Döwrebap mümkinçilikler, guwandyryjy üstünlikler
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara hyzmatdaşlyk esasynda Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty syýasy, işewürlik, medeni, sport, jemgyýetçilik durmuşynyň iri merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň nyşany bolan paýtagtymyz Aşgabat iri halkara çäreleriň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işjeň hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýu