"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agyr at­le­ti­ka­çy­lar olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Hal­ka­ra de­re­je­li emi­n synagdan geçdi

Ta­ek­won­do (ITF) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 19-20-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ta­ek­won­do (ITF) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.

Azmun «Şabab Al-Ahli» toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Eýranyň milli ýygyndysynyň we «Şabab Al-Ahliniň» hüjümçisi Serdar Azmun täze toparyň düzüminde oýnan ilkinji oýnunda gol bilen tapawutlandy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynyň 1/2 final duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşykda «Şabab Al-Ahli» Eýranyň «Sepahan» toparyny goşmaça wagtda 4:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy (birinji oýun – 1:1).

Türkmen ten­nisiniň şu gü­ni we gel­je­gi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zyň tür­gen­le­ri­niň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri, ynam­ly ýe­ňiş­le­ri bi­len şöh­rat­lan­ýar. Bu ugur­da mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi ter­bi­ýe­läp, tä­lim be­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan köpta­rap­ly iş­ler bi­len bir ha­tar­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän za­ma­na­bap sport bi­na­la­ry, top­lum­la­ry, des­ga­la­ry, sport mek­dep­le­ri aý­ra­tyn mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Kubaly çempionyň rekordy

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Mi­ha­in Lo­pes Nun­ýes Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da iň köp ti­tu­la eýe bo­lan päl­wan bol­dy. 41 ýaş­ly ku­ba­ly Pa­riž­de 130 kg çen­li ag­ram de­re­je­de grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da Çi­li­niň we­ki­li Ýas­ma­ni Akos­ta Fer­nan­de­si ýeň­di. Tut­lu­şyk 6:0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. Lo­pes Nun­ýes yzy­gi­der bä­şin­ji Olim­pia­da­da ýe­ňi­ji bol­dy.

«Altyn Täjiň» bürünç medaly

Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi başardy. «Altyn Täjiň» dürli ýaş derejesindäki toparlary ýaryşyň bürünç medallaryny eýelediler. 46-dan gowrak döwletden 200 töweregi futbol toparyny jemlän ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi.

Ýörite olimpiadaçylarymyzyň üstünligi

«Gothia Cup» atly halkara futbol ýaryşy 1975-nji ýylda esaslandyryldy we şol wagt dünýäde ýetginjekleriň arasyndaky iň uly bäsleşikleriň biri hökmünde meşhur bolupdy. «Gothia Special Olympics Trophy» bäsleşigi bolsa mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak maksady bilen, şol ýaryşyň bir bölegi hökmünde 2014-nji ýylda döredildi. Ine, golaýda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň kiçi futbol boýunça ýygyndy topary Şwesiýada geçen «Gothia Special Olympics Trophy» ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şu ýyl bu abraýly bäsleşigiň esasy bölegi 15 ýurtdan 24 topary bir ýere jemledi. Şolaryň 20-si erkekler, 4-si bolsa zenanlar toparlarydyr.

Awazanyň sport mümkinçilikleri

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlardyr festiwallar bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralan iri sport ýaryşlary bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýaýdy. Ýeri gelende ýatlasak, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň mekdep festiwaly guralyp, okuwçylar sportuň ençeme görnüşi boýunça özara bäsleşen bolsa, şol ýylyň özünde sportuň kenarýaka görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilendigini-de bellemek gerek. Sportuň dünýä giňden ýaýran görnüşleriniň biri hasaplanylýan windserfing boýunça dünýä kubogynyň bir tapgyrynyň Hazaryň türkmen kenarynda guralmagy bolsa diňe bir türkmen janköýerleriniň däl, eýsem, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni ajaýyp künjege gönükdirdi. 2018-nji ýylda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly üstünlikli geçirildi. Bu iri sport ýaryşlarynda ýaş türgenler guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, basketbol (3x3), stol tennisi we küşt boýunça özara güýç synanyşdylar. Hazaryň kenarynda bir hepdäniň dowamynda geçirilen festiwala Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar.

Türkmen sportunyň röwşen ýoly

Parahatçylygyň ilçisi, sagdyn we bagtyýar jemgyýeti berkarar etmegiň güwäsi hasaplanylýan sport bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda häzirki zaman sport düzümleriniň döredilmeginiň, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylmagynyň, abraýly halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen sportuny has-da belent derejä çykarmak, ussat türgenleriň täze neslini kemala getirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän berk binýatly, ösen sport ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän sport toplumlary, paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap sport desgalaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.

Şwe­si­ýa­da­ky şow­lu­lyk – ez­ber­li­giň ne­ti­je­si

Fut­bol – ýur­du­myz­da, şol san­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da spor­tuň köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bo­lan, giň ge­rim­de ýaý­ran gör­nü­şi. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne di­ňe bir bu ug­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­rin­de ýa-da sta­di­on­lar­da däl-de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da hem aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ba­şyn­da top­lum­da ter­bi­ýe­len­ýän we onuň uçu­ry­my bo­lan og­lan­lar­dan yba­rat ki­çi fut­bol bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­di. Be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my Gur­ban­ta­gan Yl­ýa­so­wyň tä­lim­çi­lik et­me­gin­dä­ki bu to­pa­ryň dö­re­di­le­nin­den bä­ri ge­çen gys­ga döw­rüň için­de ga­za­nan üs­tün­li­gi di­ňe be­re­kel­la my­na­syp­dyr. Şu ýy­lyň mart aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýö­ri­te olim­pia­da mil­li mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lum­la­ry­nyň to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýur­du­my­zyň çem­pio­na­ty bal­kan­ly tür­gen­le­riň aja­ýyp üs­tün­li­gi bi­len jem­len­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ra­lan çem­pio­na­tyň oýun­la­ry Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 7-n

Erjeller üstün çykdy

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaş nesli sport-sagaldyş hereketine giňden çekmekde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakda, şeýle-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýaryş çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşan çagalar hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşinde özara bäsleşmek bilen, ýeňiş gazanmak ugrunda ähli ukyp-başarnygyny görkezdiler.

2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Azer­baý­ja­nyň çem­pio­ny «Ga­ra­bag» öz meý­dan­ça­syn­da «Lu­do­go­res» to­pa­ryn­dan 2-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Öz meý­dan­ça­syn­da utu­lan to­par­la­ryň ýe­ne bi­ri-de Pol­şa­nyň çem­pio­ny «Ýa­gel­lo­ni­ýa» to­pa­ry bo­lup, Nor­we­gi­ýa­nyň «Bu­de-Glimt» to­pa­ry Due­gue­siň aw­to­goly esa­syn­da iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Slo­wa­ki­ýa­nyň «Bra­tis­la­wa» to­pa­ry Kip­riň APOEL to­pa­ry­ny Pet­ro­wiç (71 ö.d.) hem-de Ma­kyň (90+4) gol­la­ry bi­len, Da­ni­ýa­nyň «Midt­ýul­lan» to­pa­ry-da Weng­ri­ýa­nyň çem­pio­ny «Fe­rens­wa­ro­şy» Buk­sa (17) hem-de Džu­nyň (69) gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Çe­hi­ýa­nyň «Spar­ta Pra­ga» topary bi­len Ru­my­ni­ýa­nyň FKSB to­par­la­ry­nyň (Ola­tun­si 78 – Da­wa 61) hem-de Şwe­si­ýanyň «Mal­mö» topary bi­len Gre­si­ýa­nyň PA­OK to­par­y­nyň (Ýans­son 28, Na­na­si 67 – Tai­son 42, Rah­man 75) ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Çem­pi­on däl klub­la­ryň ara­syn­da Pra­ga­nyň baş­ga bir klu­by «Sla­wi­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da Bel­gi­ýa­nyň «Ýu­ni­on Sent-Žil­lu­az» to­pa­ry­ny Ço­ri (2) hem-de Dor­li­niň gol­la­ry bi­len 3-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Fran­si­ýa­nyň «Lill» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da Tür­ki­ýä­niň wi­se-çem­pio­ny «Fe­ner­bah­çe­ni» ka­bul e

Ilkinji çempionlyklary

Be­ýik­li­gi­ne bök­mek­de, go­laý­da 37 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­län uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çih il­kin­ji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ol To­kio­da bü­rünç me­dal ga­zanyp­dy. Pa­riž­dä­ki ýa­ryş­da awst­ra­li­ýa­ly Ni­ko­la Olis­la­gers kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Awst­ra­li­ýa­ly Elea­nor Pat­ter­son bi­len uk­rai­na­ly Iri­na Ge­raş­en­ko bü­rünç me­da­ly paý­laş­dy­lar. Sy­ryk­ly bök­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ni­na Ken­ne­di al­tyn, To­kio 2020-niň çem­pio­ny ame­ri­ka­ly Keý­ti Mun kü­müş, ka­na­da­ly Ali­şa Nýu­man bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Üçür­dik­läp bök­mek­de Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň tür­ge­ni Tea La­Fond al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji me­da­ly­dyr. Ýa­maý­ka­ly Şa­nie­ka Rik­ketts kü­müş, ame­ri­ka­ly Jas­min Mur bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Disk zyň­mak­da ame­ri­ka­ly Wa­la­rie Oll­man bas­syr 2-nji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Hy­taý­ly Fen Bin kü­müş, Lon­don 2012-niň hem-de Rio 2016-nyň çem­pio­ny hor­wa­ti­ýa­ly Sand­ra El­ka­se­wiç bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýe­ke­da­ban zyň­mak­da ka­na­da­ly Kam­ryn Ro­jers mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp, Ani­ta Wlo­dar­çi­giň çem­pi­on­lyk­la­ry­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Ame­ri­ka­ly Anet Eçi­kun­wo­ke kü­müş, hy­taý­ly Çžao Szie bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Mun­d

9-njy dün­ýä re­kor­dy

Sy­ryk­ly bök­mek­de şwe­si­ýa­ly Ar­man Dup­lan­tis 6,25 metr be­ýik­li­ge bö­küp, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ap­rel aýyn­da 6,24 met­re be­ýik­li­ge bö­ken Dup­lan­tis 9-njy ge­zek re­kor­dy tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň bas­syr 2-nji al­tyn me­da­ly­dyr. Uzyn­ly­gy­na bök­mek­de gre­si­ýa­ly Mil­tia­dis Ten­tog­lu To­kio­dan soň Pa­riž­de-de özü­niň taýsyz­dy­gy­ny gör­kez­di. Ýa­maý­ka­ly Weýn Pin­nok kü­müş, ita­li­ýa­ly Mat­tia Fur­la­ni bü­rünç me­da­la eýe­lik et­di.

Yzly-yzyna 3-nji altyn medaly

Gül­le itek­le­mek­de ame­ri­ka­ly Ra­ýan Krau­zer bas­syr 3-nji ge­zek çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Ol bu ugur­da mu­ny ba­şa­ran ýe­ňil at­le­ti­ka­çy bol­dy. Wa­tan­da­şy Jou Ko­waç hem bas­syr 3-nji ge­zek kü­müş me­dal ga­zan­dy. Ýa­maý­ka­ly Ra­jin­di­ra Kamp­bell bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. Disk zyň­mak­da ýa­maý­ka­ly Ro­je Sto­na 70 metr­lik gör­ke­zi­ji­si bi­len al­tyn me­da­ly­nyň üs­tü­ni Olim­pi­ýa re­kor­dy bi­len ýe­tir­di. Ol bu ugur­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji ýa­maý­ka­ly tür­gen­dir. Dün­ýä re­kor­dy­nyň eýe­si lit­wa­ly Mi­ko­las Alek­na ka­ka­sy­nyň 2000-nji hem-de 2004-nji ýyl­da ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­mak ba­şart­ma­dy. Ýe­ke­da­ban zyň­mak­da ka­na­da­ly Itan Katz­berg weng­ri­ýa­ly Ben­se Ha­las­dan hem-de uk­rai­na­ly Mi­hai­lo Ko­kan­dan öňe saý­la­nyp, bu ugur­da ýur­du­na il­kin­ji al­tyn me­da­ly ga­zan­dyr­dy. 10 gör­nüş­li de­kat­lon­da nor­we­gi­ýa­ly Mar­kus Rut ger­ma­ni­ýa­ly Leo Neu­ge­bauer­den hem-de gre­na­da­ly Lin­don Wik­tor­dan köp utuk top­la­dy.

0,005 sekunt öňürti geldi

Je­mi 48 al­tyn me­da­lyň gow­şu­ryl­jak sport ug­ry ýe­ňil at­le­ti­ka­da il­kin­ji 7 gün­de 25 gör­nü­şiň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 100 metr yl­gaw­da ame­ri­ka­ly Noa Laýlz ýe­ňi­ji bo­lup, al­tyn me­dal 20 ýyl­dan soň ABŞ-ly tür­gen­le­re gaý­dyp gel­di. 0,005 se­kunt­lyk ara­ta­pa­wut bi­len 2-nji ýe­ri eýe­län ýa­maý­ka­ly Ki­şa­ne Tomp­son kü­müş, baş­ga bir ame­ri­ka­ly Fred Ker­li bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. 400 metr yl­gaw­da-da ame­ri­ka­ly Ku­in­si Holl al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Matt­ýuw Had­son-Smit kü­müş, zam­bi­ýa­ly Mu­za­la Sa­mu­kon­go bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. 1500 metr yl­gaw­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daýda ame­ri­ka­ly Ko­ul Ho­ker Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­läp, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy (3:27,65 mi­nut). Bri­ta­ni­ýaly Joş Kerr kü­müş, ame­ri­ka­ly Ýa­red Nu­gu­se bü­rünç me­dal al­dy. Soň­ky çem­pi­on, re­kor­dyň ozal­ky eýe­si Ýa­kob In­geb­rigt­sen 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. 10000 metr yl­gaw­da ugan­da­ly Jo­şua Çep­te­gei 26 mi­nut 43,14 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny goý­dy we al­tyn me­da­ly ga­zan­dy. Päs­gel­çi­likli 3000 met­re yl­ga­mak­da ma­rok­ko­ly So­fi­an El Bak­ka­li bas­syr 2-nji ge­zek Olim­pia­da­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 20 km ýö­riş ýa­ry­şyn­da ek­wa­dor­ly Bra­ýan Pin­ta­do bu ugur­da ýur­du­na 28 ýyl­dan soň al­tyn me­dal ga­zan­dyr­dy. D

Jo­ko­wiç kol­lek­si­ýa­sy­ny jemledi

Pa­riž­de ge­çi­ril­ýän XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. 37 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi fi­nal­da is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Al­ka­ra­sy 7:6 (7:3) we 7:6 (7:2) ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, kar­ýe­ra­syn­da­ky ýe­ke-täk ýet­me­ýän çem­pi­on­ly­gy, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 37 ýaş bi­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da fi­na­la çy­kan we al­tyn me­dal ga­za­nan iň ýa­şu­ly ten­nis­çi ady­ny alan 24 «Uly tu­wal­ga­nyň» eýe­si Jo­ko­wiç 99-njy bi­rin­ji­li­gi­ni ga­zan­dy. Pe­kin 2008-de bü­rünç me­dal eýe­län Jo­ko­wiç ten­ni­siň ta­ry­hyn­da «Al­tyn tu­wal­ga» ýe­ten, ýag­ny äh­li «Uly tu­wal­ga­lar» bi­len bi­le­lik­de Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy ga­za­nan 5-nji ten­nis­çi hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Jo­ko­wiç­den öň And­re Agas­si, Ştef­fi Graf, Se­re­na Wil­liams hem-de Ra­fa­el Na­dal 4 «Uly tu­wal­ga» çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň ýa­ny­na Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­ny hem go­şup­dy­lar. Jo­ko­wiç Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­na 6-njy sy­na­ny­şy­gy­nda ýet­me­gi ba­şar­dy. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da fi­na­la çy­kan iň ýaş ten­nis­çi ady­ny alan Kar­los Al­ka­ras soň­ky 2 «Wimb­le­don» ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da ýe­ňen gar­şy­da­şyn­dan bu ge­zek as­gyn gel­di.

ÝÜZMEK

4-nji altyn medalyny-da Olimpiýa rekordy bilen aldy. Tä­ze Maýkl Felps ha­sap­lan­ýan fran­si­ýa­ly 22 ýa­şyn­da­ky ýü­zü­ji Le­on Mar­şa­n Pa­riž 2024-de 4-nji al­tyn me­da­ly­ny-da boý­nu­na dak­dy. Mar­şan 200 met­re ga­ry­şyk ýüz­mek­de 1 mi­nut 54,6 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol bu ugur­da Maýkl Felp­siň Pe­kin­de go­ýan re­kor­dy­ny-da (01:54,23) tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Şol bir wag­tyň özün­de ol Ýew­ro­pa­nyň re­kor­dy­ny hem tä­ze­le­di. Bu onuň Pa­riž­dä­ki 4-nji al­tyn me­da­ly bo­lup, ol şol 4 al­tyn me­da­ly-da Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny go­ýup ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Bu ugur­da bri­ta­ni­ýa­ly Dan­kan Skott kü­müş, hy­taý­ly Wan Şun bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 50 met­re er­kin ýüz­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ka­me­ron Ma­kE­woý al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Ben Praud kü­müş, fran­si­ýa­ly Flo­ren Ma­lu­da bü­rünç me­dal ga­zan­dy.

Medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş

Ta­mam­la­nyp bar­ýan Pa­riž 2024 XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da me­dal sa­na­wyn­da 12 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ABŞ öň­de bar­ýar. Bu ugur­da hy­taý­ly­lar bi­len ýi­ti gör­eş alyp bar­ýan ABŞ-nyň tür­gen­le­ri 27 al­tyn, 35 kü­müş, 32 bü­rünç, je­mi 94 me­dal ga­zan­dy­lar. Olaryň sö­bü­gi­ni ba­syp bar­ýan hy­taý­ly­la­ryň 25 al­tyn, 23 kü­müş, 17 bü­rünç, je­mi 65 me­da­ly bar. 3-nji ýer ug­run­da il­kin­ji 10 gün­de Awst­ra­li­ýa bi­len ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş bo­lup­dy. Ýö­ne soň­ky 2-3 gün­de awst­ra­li­ýa­ly­lar ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zip, ara­ny 5 al­tyn me­da­la çen­li aç­ma­gy ba­şar­dy­lar. Il­kin­ji 12 gün­de Pa­riž 2024-de Ka­rib deň­zin­de ýer­leş­ýän Sent-Lýu­si­ýa, Do­mi­ni­ka (iki­si-de al­tyn) hem-de Af­ri­ka yk­ly­my­na de­giş­li, At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky ada döw­let Ka­bo Wer­de (bü­rünç) il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly ga­za­nyp, me­dal ga­za­nyp bil­me­dik ýurt­la­ryň umu­my sa­na­wyn­dan çyk­ma­gy ba­şar­dy. 3 ýurt hem 1996-njy ýyl­da ikin­ji ge­zek Olimpiýa oýunlaryna gat­na­şyp, 8-nji sy­na­ny­şyk­la­ryn­da me­dal ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.

Ilkinji Olimpiýa medallary

Ze­nan­la­ryň ara­syn­da 100 met­re yl­ga­mak­da Sent-Lýu­si­ýa döw­le­ti­niň tür­geni Ýu­li­en Alf­red 10,72 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu Sent-Lýu­si­ýa döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji me­dal hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ry­şyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den Şa­Kar­ri Ri­çard­son (ABŞ) 2-nji, Me­lis­sa Jef­fer­son (ABŞ) 3-nji or­ny eýe­le­di. 200 metr yl­gaw­da ame­ri­ka­ly Gab­ri­el­le To­mas al­tyn, sent-lýu­si­ýa­ly Ýu­li­en Alf­red kü­müş, ame­ri­ka­ly Brit­ta­ni Brawn bü­rünç me­dal ga­zan­dy. 800 metr yl­gaw­da bri­ta­ni­ýa­ly Ki­li Hoj­kin­son bu ge­zek al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol To­kio­da kü­müş me­dal alyp­dy. 5000 met­re yl­ga­mak­da ke­ni­ýa­ly­lar – Be­at­ris Çe­bet al­tyn, Fa­it Kip­ýe­gon kü­müş, To­kio 2020-niň çem­pio­ny ni­der­land Si­fan Has­san bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Päs­gel­çi­lik­li 3000 metr yl­gaw­da bah­reýn­li Winf­red Ýa­wi Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny go­ýup (8:52,76 mi­nut) al­tyn me­da­ly eýe­le­di.