"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ökde küştçüler ýüze çykaryldy

Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde 8, 10, 12, 14 we 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda küşt boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa ýaş türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Olar bu sportuň üç — adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ilki bilen küştçüler öz ýaş derejelerinde adaty görnüş boýunça bäsleşdiler. Onuň netijeleri boýunça 8 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Alihan Seýitjanow we Mähriban Begendikowa dagy hemmelerden öňe saýlandy. 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Döwran Merdanow bilen Melike Altybaýewa dagy birinji orny eýelediler. 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Baýhan Jumaýewe we Aýnur Hemraýewa taý gelen tapylmady. 14 ýaşa çenli türgenleriň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşyklarda Alijan Ahmedow we Merjen Ibragimowa dagy ähli garşydaşlaryndan köp utuk gazandy. 16 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Aýbek Sünnetullaýew we Mähri Aýmakowa birinjiligi hiç kime bermediler. Rapid we blis görnüşleri boýunça ýaryşlar garyşyk görnüşinde geçirilip, oňa ähli ýaşdaky oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Olaryň netijeleri boýunça Mähri Aýmakowa hemmelerden köp utuk toplady we Dänew etrabynyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Ýaryşyň etrap tapgyry

Bäherden etrabyndaky 27-nji orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde woleýbol ýaryşy geçirilip, oňa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy gyzlar gatnaşdy. Bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan guraldy. Woleýbol oýnunyň ýörite tassyklanan düzgünlerine laýyklykda geçen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Çekeleşikli duşuşyk okuwçy gyzlardan düzülen toparlaryň bu ýaryşa ykjam taýýarlyklar bilen gelendigini turuwbaşdan subut etdi. Şeýle duşuşyklar güýçli toparlary ýüze çykardy. Netijede, garşydaşlaryndan üstün çykan 27-nji orta mekdebiň topary birinji baýrakly orny eýeledi. Ikinji orna 23-nji, üçünji orna bolsa 3-nji orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular.

Okuwçy gyzlar woleýbolda bäsleşdiler

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär. Bu giň göwrümli sport çäresiniň çäginde Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirilen woleýbol ýaryşyna okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Okuwçy gyzlaryň arasynda woleýbol sportuna höweslileriň köpdügi ýaryşda äşgär duýuldy. Olaryň sport ussatlygy ýaryşyň gyzykly we çekeleşikli geçmegine şert döretdi. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde etrapdaky 2-nji orta mekdebiň gyzlar topary birinji, 17-nji orta mekdebiň topary ikinji, 4-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara eýe boldular hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Milli ýygyndy Arkadag şäherinde türgenleşýär

Şu günler Türkmenistanyň kuraş boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysy paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatyna Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda taýýarlyk görýär. Zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi Şirin Kubaýewanyň gürrüň bermegine görä, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde dowam edýän türgenleşikler 10-njy noýabrda tamamlanar. Şondan soň milli ýygyndylarymyz türgenleşiklerini paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde dowam etdirerler. —― Şu güne çenli türgenleşikleri zenan türgenleriň 16-sy bilen alyp bardym. Ýakynda hem erkekler, hem zenanlar ýygyndymyzyň wekilleriniň arasynda deslapky saýlama ýaryşy geçirip, dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny gorajak ýygyndylarymyzy kesgitledik. Paýtagtymyzdaky sport baýramçylygynda ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň her haýsyna sekiz türgen wekilçilik eder — diýip, tejribeli tälimçi Şirin Kubaýewa gürrüň berýär.

Ynamly ýeňiş

Ýurdumyzyň ýokary ligasynyň 21-nji tapgyrynyň çäklerinde duşuşygyny geçiren «Arkadag» topary Balkanabatda ýeňiş gazandy. Şäheriň «Nebitçi» toparyny 0 — 4 hasabynda utan Begençmuhammet Kulyýewiň şägirtleri duşuşygy turuwbaşdan gol bilen başladylar. 7-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp, hasaby açan Didar Durdyýewden soňra 12-nji minutdaky goly Nazar Towakelow öz adyna ýazdyrdy. Soňky gollaryň ikisi hem, degişlilikde, öňki awtorlardan geldi. Birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan wagtyň birinji minutynda Nazar, arakesmeden soňra 48-nji minutda Didar gaýtadan tapawutlandylar. Ýeri gelende aýtsak, ýeňşini ynamly dowam etdirýän «Arkadag» futbol topary ep-esli utuk tapawudy bilen ýaryş jedwelinde liderligini berkidýär.

«Arkadag» topary iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň hatarynda

Ýokary liganyň 21-nji tapgyrynda Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçini» 4:0 hasabynda ýeňen «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde çempionatyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň öňdäki 20-ligine girdi. 18-nji duşuşygynda 18-nji ýeňşini gazanan topar 20-nji orny Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 18 ýeňiş gazanan Türkmenabadyň «Pagtaçysy» bilen paýlaşýar.

Resmi nyşan gutly bolsun, «Arkadag»!

Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda, Gahryman Arkadagymyza täze toparyň nyşanynyň şekil taslamalary hödürlenildi. Arkadag şäheri ýaly jahany haýrana goýan iri taslamanyň Baş binagäri eziz Arkadagymyz hödürlenen taslamalaryň arasynda şu ýazgylarymyz bilen ugurdaşlykda synlaýan şekiliňizi täze toparyň resmi nyşany hökmünde tassyklap berdi. Synlaýşyňyz ýaly, nyşan sportuň, dowamly öňegidişligiň we belent maksatlaryň ruhuny özünde jemleýär. Nyşanyň mawy asman we başy garly daglar bilen kybapdaş umumy reňki süňňündäki şekiller bilen sazlaşýar. Köpetdagy ýassanyp oturan «akylly» şäher bilen adybir topar edil ajaýyp Akhanyň çarpaýa galyşy bilen bütin dünýäni aňk edişi ýaly, türkmen sportunyň taryhynda täze sahypalary ýazar. Toparyň şekil ýazgysynda bolsa, aňymyza Arkadag şäheriniň beýik ady bilen ornaşan görnüşler öz beýanyny tapýar. Mundan beýläk bu nyşan «Arkadag» futbol toparynyň resmi nyşany hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýan bolar. Ilkinji nobatda, ol toparyň futbolçylarynyň döşüni, soňra-da azym-azym ýaryşlaryň öňdäki orunlaryny bezär.

Oýunlar gyzykly geçýär

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 20-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisi» Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary bilen myhmançylykda duşuşyp, çekeleşikli geçen oýnuň 12-nji minutynda Elman Tagaýew ýer eýelerini öňe saýlady. Akmämmet Metdäýewiň 36-njy minutdaky netijeli urgusyndan soň hasap deňleşdi. 39-njy minutda Serdar Tuwkyýew «Nebitçini» öňe saýlamagy-da başardy. Ýöne myhmanlara ýeňişli hasaby saklamak eýgertmedi. 89-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Şöhrat Söýünowyň depen pökgüsini derwezeçimiz Batyr Geldiýew gaýtarsa-da, ýer eýeleriniň oýunçysy gaýtadan ýetişdi we batly urgusy bilen hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.

Sportuň we ruhubelentligiň diýary

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabatda paýtagtlylaryň, şeýle-de myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy, işden, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri babatda döredilen şertler kalbymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Ildeşlerimiziň sport bilen meşgullanmaklary, saglygyny berkitmekleri üçin döredilen şertleri göreniňde göwnüň ganatlanýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda Kuraş boýunça geçiriljek 14-nji dünýä çempionatyna uludan taýýarlyk görýär. Bu bolsa türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty, sporty söýüjiler, türgenler üçin döreden köpugurly şertleri milli sportuň ykbalyny düýpli özgertdi. Ata Watanymyz häzirki wagtda dünýäde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, sportuň we bedenterbiýäniň ösen ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň köpugurlylygy, aýratyn hem, ýaşlaryň sagdyn ösmeginde ähmiýeti örän uludyr. Berkarar Diýarymyzda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişler, sport dabaralary, welosipedli ýörişler yzygiderli guralyp, netijeli häsiýete eýe boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem sport gurnaklarynyň birnäçe görnüşi üstünlikli işleýär, gyzgalaňly, çekeleşikli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Gahr

Sport

Türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýändigi ýaş türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda aýdyň şöhlelenýär.

Çekeleşikli ýaryş

Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçdi. Oňa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden okuwçy oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bedenterbiýe we sport bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 18-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Güýçlüler ýeňdi

Bäherden etrabynyň mekdep okuwçylary «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlara höwesli gatnaşyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezýärler. Munuň şeýledigine etrapdaky 30-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen kiçi futbol ýaryşy hem şaýatlyk etdi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda uly tagalla etdiler. Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryş etrapdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy. Ýaryşda ikinji orny 30-njy, üçünji orny bolsa, 29-njy orta mekdepleriň toparlary eýeledi.

Milli oýunlara gyzyklanma uly

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýetginjekleriň arasynda sebit we halkara derejede ýaryşlar yzygiderli guralýar. Bu bolsa geljekde ussat türgenleridir çempionlary ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döredýär. Küşt we şaşka ugruna ýakyn bolan türkmen milli oýny takylatdy boýunça hem döwlet derejesinde guralýan ýaryşlary-da şularyň hatarynda görkezmek bolar. Bu oýnuň 200-den gowrak görnüşi bar. Golaýda Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýetginjekleriň arasynda takylatdy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Milli sport oýunlarynyň merkeziniň guramagyndaky ýaryş ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmekde, şeýle-de wagyz etmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen oglanlardan hem gyzlardan degişlilikde 11, jemi 22 türgen gatnaşdy. Bu gezekki ýaryş 9 hanadan we 9 daşdan ybarat boldy. Her bir oýunçy üçin berlen 20 minut aralygyndaky ýaryşyň netijesi boýunça Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Rejepow jemi 9,5 utuk toplap, birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçylary doganlar Yslam hem Resul Gündogdyýewler (8 we 8,5 utuk) degişlilikde ikinji we üçünj

TÜRKMEN TÄLIMÇISI 1-nji ORUNDA

Aziýa Çempionlar ligasynyň şu möwsümi geçen ýylkylardan has şowhunly geçýär. Elbetde, dünýä futbolynyň ýyldyzlary Kristiano Ronaldo, Neýmar, Benzema ýaly we başga-da birnäçe ýyldyzlary özünde jemlän ýaryş bu gezek janköýerleri özüne çekýän dünýä derejeli uly futbol dabarasyna öwrüldi. Indi bassyr ikinji gezek ýaryşyň toparçalaýyn oýnunda öz toparlarynyň çykyşyna şaýatlyk edýän türkmen janköýerleri üçin hem Çempionlar ligasynyň orny aýratyn. Ýaryşyň şowhunynyň artmagy netijesinde yklym futbolyna meňzeş penjireden seredýän Orta Aziýa sebitiniň futbolyna we janköýerlerine, bu elbetde, başgaça duýgulary bagyş etdi. Halkara ýaryşda «Altyn Asyryň» ezeli garşydaşy bolan Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň Ronaldonyň toparyna garşy mynasyp çykyş etmegi, Elman Tagaýewiň ozalky toparywe häzirki wagtda türkmen tälimçisiniň tälimçilik edýän Özbegistanyň «Nowbahar» toparynyň Neýmarly «Al Hilal» bilen deň oýnamagy, şeýle-de paýtagtymyzyň «Ahal» toparynyň dünýä ýyldyzlaryna eýe bolan Saud Arabystanynyň çempionatynyň wekilini ýeňlişe sezewar etmegi orta aziýaly janköýerlere bir-birine biperwaý bolmadyk ruhy galkynyş getirdi. Sebit futbolynyň yklym derejesindäki orny taryhda hem biri-birine bagly diýip aýdyp bolar. Meselem, Orta Aziýa toparlarynyň Çempionlar ligasyndaky iň ýokary netijesi «Pahtakora» degişli bolsa, hut şol netijäniň gazanylmagynda daşkentlileriň şol wagtky baş tälimçisi, türkmeni

Gyzykly ýaryşlar

«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda sport festiwaly geçirildi. Festiwalda welaýatyň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlar sportuň tanap çekmek, şaşka, düzzüm, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, estafeta görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda tanap çekmek boýunça geçirilen ýaryşda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde şaşka we düzzüm boýunça ýaryşlar gyzgalaňly dowam etdi. Şaşka boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Daşoguz şäheriniň topary üçünji, düzzüm boýunça bolsa Şabat etrabynyň topary birinji, Akdepe we Görogly etraplarynyň toparlary degişlilikde, ikinji hem-de üçünji orunlary eýelediler. Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde gyzlaryň arasynda geçirilen woleýbol ýaryşy hem gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Onda Daşoguz şäheriniň, Akdepe we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň toparlary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Festiwalyň çäklerinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirildi. Onda Şabat, Görogly hem-de Akdepe etraplarynyň toparlary ýeňiş gazandylar. Da

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň üstünlikleri

Üç medal Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça milli ýygyndysy Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryndan üç medal bilen gaýdyp geldi. Türkmenistana wekilçilik eden ýedi türgeniň üçüsiniň şeýle abraýly ýaryşda medal gazanmagy ýokary netijedir. Oýunlaryň diňe guşakly göreş boýunça ýaryşlaryna 25 döwletden 200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şonuň üçin hem bu günki günde ýaşlar yzygider türgenleşýärler, bedeni taplaýarlar. Aslynda hem sport sagdynlygyň gözbaşy hasaplanýar. Çünki sport bilen meşgullanýan adamyň ýürek urşy kadalydyr, şähdaçyk we işeňňir bolýandyr. Yzygider beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Fiziki, emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar we bedeniň ösüşini çaltlandyrýar. Şeýle hem sport çagalaryň sagdyn ösmegine oňat ýardam edýär. Ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin häzirki wagtda ähli şertler döredilendir. Bu ugurda sport desgalary, sport mekdepleri, stadionlar ýaşlaryň hyzmatynda goýlandyr. Bu bolsa olaryň sport bilen has-da işjeň meşgullanmaklaryna oňat ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde milli terbiýäniň ähmiýeti, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň peýdasy düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýe bolup, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine kömek edýär.

Ar­ka­dag şä­he­ri: Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de şan­ly hem-de şat­lyk­ly wa­ka­lar ut­ga­şyk­ly gel­ýär. Şu gün­ler­ ýo­ka­ry dep­gin­ler­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýän, paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň de­giş­li des­ga­syn­da ge­çi­ril­jek Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ba­ra­da hem şu­ny aýt­mak bo­lar.

Ýaş futbolçylaryň üstünligi

«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023 2023-nji ýy­lyň 22 — 28-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bu­ha­ra şä­he­rin­de 2010 — 2012-nji ýyl­larda dog­lan fut­bol­çy­la­ryň ara­syn­da­ Mu­gal­lym­la­ryň we fut­bol ha­ly­pa­la­rynyň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra ýa­ryş goň­şy döw­let­le­riň fut­bol mek­dep­le­riniň ara­syn­da dost­luk gat­na­şy­klaryny ber­kit­mek, ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da fut­bo­ly we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len guraldy.

Äht­na­ma gol çe­kil­di

«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty bi­len Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Po­wolž­ýe döw­let be­den­ter­bi­ýe, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.