"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýannik Sinner möwsümdäki ýeňişleriniň sany boýunça birinji orna geçdi

Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner 2024-nji ýylda ATP ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri boýunça birinji orna geçdi. «Uimbldon» «uly tuwulgasynyň» üçünji aýlawynda Miomir Kesmanowiçiň üstünden 6:1, 6:4, 6:2 hasabynda gazanylan ýeňiş italiýaly tennisçi üçin möwsümdäki kyrk birinjisi boldy. Şeýlelikde, ol şu möwsümde 40 gezek garşydaşlaryndan üstün çykan Kasper Ruuddan öňe geçdi. Ýeri gelende bellesek, Ýannik Sinner şu möwsümde «Uimbldondan» öň 8 sany ýaryşa gatnaşyp, şolaryň 4-sinde çempion bolmagy başardy. Ol möwsümiň ilkinji «uly tuwulgasy» bolan «Awstraliýa açyk» turnirinde hem ýeňşini baýram etdi.

Kroos futboly, Ronaldu bolsa Ýewro-2024-i terk etdi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň çärýek finalynda ýer eýesi Germaniýany ýaryşdan çykardy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 51-nji minutynda Dani Olmonyň goly Ispaniýany hasapda öňe çykaran bolsa, Florian Wirziň 89-njy minutdaky dürs urgusy ýer eýelerini esasy wagtda ýeňlişe sezewar bolmakdan halas etdi. Oýnuň goşmaça wagty hem diýseň dartgynly geçdi. Goşmaça wagtda, has takygy, 106-njy minutynda Ispaniýanyň goragçysy Mark Kukurelýa öz jerime meýdançasynyň içinde Germaniýanyň ýarymgoragçysy Jamal Musialanyň derwezä depen urgusyny eli bilen gaýtardy, emma angliýaly emin Entoni Teýlor şol pursatda Germaniýanyň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny bermekden saklandy. 119-njy minutda Mikel Merinonyň kellesi bilen geçiren goly Germaniýany ýaryşdan çykardy. Bu gapma-garşylyk barada ýene bir bellenilmeli zat, duşuşyk Germaniýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroosyň karýerasyndaky ahyrky oýun boldy. Ol heniz ýaryş başlanmanka, Ýewro-2024-den soňra futbolçulyk karýerasyny tamamlajakdygyny mälim edipdi.

3 yklymda geçjek DÇ-2030-yň finaly Madridde oýnalar

6 ýurtda geçjek futbol boýunça 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly geçiriljek stadion belli boldy. DÇ-2030-yň aýgytlaýjy oýny Ispaniýanyň Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda oýnalar. Madridiň «Real» toparyna degişli stadion final oýny üçin durky abatlanandan soňra 85 müň janköýeri sygdyryp biler. Ýeri gelende bellesek, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlary Ispaniýa, Portugaliýa, Marokko, Urugwaý, Argentina hem-de Paragwaý döwletlerinde bolup geçer. Şeýlelikde, bu ýaryş birbada 3 yklymda geçirilen ilkinji dünýä çempionaty hökmünde taryha girer.

Argentinanyň milli ýygyndysy Kopa Amerikanyň çärýek finalynda

Argentinanyň milli ýygyndysy Kopa Amerikanyň çärýek finalynda Ekwadordan penaltiler seriýasynda üstün çykdy. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanan oýnuň ýeňijisini kesgitlän 11 metrlik urgularda Argentina 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala ýollanma aldy. Oýunda urlan gollara Argentinanyň düzüminde 35-nji minutda Aleks MakAllister, Ekwadoryň düzüminde bolsa 90+1-nji minutda Kewin Rodriges awtorlyk etdi. Ýeri gelende, Ekwadoryň kapitany Enner Walensiýanyň 62-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, Argentina ýarym finalda Kanadanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Çekeleşikli duşuşyklar

Sport we köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýeti hem bellenilmäge mynasypdyr. Golaýda Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda «Arkadag şäheri — sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Oňa bu uniwersitetiň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» toparlary gatnaşdy. Ýaryşyň ýarym finalynda «Nebitçi» bilen «Maliýeçi» toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ikinji ýarym finalda «Migrasiýa» we «Gala» toparlary oýnap, duşuşyk «Migrasiýanyň» ýeňşi bile

Halkara ýaryşlaryň medallary

29-30-njy iýunda Makaoda (Hytaý Halk Respublikasy) sambo boýunça geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda türkmen samboçylary 21 medala eýe boldular. Şolaryň 2-si altyn, 6-sy kümüş, galan 13-si bolsa bürünç medallardyr. Netijede Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi. Şeýlelikde, söweş sambosy boýunça Bagül Nuryýewa (50 kg) we Ruşana Nurjowowa (59 kg) altyn medala mynasyp boldular. Sport sambosy boýunça Kambar Umarow (71 kg), Agamyrat Bäşimow (88 kg), Aziza Nazarowa (50 kg), söweş sambosy boýunça Kerim Kerimow (64 kg), Zarina Abdyrahmanowa (54 kg), Sabina Agajanowa (+80 kg) kümüş medaly eýelemegi başardylar.

Doganlaryň täze ýeňişleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň türgeni, Polisiýanyň maýory Şöhrat Orazgeldiýewiň golaýda Türkiýäniň Mersin şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Dünýä kubogynda gazanan ajaýyp netijesi yhlas bilen çekilen zähmetiň öňde goýlan maksada ýetmegiň baş şertini emele getirýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Çünki bu ýaryşda altyn medallary gazanmagy maksat edinen Şöhrat şu ýylyň ilkinji günlerinden irginsiz türgenleşikleri köpugurly taýýarlyk işleri bilen utgaşdyrdy. Ýeri gelende bellesek, diýseň agyr şertleriň birnäçesini özünde jemleýän döwrebap sport görnüşi örän ýokary fiziki taýýarlygy, agyrdyjy, bogujy hem-de zyňyş emellerinden ýokary derejede baş çykarmagy, ykjam urgulary geçirmek başarnygyny talap edýär. Çünki sportuň bu görnüşi ylgamak, päsgelçiliklerden geçmek, nyşana atmak, pyçak zyňmak hem-de tutluşmak ýaly diýseň agyr talaplary özünde jemleýär. Ildeşimiz Şöhrat Orazgeldiýew hem öz zähmet çekýän ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde bu jogäpkärli hem möhüm synaga ykjam taýýarlyk gördi. Türgenleşikleriniň belli bir tapgyryny Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkezinde geçen zehinli türgen öz tälimçisi hem agasy Orazgeldi Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda has-da taplandy. Daglarda, baýyrlarda geçýän taýýarlyk işlerini suw howuzlarynda ýüzmek bilen utgaşd

Sport — üstünligiň açary

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň oňat dynç almaklaryny, olaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmeklerini, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, «Sport — üstünligiň açary» atly ýaryşlar geçirildi. Sportuň futbol we stol tennisi görnüşleri boýunça guralan bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi

Ýe­ne-de 2 ýyl­dan, has ta­ky­gy, 2026-njy ýyl­da ABŞ, Ka­na­da hem-de Mek­si­ka­da ge­çi­ril­jek 23-nji FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň Azi­ýa zo­la­gyn­da 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­ň bi­je­le­ri çe­kil­di. 2-nji tap­gyr­da şow­ly çy­kyş eden 18 ýy­gyn­dy 3-nji tap­gyr­da 3 to­par­ça paý­lan­dy. Her to­par­ça­da 6 to­par bo­lup, ola­ryň her­sin­den 2 ýy­gyn­dy Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şar. 3–4-nji orun­la­ry eýe­län­ler 4-nji saý­la­ma tap­gy­ra gat­na­şar. 4-nji tap­gyr­da-da 6 ýy­gyn­dy 2 to­par­ça bö­lü­ner we her to­par­ça­nyň ýe­ňi­ji­si Dün­ýä Ku­bo­gy 2026-nyň we­ki­li bo­lar. 4-nji tap­gy­ryň to­par­ça­la­ryn­da 2-nji ýe­ri alan­lar pleý-off oý­nu­ny oý­nar we ýe­ňiş ga­za­nan ýy­gyn­dy baş­ga bir yk­ly­myň we­ki­li bi­len du­şu­şar. Mah­la­sy, Azi­ýa­dan azyn­dan 8 ýy­gyn­dy gat­na­şar we 9-njy ýy­gyn­dy bol­sa yk­lym­la­ra­ra­sy pleý-off du­şu­şy­gyn­dan soň gat­naş­mak hu­ku­gy­ny ga­za­nyp bi­ler. Azi­ýa zo­la­gy­nyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry – 1-6-njy du­şu­şyk­lar şu ýy­lyň güý­zün­de (5-nji, 10-njy sent­ýabr, 10-njy, 15-nji okt­ýabr, 14-nji, 19-njy no­ýabr), ga­lan 4 du­şu­şyk bol­sa gel­jek ýy­lyň mart (20-nji, 25-nji mart) hem-de iýun (5-nji, 10-njy iýun) aý­la­ryn­da ge­çi­ri­ler. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, «A» to­par­ça­da Eý­ra­nyň, Ka­ta­ryň, Öz­be­gis­ta­nyň, BAE-niň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň, «B» to­par­ça­da Gü­nor­ta Ko­re

Şadyýan tomus

«Bagtyýar nesildäki» sport bäsleşikleri

Mekdep okuwçylaryň welaýat birinjiligi geçirildi

Golaýda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen «Altyn top» atly kiçi futbol ýaryşy hem-de okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen şaşka ýaryşy örän gyzykly boldy. «Altyn top» atly kiçi futbol ýaryşy Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilip, oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan ýeňiji bolan oglanlar toparlary gatnaşdylar. Ýaryş aýlaw esasynda geçirildi. Şeýlelikde, ökdeler ýüze çykarylyp utuk sanlarynyň has köplügi bilen Şabat etraby birinji, Daşoguz şäheri ikinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary üçünji orunlary eýelediler. Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebinde geçirilen okuwçy oglan-gyzlaryň arasyndaky şaşka ýaryşynda okuwçylar toparlaýyn aýlaw esasynda bäsleşdiler. Her toparyň düzüminde bir oglan we bir gyz bolan bu oýunda Görogly etrabynyň ýaşajyk türgenleri 12 utuk toplap birinji, 11,5 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ikinji, 8 utuk bilen Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Samboçylaryň nobatdaky ýeňşi

Türkmen türgenleri sambo we söweş sambosy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda baýrakly orunlaryň ençemesini eýelediler. Dünýäniň 21 döwletinden 244 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda türgenlerimiz jemi 21 medaly eýelemegi başardylar. Olaryň 2-si altyn, 5-si kümüş, 14-si bürünç medallardyr. Ildeşlerimiziň halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyny äşgär edýär.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sport ulgamynda uly üstünliklere ýetilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Sport bilen meşgullanmak, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek adamyň döredijilikli zähmeti, durmuş işjeňligi we ruhubelentligi üçin ähmiýetlidir. Şonuň üçin ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Kämilligiň ýoly saglykdan başlanýar

Adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyklaryň biri hem saglyk bolsa gerek. Gadymy grek akyldary Sokrat: «Saglyk — ähli zat diýmek däl. Emma saglyk bolmasa ähli zat hiç zatdyr» diýip belleýär. Şundan ugur alynsa adam ömrüniň ähli lezzeti, şatlyk-şowhuny saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň beden, akyl we ruhy taýdan sagdyn bolýandygy ylmy esasda subut edilendir. Saglyk we sport — bu aýrylmaz bitewi düşünjelerdir. Sebäbi sport bilen dowamly meşgullanmak ynsana saglyk we bagtyýarlyk eçilýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanda tutanýerlilik, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler kemala gelýär, döredijilik höwesi artýar. Şu nukdaýnazardan, ynsanlaryň, hususan-da, ýaş nesilleriň durmuşynda sportuň bimöçber ähmiýetiniň bardygyny ikirjiňlenmän aýtmak bolar.

Milli oýunlar boýunça ýaryş

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde wagtyny ruhubelentlikde geçirýän bagtyýar çagalar ýaryşa höwesli gatnaşmak bilen, türkmen milli oýunlarynyň tanap çekmek, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we türkmen milli oýunlaryna bolan höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde tanap çekmekde «Bagtyýar nesil» topary, ýaglyga towusmakda «Gökdere» topary üstün çykdy. Ýaryşyň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Sport

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň sport zalynda dil we eşidiş taýdan maýyplygy bolan türgenleriň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesi boýunça, zenanlaryň arasynda daşoguzly türgenler Suraý Annamyradowa birinji, Güläsel Seýitmedowa ikinji, Lebap welaýatynyň türgeni Jumagül Jumaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. On alty ýaşa çenli gyzlaryň arasynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Malak Jumaniýazowa ýurdumyzyň çempiony boldy, lebaply türgen Miwegül Ýagmurowa bilen balkanly türgen Intizar Amanowa ýeňiş münberiniň ikinji we üçünji derejelerini eýelediler.

Ruhubelentlige beslenen ýaryş

Kaka etrabynyň çägindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň meýilnamasy esasynda gyzykly çäreler geçirilýär. Sportuň kiçi futbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça guralan ýaryş hem şeýle çäreleriň biri boldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda geçen ýaryş ýaş nesle sport ussatlygyny ýüze çykarmaga, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge özboluşly mümkinçilik döretdi. Kiçi futbol ýaryşynda özara güýç synanyşan toparlaryň arasyndaky duşuşyklara gyzyklanma ýokary boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde «Abiwerd» topary üstün çykdy.

Sagdyn beden — sagdyn ruh

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde ýerleşýän 2-nji sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Etrapdaky 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň woleýbolçylar toparlary öňdäki orunlary eýelediler. Ýaryş ýaşlaryň sportuň bu görnüşine uly höwes bildirýändiklerini, bu ugurda olaryň barha ýokary netijelere eýe bolýandyklaryny görkezdi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde sport mekdebimizde beýleki ugurlar boýunça hem ýaryşlary guraýarys. Olarda «Sagdyn beden — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alýarys.

Çeper gimnastika: 39 türgenden 29 medal

Ýurdumyzyň ýaşajyk gimnastikaçylary Daşkent şäherinde indi 14-nji gezek geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň 29-syna mynasyp boldular. Munuň özi 39 türgenimiziň agramly böleginiň medal gazanandygyny görkezýär. Hoş habaryň has guwandyryjy tarapy, 6 — 16 ýaş aralygyndaky aşgabatly, maryly we türkmenbaşyly türgenleriň 18 altyn, 10 kümüş we bir bürünç medal gazanmagydyr. Halkara ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykanlaryň arasynda Gurbanjemal Ýagşymyradowanyň, Maýagözel Amanowanyň, Seýrana Hemraýewanyň, Ýewa Strelsowanyň, Sofiýa we Ameliýa Bensleriň, Reýhan Amanowanyň, Mahym Gurbanowanyň, Bogdana Kotukowanyň, Sara Gulberdiýewanyň, Ada Aýlin Günaslanyň, Lolota Awanesowanyň, Sara Hojaahmedowanyň, Irina Kononowanyň, Medine Akyýewanyň, Amaliýa Alekperowanyň, Leýli Batyrowanyň we Patma Kambarowanyň atlaryny görýäris. Sofiýa Tawarasýan, Aýna Akyýewa, Ýuliýa Malsewa, Inara Hanowa, Gözel Gurbanowa, Aýsen Abdyllaýewa, Aýperi Garajaýewa, Aýnur Täçgulyýewa, Enaý Hakyýewa, Halifa Jawadowa bolsa halkara ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular. Ýeke-täk bürünç medal Selin Başyrowanyň paýyna düşdi.

Woleýbolda erjeller ýeňdi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça mekdebiň birinjiligi geçirildi. Etrabyň sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda geçen ýaryş gyzykly boldy. Ýaryşda tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary üstün çykdy. Onda ikinji orny tälimçi Rejepdurdy Şyhymowdan tälim alýan “Berkarar” topary, üçünji orny Söýenç Gulgeldiýewiň tälim berýän “Arkaç” topary eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.