"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Spor­tuň ro­waç­ly­ga bes­len­ýän döw­ri

Şu ýyl Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy dün­ýä do­lan da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­jek Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da ge­çen şöh­rat­ly ýyl­la­ryň do­wa­myn­da äh­li ugur­lar­da ägirt uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Ösüş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, el­bet­de, ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da ama­la aşy­ry­lan nus­ga­lyk iş­ler ba­ra­da hem buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan bin­ýa­dy goý­lan sport ul­ga­my­nyň ösüş­li ýo­lu­nyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan has-da öňe iler­le­ýän­di­gi, uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagyndaky çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça «Gökdere kubogy» ugrunda merkezara ýaryş geçirildi. Sapaly jülgedäki çagalar dynç-alyş we sagaldyş merkezleriniň toparlarynyň hem-de dynç alýan oglan-gyzlaryň aýratyn tapawutlananlary ýüze çykarylyp, olara ýörite sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Üstünlikden —üstünlige

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ulsumyza nusgalyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda tälimçileriň alyp barýan ýokary derejeli işi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem tejribeli tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Şolaryň biri hem sport mekdebiniň söweş sambo boýunça tälimçisi, milli ýygyndy toparyň tälimçisi Dawut Nuryýewdir. Onuň şägirtleri ýakynda Makao şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa hem-de Okeaniýa çempionatyna gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri şowly çykyş edip, 21 medala mynasyp boldular. Şolaryň 2-si altyn, 6-sy kümüş, 13-si bolsa bürünç medallardyr. Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi.

Nurananyň arzuwy

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyz bu belent ykrarnamany sport ulgamynda amala aşyrylan beýik işleriň netijesinde gazandy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan şol işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr» diýip nygtaýar. Ine, döwrüň şol möhüm talabyndan ugur alyp, sport bilen yzygiderli meşgullanýan, ony durmuşynda hemişelik hemra edinen ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyrýar. Biziň söhbedini etjek türgen gyzymyz, Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Janmämmedowa hem şeýle ýaşlaryň biridir. Sporta söýginiň, höwesiň çagalygyndan bäri kalbynda ymykly orun alandygyny nygtaýan Nurana Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň boks boýunça gurnagyna mundan dört ýyla golaý ozal gatnap başlaýar. Şondan bäri hem bu sport mekdebinde tälimçi doganlar Azat we Eýýup Hajynurowlardan tälim alyp gelýän türgeniň kem-kemden kämilleşýändigine onuň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen netijele

Türk­meniň mil­li oýun­la­ry — terbiýe mekdebi

Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri türk­men hal­ky ça­ga ter­bi­ýe­si­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lap ge­lip­dir. Ene-ata­la­ryň her bi­ri öz ça­ga­sy­nyň sag­dyn, berk be­den­li, bi­lim­li, so­wat­ly, ru­hy hem fi­zi­ki taý­dan ösen şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne örän uly äh­mi­ýet be­rip­dir, bu me­se­lä dün­ýä­dä­ki iň wa­jyp ze­rur­lyk hök­mün­de ga­rap­dyr. Türk­men hal­ky mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny asyr­la­ryň do­wa­myn­da baý­laş­dy­ryp, has-da kä­mil­leş­di­rip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­rip­dir. Uly ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti bo­lan mil­li oýun­lar hem baý mi­ra­sy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Türk­men hal­ky­nyň me­de­ni we ru­hy baý­ly­gy­nyň sal­dam­ly bö­le­gi bo­lan türk­men mil­li oýun­la­ry en­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­räp­dir we kem-kem­den kä­mil­le­şip­dir. Olar asyr­lar­bo­ýy dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lup, hal­kyň ru­hy-me­de­ni is­leg­le­ri­ni kanagatlandyrmaga, dur­mu­şy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge ýar­dam edip­dir. Şo­ňa gö­rä-de, adam­lar bu oýun­la­ryň has gy­zyk­ly­la­ry­ny, peý­da­ly­la­ry­ny we çuň ma­ny­ly­la­ry­ny ne­sil­den-ne­si­le ge­çi­rip, şu gün­le­re ýe­ti­rip­dir­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de hem toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan mil­li oýun­la­ry­myz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hormatly Prezidentimiziň üns-ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de tä­ze rö­wüş­de ös­dü­ril­ýär.

37 ýyl­lyk ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­di

Ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän «Göw­her Li­ga­nyň» Pa­riž­dä­ki tap­gy­ryn­da ta­ry­hy re­kord ha­sa­ba alyn­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da be­ýik­li­ge bök­mek­de 37 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy tä­ze­len­di. Uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çih 2,10 metr be­ýi­ge bö­küp, bol­ga­ri­ýa­ly Stef­ka Kos­ta­di­no­wa­nyň re­kor­dy­ny öz ady­na ge­çir­di. Kos­ta­di­no­wa 1987-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Rim­de ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 2,09 met­re bö­küp­di. Onuň re­kor­dy­ny 37 ýyl­lap tä­ze­le­mek hiç ki­me ba­şart­man, ahy­ry Dün­ýä­niň hem Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bü­rünç me­da­ly­nyň eýe­si, 22 ýa­şyn­da­ky uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çi­he mi­ýes­ser et­di. Ýa­ry­şyň çä­gin­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da 1500 met­re yl­ga­mak­da ke­ni­ýa­ly Fa­it Kip­ýe­gon özü­ne de­giş­li re­kor­dy 7 mil­li­se­kunt ös­dür­me­gi ba­şar­dy. Ol ge­çen ýyl­ky 3 mi­nut 49,11 se­kunt­lyk re­kor­dy­ny 3 mi­nut 49,04 se­kun­da çy­kar­dy.

945 gün­den soň il­kin­ji bi­rin­ji­lik

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Beýik Britaniýanyň Sil­wers­to­un şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­di. 52 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 2-nji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şy­ny 1 sa­gat 22 mi­nut 27,059 se­kunt­da ta­mam­lap, 945 gün­den soň F1 ýa­ry­şyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ýag­ny ol soň­ky ge­zek F1-de 2021-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny «Gran Pri­sin­de» ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Bu onuň 104-nji ýeň­şi bo­lup, ol öz re­kor­dy­ny ös­dür­di. Şeý­le-de, 39 ýa­şyn­da­ky Ha­mil­ton bir «Gran Pri­de» 9-njy ýeň­şi­ni ga­za­nyp, bu ugur­da-da re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen eýe­le­di. Ol ýe­ňi­ji­den 1,465 se­kunt yza gal­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris çyk­dy. Onuň awst­ra­li­ýa­ly to­par­da­şy Os­kar Piast­ri­niň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Kar­los Saýns Ju­ni­or 5-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell 33-nji aý­law­da ula­gyn­da dö­rän nä­saz­lyk se­bäp­li ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di.

Bi­rin­ji or­na çy­ka­ran ýe­ňiş

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 9-njy ýa­ry­şy Ger­ma­ni­ýa «Gran Pri­sin­de» «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňi­ji bol­dy. Ol ýur­duň Sak­so­ni­ýa we­la­ýa­tyn­da­ky Zak­sen­ring tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 30 aý­la­wy 40 mi­nut 40,063 se­kunt­da ta­mam­lap, bas­syr 4-nji, möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 24-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Ducati Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­le­ri – do­gan­lar Mark Mar­kes 2-nji, Aleks Mar­kes 3-nji or­ny eýe­le­di. Mark ýe­ňi­ji­den 3,804 se­kunt, Aleks 4,334 se­kunt yza gal­dy. Ger­ma­ni­ýa «Gran Pri­si­niň» çä­gin­de ge­çi­ri­len sprint bäs­le­şi­gin­de is­pa­ni­ýa­ly Hor­ge Mar­tin («Ducati Pri­ma Pra­mac») 1-nji, por­tu­ga­li­ýa­ly Mi­gel Oli­wei­ra («Ap­ri­lia Trackhou­se») 2-nji, Fran­çes­ko Ba­naia 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

«Ba­wa­ri­ýa» Lon­do­nyň klub­la­ryn­dan 2 fut­bol­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry «Pre­mi­er Li­ga­dan» 2 fut­bol­çy trans­fer et­di. Mün­hen­li­ler il­ki Kris­tal Pa­la­syň 22 ýa­şyn­da­ky fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Maýkl Oli­se­ni 60 mil­li­on ýew­ro (53+7) dü­zü­mi­ne goş­dy. «Ba­wa­ri­ýa» Oli­se bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Oli­se «Kris­tal Pa­las» to­pa­ryn­da 3 möw­süm­de 90 oýun­da 16 gol ge­çir­di. Oli­se «Kris­tal Pa­las­dan» öň «Re­ding» to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­di. Oli­se Pa­riž 2024-de Fran­si­ýa­nyň Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eder. Ne­mes klu­by Lon­do­nyň baş­ga bir to­pa­ry «Ful­ham­dan» hem por­tu­ga­li­ýa­ly 29 ýa­şyn­da­ky ýa­rym­go­rag­çy Žoao Pa­lin­ýa­ny 56 mil­li­on ýew­ro (51+5) trans­fer et­di. Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da hem çy­kyş eden Pa­lin­ýa mün­hen­li­ler bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. Pa­lin­ýa «Ful­ham­da» 2 möw­süm­de 79 oýun­da 8 go­ly der­we­zä gi­riz­di. Ol «Ful­ham­dan» öň «Bra­ga», «Be­le­nen­seş», «Mo­rei­ren­se», «Spor­ting» klub­la­ryn­da hem oý­na­dy.

Çärýek final duşuşyklary

Ispaniýa uly ýaryşlarda Germaniýadan utulanok

Ispaniýa 5-nji, Ang­li­ýa yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek fi­nal­da

Futbol boýunça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da il­kin­ji fi­nal­çy Ispaniýanyň ýygyndysy boldy. Mün­hen şä­he­rin­dä­ki «Al­lianz Are­na» sta­dio­nyn­da du­şu­şan Is­pa­ni­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun diý­seň çe­ke­le­şik­li ýag­daý­da geç­di. Du­şu­şyk­da ha­sa­by il­kin­ji bo­lup fran­suz­lar aç­dy. Oý­na er­jel baş­lan Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da 9-njy mi­nut­da Ki­li­an Mbap­pe­niň pa­syn­y Ren­dal Ko­lo Mua­ni kel­le­si bi­len süsüp, to­py der­we­zä gi­riz­di. Ýö­ne is­pan­la­ry­ňam jo­ga­by gi­jik­me­di. 21-nji mi­nut­da çem­pio­na­tyň iň ýaş fut­bol­çy­sy, 13-nji iýul­da 17 ýa­şy­ny dol­dur­jak La­min Ýa­mal owa­dan gol bi­len ha­sa­by deň­le­di. Ol bu go­ly ge­çir­mek bi­len çem­pio­na­tyň çä­gin­de ta­pa­wut­la­nan iň ýaş fut­bol­çy bol­dy (16 ýaş 362 gün). Bu gol­dan 4 mi­nut so­ňam is­pan­lar ýe­ne ta­pa­wut­la­nyp, öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy. Da­ni Ol­mo­nyň ýa­kyn ara­lyk­dan uran bat­ly ur­gu­syn­da top Žul Kun­de­niň aýa­gy­na de­gip der­we­zä gir­di. UEFA ta­ra­pyn­dan gol il­ki Kun­de­niň aw­to­go­ly diý­lip ýa­zy­lan hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len gol Ol­mo­nyň ady­na bel­len­di. Bu du­şu­şyk­da­ky soň­ky gol bol­dy. 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da, tu­tuş 2-nji ýa­rym­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry ha­sa­by üýt­get­mä­ge ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şun­luk­da, Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň bäşinji gününde türkmen sürüjisi ýeňiji boldy

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler. T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ekipažy bäşinji tapgyryň ýeňijisi boldy. Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy tapgyryň bellenen menzilini ilkinji bolup geçdi. Bu ýaryşda ikinji netijäni «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparyndan Mihail Mitýaýew görkezdi. Ol umumy hasapda birinji orny eýeleýän Andreý Suşensowy yzda galdyrdy.

Ýew­ro­pa kos­mo­sa do­lan­dy

Ýew­ro­pa kos­mos agent­li­gi (ESA) ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan «Aria­ne 6» ra­ke­ta­sy uçu­ryl­dy. Fran­suz Gwi­ne­ýa­syn­dan uçu­ry­lan gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len üç sa­ny eme­li hem­ra top­lu­my kos­mo­sa ibe­ril­di. Tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy 4 mil­liard ýew­ro bo­lup, ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ne bir ra­ke­ta­nyň uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Fran­si­ýa­nyň CNES kos­mos agent­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Fi­lip Bap­tis­te bu wa­ka «Ýew­ro­pa kos­mo­sa do­lan­dy» di­ýen söz­ler bi­len ba­ha ber­di. Gö­te­ri­ji ra­ke­ta­ «Air­bus AIR.PA» we «Saf­ran SAF.PA» kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de dö­re­di­len «Aria­neG­ro­up» ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Il­ki­baş­da ra­ke­ta­nyň 2020-nji ýyl­da uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Mun­dan ozal­ky «Aria­ne 5» ra­ke­ta­sy bir ýyl­dan gow­rak wagt ozal ula­nyş­dan gal­dy­ryl­dy.

Ber­lin­de uly fi­nal: Is­pa­ni­ýa – Ang­li­ýa

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­na­ly 14-nji iýul­da, ýag­ny ýek­şen­be gü­ni ýa­ry­gi­je­de (00:00) baş­la­nar. Ber­lin­dä­ki 71 müň orun­lyk (çem­pio­nat üçin) «Olym­pi­as­ta­di­on»-da oý­nal­jak fi­nal­da Is­pa­ni­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar­lar. Du­şu­şyk­da fran­si­ýa­ly emin Fran­sua Le­tek­sie jür­le­wük ça­lar. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji, Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji ge­zek fi­nal­da çy­kyş eder. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 3 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na en­tek yk­lym ýa­ry­şy­nyň ýeň­şi mi­ýes­ser et­me­di. Is­pa­ni­ýa 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, 1984-nji ýyl­da-da finalda ýeň­lip­di. Bas­syr 2-nji ge­zek fi­na­la çy­kan Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan 3 ýyl öň Lon­don­da oý­na­lan fi­nal­da Ita­li­ýa­dan as­gyn ge­lip­di. Is­pa­ni­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy şu fi­na­la çen­li öza­ra 27 du­şu­şyk ge­çir­di­. Şo­lar­da Is­pa­ni­ýa 10 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan bol­sa, Ang­li­ýa 13 du­şu­şyk­da garşydaşyndan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. 4 du­şu­şyk bol­sa deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Is­pan­la­ryň 32 go­lu­na iň­lis­ler 45 gol bi­len jo­gap ber­di­ler.

«Ýüpek ýoly» rallisiniň altynjy tapgyry: M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji, M.Daňatarowyň topary üçünji boldy

«Ýüpek ýoly» rallisiniň Mongoliýanyň Howd şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn ugur boýunça geçen altynjy tapgyry ýaryşyň iň uzyn bölegini özünde jemledi. 542,30 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1040 — 1750 metr belentlikdäki çarkandakly menzillerden uzady. Türkmen ekipažlarynyň gatnaşmagynda geçýän T2 ýaryşynyň altynjy tapgyrynda hem ýeňiş gazanan Andreý Suşenkow umumy hasap boýunça eýeleýän birinji ornuny kiç kime bermedi. Ildeşlerimiziň esasy bäsdeşlerinden biri bolan «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Mihail Mitýaýewiň ulagy tehniki meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa onuň garşydaşlaryndan 10 sagat çemesi gijä galmagyna getirdi. Bäsleşikde ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanýan «Podmoskowýe» toparynyň wekili Anton Melnikowyň ulagynyň herketlendirijisi dykyldy we ol ýaryşy wagtyndan öň tamamlamaga mejbur boldy.

Tolkunlardan galkynýanlar

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndysynyň agzalary baş tälimçi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda Gruziýa Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Ýygnanyşygyň dowamynda, esasan hem, Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek suwda ýüzüjileriň taýýarlygyna üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Tomusky Olimpiýa oýunlaryny şu ýyl Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri kabul edýär. 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli aralykda Oýunlara Türkmenistandan suwda ýüzüjileriň ikisi gatnaşar. Olar halkara derejeli sport ussady Musa Jalaýew bilen sport ussady Aýnura Primowadyr.

Ynam ýeňşe ýetirýär

Höwes, yhlas ýeňişli ýollara ýetirýär. Şol ýeňişli ýollarda hem ynam zerurdyr. Ynam ýeňşiň ýarysy hasaplanýar. Şonuň üçin türgenlere ýaşlygyndan şeýle ynama eýe bolmak gerek. Şeýle ýeňişli ýollara bolan ynamy bilen sport älemine gadam basan türgenleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýazmyrat Bäbişowdyr. Ýazmyrat bäş ýyldan hem gowrak wagt bäri sapakdan daşary Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewden tälim alyp, geçirilýän her bir türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýar. Ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem türgeniň kem-kemden kämilleşýändiginiň subutnamasydyr.

Küştüň ýaşajyk ýyldyzy

Sportuň küşt görnüşi tiz pikirlenmegi, her bir göçümiňi örän oýlanyşykly, ýerlikli göçmegi talap edýär. Küşt oýnuna ýöne ýere «akyl-paýhas oýny» diýilmeýär. Ol sportuň iň bir gyzykly, täsin görnüşleriniň biridir. Kiçiliginden ussat küştçi bolmagy arzuw edip, şol arzuwyna ädimme-ädim ýakynlaşýan jigilerimiziň biri-de Aýa Baýramowadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy. Okuwyndan daşary Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebine gatnaýar we ol ýerde 2019-njy ýyldan bäri ussat küştçüleriň elinde tälim alýar. Küştçi gyzjagaz 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 15-inden 30-y aralygynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdy. Ol 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 3-nji orny gazanmagy başardy. Bu ýeňiş biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy.

Dänewli küştçüler Türkiýede türgenleşýär

Dänewli uýalar Lala we Leýla Şöhradowalar şu günler Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysynyň hatarynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Şu gün tamamlanýan ýygnanyşyk türkmen küştçüleri üçin şu ýylyň sentýabr aýynda Wengriýada geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlygyň bir tapgyry bolar. Türkmen küştçüleriniň şu gezekki ýygnanyşygy halkara derejeli sport ussatlarynyň, tejribeli tälimçileriň hem ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolansoň, olara dünýäniň bir, Bütindünýä küşt olimpiadasynyň bolsa dört gezek çempiony Wasiliý Iwançuk, türkiýeli halkara derejeli grossmeýster Okan Özsakally dagy hem ýardam berdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda aşgabatly türgen Merýem Agajanowa hem türgenleşýär.

Sport saglykdyr

Golaýda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni giňden ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk we sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport saglyk diýmekdir, saglyk iň uly baýlykdyr» atly şygar astynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşikde «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen ýaryşda «Güneş» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.