''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

Garaşsyzlyk — baýramlaryň seresi

Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny, berkarar döwletiň, bagtyýar durmuşyň eýesidigini alamatlandyrýan şanly senedir. Şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçilýän baş baýramymyz ýyllar geçdigiçe täze röwşe, baý many-mazmuna eýe bolup, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýan tutumly işleriň, ägirt uly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Ähli pudaklarda düýpli özgertmelere badalga berlip, döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hatarynda ymykly orun aldy. Däp-dessurlarymyz gaýtadan dikeldilip, milli mirasymyz dünýä ýaýyldy. Daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyklara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ösüş-özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Bagtdan paýly, toýdan serpaýly

Garaşsyzlyk kalby Garagum sährasy ýaly giň, sabyrly we sahawatly halkymyzyň baky bagtynyň, erkinliginiň kepili, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň beýik aňlatmasy bolup dabaralanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlykdan galkynan döwletimiz bu gün ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetip, türkmen halky eşretli günleriň hözirini görýär, bagtyýar döwrümize, berkarar döwletimize guwanyp we buýsanyp ýaşaýar. Mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem öňe gidip, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmegi üçin agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezýär. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Garaşsyzlyk baýramyna ýurdumyzda uly taýýarlyk görüldi. Her bir raýat öz iş ornunda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna zähmet sowgady bilen barmagy maksat edindi. Ähli pudaklarda gazanylýan ýokary görkezijileriň şaýady bolanyňda, bu maksada ýetilendigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu zähmet üstünlikleri, baş baýramymyz mynasybetli guralýan dabaraly çäreler bolsa merdana hem zähmetsöýer halkymyzyň bagtdan paýly, toýdan serpaýly milletdiginiň subutnamasy bolup durýar.

Döwletliligiň belent ykrarnamasy

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň göterilen ykbalydyr we milli buýsanjymyza öwrülen mukaddeslikdir. Ol halkymyzyň şöhratly geçmişine buýsanjy, ösüşlere beslenýän şu gününe, röwşen geljegine belent ynamydyr. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, kanunyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy aýratynlyklaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede giňden bellenilýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Onuň:

Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym

Şatlyk-şowhuna beslenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy şeýle atlandyryldy. Welaýat merkeziniň Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.  Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen tapawutlandy. Täsirli çykyşlar çuňňur many-mazmuna beslenip, şol many-mazmun beýik Garaşsyzlygymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan synmaz söýgini özünde jemledi. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň çäksizdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk çäresi ýurt berkararlygym

Sarpaňyza, sylagyňyza söz ýetmez

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni Pähimdar ata-babalarymyzyň «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gaznaly öý»,  «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly nakyllary halkymyzyň ýaşululara goýýan hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar. Bu hormat-sarpanyň häzirki döwürde öňküdenem artandygyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Şu günüň we geljegiň aýdyň ýoly

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygy ajaýyp zamanamyzda mukaddeslik derejesine göterilýär. Başymyzyň täji eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň bagtynyň çüwmegidir, eşretli şu günümiziň, röwşen geljegimiziň aýdyň ýoludyr. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi. Ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülmegi bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan ak ýolunda ösüşlerimiziň ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Ykballaryň, ýürekleriň birligi

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny wysal edip, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda ösüşlere, belent sepgitlere ýetdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary depginde ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun aldy. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Ajaýyp Diýarym bar meniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň adynyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolanyna 33 ýyl bolýar. Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap, halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde, tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýýarlar.

Baky beýik bagtymyz

Päk asmanda ak kepderiniň erkana uçmagy asudalygyň, erkinligiň, baky bagtyň alamaty hasaplanylýar. Diýmek, inkär edip bolmajak bir hakykat bar, ýagny şahyr aýtmyşlaýyn, Garaşsyzlyk — garaşdyran kepderi! Abadan ýurdumyzyň durmuşyndaky ösüşleriň özeninde mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinine ýugrulan nusgalyk işler bar. Şeýlekin eşretleriň hak eýesi bolan halkymyzyň ümzügi islendik babatda ileridir. Matematikanyň takyklygyndaky san jähetden alanyňda 33 ýaşy tegelän Garaşsyzlygymyz, ýyllar geçdigi saýy durmuş babatdaky pikirlerimize aýratyn öwüşgin çaýdy. Ony milli däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegi, ençeme ulgamlarda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygy bilen delillendirip bolar.

Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!

Älem içer owazasy ýaýylan,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!Topragyna Günüň mähri çaýylan,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym! Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi,Ýaňlanýar goýnunda çaga gülküsi.Şu güni asuda, aýdyň ertesi,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!

Garaşsyzlyk — şöhratly geljegimiz

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna 33 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýylýar. Çünki Garaşsyzlyk — munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, Esasy Kanunyna — Konstitusiýasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Ol — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň beýik geçmişine, buýsançly şu gününe, şöhratly geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar.

Halypalar sarpalydyr bu ilde

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işini üstünlikli tamamlady. Bu taryhy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň meşhur halypalary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi —«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent atlar dakyldy we olara «Altyn aý» altyn nyşanlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky iň ýakymly habarlaryň birine öwrülen bu täzelik halkymyzyň köňül guşuna ganat baglatdy. Bu ýokary derejeli atlaryň ady agzalan halypalara hut Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan gowşurylmagy, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň halypalaryň hormatyny belent tutmak baradaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň guramaçylykly geçirilmegi hem munuň bir mysalydyr. Watanymyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen bu biraýlygyň çäklerinde biziň welaýatymyzda hem wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar giň gerimde dowam edýär. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri «Asuda hereket — abadan durmuşyň kepili» ady bilen biziň bölümimizde geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda jemgyýetiň asudalygyny, adamlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyndan gözbaş alýan asylly işler hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşan hem-de ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy. Alym duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu mejlis türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de alymyň bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri! Sizi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.