Beýik ynama, mukaddes borja wepalylyk
Diňe bir ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi, ykbaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar joşgunly derýa ýalydyr. Ýaşlaryň mümkinçiligini, kuwwatyny milletiň, adamzadyň haýryna, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidine peýdalanmak, gülläp ösüşi üpjün etmäge, ykballary gowulyga tarap özgertmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hemişe esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesle ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Bu hakykat, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport ulgamynda hem aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, bu ugurda giň gerimli işler, halk bähbitli özgertmeler ýola goýuldy. Bu günki gün bolsa: «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ulgam has uly üstünliklere, taryhy ýeňişlere beslenýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekil