«Florida Panters» topary taryhynda ilkinji gezek Stenli Kubogyny gazandy
Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de Stenli Kubogynyň eýesi belli boldy. 99-njy Stenli Kubogynyň ýeňijisi 7-nji duşuşykda belli bolup, ilkinji 3 oýunda (3:0, 4:1, 4:3) ýeňiş gazanan «Florida Panters» soňky 3 duşuşykda-da (8:1, 5:3, 5:1) «Edmonton Oýlers» toparyndan asgyn geldi. Ýöne Floridada oýnalan 7-nji duşuşykda ýeňiş «Florida Panters» toparynyň tarapynda boldy. Mattias Ýanmarkyň (6) goluna garşylyk Karter Werhageniň (4) hem-de Säm Reinhartyň (15) şaýbalary bilen ýeňiş gazanan (2:1) «Florida Panters» umumy hasapda 4:3 hasabynda öňe saýlandy. Şeýlelikde, «Florida Panters» topary NHL-iň taryhynda ilkinji gezek çempion bolup, Stenli Kubogyny gazanan 22-nji klub hökmünde hasaba alyndy. «Florida Panters» topary 1996-njy we 2023-nji ýyllardaky finalda ýeňlipdi. Stenli Kubogyny 5 gezek (1984, 1985, 1987, 1988, 1990) eýelän «Edmonton Oýlers» topary-da 1983-nji we 2006-njy ýyllardan soň 3-nji sapar finalda utuldy.