaý etrabynyň, üçünji orna Kaka etrabynyň toparlary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we medallary bilen sylaglandylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li spor­tuň kik­boks gör­nü­şi bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da­ky açyk ýa­ryş ge­çi­ril­di. Şol ýa­ry­şa ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­dan hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy. Ku­bok ýa­ry­şy­na 385 tür­gen gat­na­şyp, olar ýaş aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça öza­ra bäs­leş­di­ler.

Spor­tuň da­ba­ra­lan­ýan ýur­dy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­nyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rü­dir. Ga­raş­syz ýur­du­myz­da spor­tuň ösen ul­ga­my­ny dö­ret­mek, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da Ak­de­pe et­ra­by­nyň 7-nji sport mek­de­bin­de bas­ket­bol bo­ýun­ça 2008-2009-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.