"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde öňdäki orunlarda barýar

Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyry hem türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy. Ýaryşyň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler. 555,42 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1200 — 2150 metr belentlikde dowam etdi.

Röwşen geljegimiziň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, adamlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetde, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, ylymda-bilimde uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ösmegine, ylym-bilim öwrenmeklerine ähli şertler bar. Şunda ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi sport bilen baglanyşyklydyr, çünki sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gözbaşydyr, kämilligiň binýadydyr. Ruhubelentlik, bagtyýarlyk we sagdynlyk ýaşlarymyzyň sporta, bedenterbiýä bolan islegini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamyny ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport desgalarynyň gurulmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna, ussat türgen bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilik döredilendir. Munuň özi sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Çempionat 5 -8-nji iýul aralygynda geçdi. Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler uly üstünlige eýe boldular. Türkmen ekipažy bu abraýly ýaryşda üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde, doganlar Merdan (sürüji) hem-de Şöhrat (şturman) Toýlyýewlere çempionatyň Kubogy gowşuryldy.

Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy

Golaýda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde küşt boýunça 1-nji ýere Sähra Berdiýewa, 2-nji ýere Aknur Ýagmyrowa, 3-nji ýere Gülnur Abdullaýewa, şaşka boýunça 1-nji ýere Irada Zakirowa, 2-nji ýere Anna Iwanowa, 3-nji ýere Aýzada Illiýewa dagy mynasyp boldular. «Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlarynyň arasynda geçirilen tanap çekmek ýaryşynda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

«Ýüpek ýoly ― 2024» rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda

5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar. 2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Toýlyýew şu gezekki ýaryşda-da yzda galan üç tapgyrdan soň çempionlyga has ýakyn topardyr.

Futbol janköýeri

Maý aýynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä futbol gününi döredendigi baradaky habaryň ýaýran wagty bu wakanyň kalbynda şatlyk döreden adamlarynyň hatarynda bardygym üçin galama ýapyşman bilmedim. Resmi maglumatlara salgylansaň, dünýä ýüzünde futbol bilen meşgullanýan we oňa tomaşa edýän adamlaryň sany 5,5 milliarddan hem geçýär. Munuň özi dünýäde her ikinji adamyň bu täsin oýnuň täsirini duýup ýaşaýandygyny görkezýär. Şol täsir hakda gürrüň etmek üçin janköýer bolmak gerek. Çünki janköýer diňe bir futbola tomaşa edip oňanok. Ol futbol bilen ýaşaýar. Ony hemişelik hemrasyna öwürýär. Diýmek, söýýär. Söýgi hem hil-hil bolýar. Durmuşa söýgi, Watana söýgi, ene-ata söýgi, perzende söýgi... Bu sanawyň soňuna tükeniksizlik alamatyny goýsaň gowy. Eger şeýtsek, şu ýerde «ertekimiz» tamam bolar. Emma biz ony tamamlamak üçin başlanam bolsak, sözümizi garaşylyşyndan ir jemlemegi nazara almandyk. Çünki söhbedimiz başlanýan ýeri bolsa-da, gutarýan ýeri ýok hasap edilýän futbola söýgi barada bolansoň, Bütindünýä futbol güni mynasybetli okyjylara, şol sanda janköýer kärdeşlerimize içimizi dökmek isledik.

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, netijeli işler amala aşyrylýar. Sporta höwesek ýaşlaryň sany artyp, döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde, sport desgalarynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Tejribeli tälimçilerden tälim alýan türgenler özleriniň ussatlyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýändigine şaýatlyk edýär.

Kim çalasyn?!

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Hereketli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höweslerini artdyrmak maksat edinildi. Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşyň esasy duşuşygynda “Abiwerd” we “Galkan” toparlary özara bäsleşdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan duşuşykda “Abiwerd” topary üstün çykdy. Şeýlelikde, “Abiwerd” topary birinji, “Galkan” topary ikinji, “Güneş” topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gyzykly geçen bäsleşikler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak, şeýle hem olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly 2024» rallisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

«Ýüpek ýoly 2024» rallisine badalga bermek dabarasy 5-nji iýulda agşam Tomskda geçirildi. Bu ýerde on günüň dowamynda bäş müň kilometri külterlejek we ýaryşy Mongoliýanyň paýtagtynda tamamlajak ekipažlar tanyşdyryldy. Müňlerçe janköýeriň ulaglarynda alyslara ýol saljak ekipažlary mübäreklemäge hem-de T1 ulaglaryndan başlap, köp tonnalyk agyr ýük awtoulaglaryna çenli öz gözleri bilen görmäge ýygnanmagy ajaýyp dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 2009-2010-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da FI­FA-nyň «Ze­hin­li­le­ri ös­dür­mek tas­la­ma­sy­nyň» (FI­FA TDS) çä­gin­de Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň «Ga­raş­syz­lyk» sport des­ga­syn­da guraldy. Oňa we­la­ýa­tyň et­rap­la­ryn­dan, Da­şo­guz şä­he­rin­den hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den fut­bol­çylar gat­naş­dy­. Ýa­ryşda aý­law gör­nü­şin­de çe­ke­le­şik­li bäs­leş­di­ler.

Agyr atletikaçylaryň şowly çykyşy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­me­nis­ta­nyň agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň (U-17) açyk ýaş­lar çem­pio­na­tyn­da 13 me­dal ga­zan­dy­lar

Sam­bo­çy­la­ryň üs­tün­li­gi

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 25 — 30-njy iýun ara­ly­gyn­da dost­luk­ly Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­kao şä­he­rin­de spor­tuň sam­bo we sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri hem gat­na­şyp, me­dal­la­ryň 21-si­ne: 2 al­tyn, 5 kü­müş, 14 bü­rünç me­da­la eýe bol­du­lar.

Ronaldomy, Messi?

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 2-nji iýu­lyň Sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­di­gi me­ni ta­na­ýan­la­ryň ara­syn­da di­ňe Şü­kür­ba­ýe­wi­çiň ýa­dy­na dü­şüp­dir. Hat­da dog­lan gü­ne hem kän bir äh­mi­ýet ber­me­ýän ada­my hal­ka­ra hü­när baý­ra­my bi­len bag­ly gür­rüň­ler gy­zyk­lan­dyr­ma­jak ýa­ly. Em­ma ony fut­bol bi­parh goý­ma­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne öle­men fut­bol jan­kö­ýe­ri Sü­leý­ma­n bi­len du­şu­şan wagt­la­ry has aý­dyň göz ýe­ti­rip bol­ýar. Bu ge­zek «EURO 2024» we «Copa Ame­rica» (2024) bi­len baş­la­nan gür­rüň «Ro­nal­do­my, Mes­si?» di­ýen ri­to­ri­ki so­wa­la öw­rü­len jüm­le bi­len jem­len­di. Eger 5-nji gat­da­ky iş ota­gy­ma, oz­al­ky­la­rym ýa­ly, bas­gan­çak bi­len gel­sem, oý­lan­ma­ga wag­tym bol­jak­dy. Lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nan­ly­gym üçin pi­kir­len­mä­ge ma­ýym bol­ma­dy. Şu gys­ga pur­sat­da fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ýyl­dyz­la­ry ýat­la­ma­ga ça­lyş­dym.

Iri sport bäsleşigine taýýarlyk

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu gün­ler­de üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 26-njy iýu­ly — 11-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky XXXIII Olim­pi­ýa we XVII Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na spor­tuň kes­git­le­nen gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň taý­ýar­lyk­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de do­wam ed­ýär. Mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zyň tür­gen­le­ri ýur­du­my­zyň çä­gin­de, şeý­le hem dost­luk­ly ýurt­lar­da ge­çi­ri­len okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­na, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra, dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­na gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­di­ler.

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň taryhy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Olim­pi­ýa oýun­la­ry il­kin­ji ge­zek 1896-njy ýy­lyñ 12 — 21-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Gre­si­ýa­nyñ paý­tag­ty Afi­ny şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. Bu oýun­la­ra spor­tuñ 9 gör­nü­şi bo­ýun­ça je­mi 241 sa­ny er­kek tür­gen gat­naş­ýar.

Ata­ly-ogul bir to­par­da çy­kyş eder

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Mun­dan ozal, NBA-nyň ta­ry­hyn­da bas­ket­bol meý­dan­ça­sy­ny bi­le­lik­de paý­la­şan ata­ly-ogul bol­man­dy...

Alp Ars­lan Be­gen­jow Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň (U23) bü­rünç me­da­ly­na my­na­syp bol­dy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­men tür­ge­ni Alp Ars­lan Be­gen­jow er­kin gö­reş bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da (U23) bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Ýa­ryş 22 — 30-njy iýun ara­ly­gyn­da Ior­da­ni­ýa­nyň Am­man şä­he­rin­de geç­di.

Sport äleminiň we diller dünýäsiniň ýaş muşdagy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­me­nis­tan — sag­dyn be­den­li hem sag­dyn ruh­ly bag­ty­ýar ne­sil­le­riň Wa­ta­ny. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ýur­du­my­zyň ýaş sport­sö­ýer­le­ri-de aý­dyň­ly­gy bi­len de­lil­len­dir­ýär. Şeý­le ýaş sport muş­dak­la­ry­ň bi­ri-de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 32-nji or­ta mek­de­bi­niň uçu­ry­my bo­lan Mae­de Ab­ba­so­wa­dyr. Or­ta mek­de­bi üs­tün­lik­li ta­mam­lan Mae­de 4 ýyl bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ýaý aty­jy­lyk fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýaý aty­jy­lyk sport gör­nü­şi­ne gat­na­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re iş­jeň gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şa­ran ýaş tür­gen gy­zyň üs­tün­lik­le­ri ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Jon Jons indiki söweşini 9-njy noýabrda geçirer

Agyr agramda «UFC-niň» çempiony Jon Jons indiki söweşiniň haçan we kim bilen boljakdygyny mälim etdi. Türgeniň aýtmagyna görä, ol 9-njy noýabrda geçiriljek «UFC 309» söweş agşamynda Stipe Mioçiçe garşy oktagona çykar. Bu turnir uly ähtimallyk bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriler. Aslynda, Jons – Mioçiç tutluşygy 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilmelidi. Emma Jonsuň türgenleşikde şikes alandygy sebäpli, söweş yza süýşürildi.