''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

Harby gullukçylara belent sarpa

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy turuwbaşdan ýatda galyjy wakalara beslendi. Ýurdumyzda watansöýüji, lebzine ygrarly nesilleri kemala getirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň her bir garyş topragyny, garadan gaýtmaz pederlerimiziň watançylyk ruhuny kalbyna siňdirip goraýan merdana Watan goragçylarymyzyň hyzmaty örän uludyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny sylaglamak dabarasy ýurdumyzda her bir adamyň zähmetine mynasyp baha berilýändiginiň ajaýyp beýany bolup, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Berkararlygymyzyň baky bahary

Eşretli zamanada ýaşaýan türkmen halkymyz däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhuna besläp garşylady. Ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözleriniň göreji ýaly goraýan Watan goragçylarymyz hem bu şanly toýa uly dabaralara beslenen baýramçylyk sowgatlary bilen bardylar. Her ýyl bu toý mynasybetli geçirilýän dabaraly ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän mertlik, edermenlik, batyrlyk ýaly häsiýetleriniň subutnamasy hasaplanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine laýyklykda geçirilýän dabaraly harby ýöriş, Garaşsyzlyk baýramynyň esasy dessury bolup, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda Watan goragçylarynyň sarpasynyň has-da belentde tutulýandygyndan nyşandyr. Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde hem Watanymyzyň merdana ýurt goragçylary başlaryny belent tutup, iň kämil harby tehnikalara erk edip, döwlet münberiniň öňünden

Türkmen tebigatynyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tebigata söýgini we onuň täsinliklerini beýan etmek, akyldar şahyryň arzuwlan Berkarar döwletinde eşretli durmuşda ýaşaýan watandaşlarymyzyň ekologiýa medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginde maňa hem ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ekologiýa medeniýetini öz taýýarlan makalalarymda beýan etmegimiň maňa üstünlik getirendigine diýseň buýsanýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara okamaga, döretmäge, döredijilik äleminde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!

Aýdyň geljegimiziň binýady

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolup, bu şatlykly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň şanly senesi bilen bilelikde toýlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende, dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýa eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Milli Liderimiziň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatyň netijesi bolup durýar. Bu syýasat döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Mertebeli menzilleriň buýsanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyny giňden bellän halkymyz dürli pudaklarda, şol sanda mukaddes Watan goragynda hem aýratyn tapawutlananlary dürli sylaglardyr hormatly atlar, baýraklar bilen mertebeleýär. Şolaryň hatarynda mukaddes araçäklerimizde ygtybarly gulluk alyp barýan merdana serhetçilerimiziň hem bolmagy bolsa aýratyn buýsandyryjydyr. Parahat IŞANGULYÝEW, podpolkownik:

Beýik ynama ygrarly ýaşlar

Ýaş deprekçiler batalýony eýýäm birnäçe ýyldan bäri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň öňbaşçysy bolup joşgunly ýagdaýda harby ýörişden geçýärler. Ýaşlygyndan ýüreklerini watanperwerlige beslän harby okuwçylar jebis hereketleri bilen, özleriniň nyzam tejribeleriniň we taýýarlygynyň kämil derejesini görkezmegi başarýarlar. Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, deprekçiler batalýonynyň harby okuwçylarynyň ruhuna ruh, dogumyna dogum, gaýratyna gaýrat goşdy. Muny dabaraly harby ýörişiň pursatlaryny synlanyňda-da görmek bolýar. Ýaşlyk döwründen başlap, Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda Watany goramagy özleri üçin bagt we mertebe saýýan harby okuwçylar özleri hakynda döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän çäksiz aladalaryny kalplary bilen duýup, oňa mynasyp bolmaga çalyşýarlar.

Öwrüldiň köňülde synmaz joşa sen, Garaşsyz Watanym, baky ýaşa sen!

Mukaddes Watan goragy damarynda merdana pederleriň gany aýlanýan her bir türkmen ýigidiniň jana-jan borjudyr. Watan ynsanyň barlygydyr, bu dünýäde gazanan we gazanyp biläýjek iň gymmatly baýlygydyr. Ol ata-babalarymyzyň mirasy, bizden bolsa nesillerimize galjak gymmatlykdyr. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlan Diýarymyzda Watan waspy belentden ýaňlanyp, watansöýüjilik duýgusy ýüreklere ýalkym saçdy. Göýä diýersiň, jümle-jahan eziz Watanymyzyň berkararlyk baýramyny gutlan ýaly, täsin bir görnüşe beslendi. Tylla güýzüň ajaýyp keşbi bilen toý toýlan Diýarymyzyň gözelligi biri-biriniň üstüni ýetirip, dumly-duşa joşgun berdi. Şeýle pursady synlap durşuňa, öz ýanyňdan Watan goragçysy bolmak ýaly belent mertebeli ykbalyň eýesidigiňe tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Watan goragçysy diýilse, parahat il, abadan ýurt, ýagny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada ýüregiň joşup, kalbyňa täsin bir owaz dolýar.

Ösüşleriň, belent sepgitleriň aýdyň nyşany

1991-nji ýylyň tylla güýzünde türkmen halky asyrlarboýy eden arzuwyna ýetip, mukaddes Garaşsyzlygyna eýe boldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde berkarar Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýan ýurduna, dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jebisligiň, agzybirligiň nusgasyny görkezip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Baş baýramymyzyň şanyna geçirilen dürli toý çäreleri il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, taryhy ösüşlerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň aýdyň nyşany bolup dabaralandy.

Bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy

Mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bagtyýarlyk şuglasy bolup, halkymyzyň ýüregini ýyladýar hem-de ösüşlerimiziň berk binýady bolup durýar. Muny ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar» diýip belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk bagtyýar raýatlarymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. Berkarar ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň  täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyz rowaç gadamlar bilen şu günüň bagtyýarlygynyň, geljegiň röwşen bolmagynyň hatyrasyna ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.  Dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolup, täze mümkinçilikleri açýar. Bu gün dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi gülläp ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýurdy

Şa serpaýly — bagtdan paýly

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalarynyň biri boldy. Umumymilli forumda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimiziň uly topary Türkmenistanyň hormatly atlaryna, döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Welaýatymyzdan hormatly atlara, döwlet sylaglaryna eýe bolan bagtyýar raýatlar öz ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Nurtäç NYÝAZDURDYÝEWA,

Baky buýsanjymyz Garaşsyz Diýar

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli, parahat we bolelin durmuşda ýaşatmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. Agzybir halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk we medeni maksatly binalaryň, ylym-bilim ojaklarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän desgalaryň sany barha artýar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly dabaralara besledi. Naýbaşy baýramymyzyň şanyna guralan dabaralar kalbymyzy joşduryp, işimizde ýokary üstünliklere ruhlandyrdy. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşymyz üçin alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ösüşdir özgerişler hemmeleri guwandyrýar. Ata Watanymyzyň bu günki ýeten belent derejeleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza b

Umumymilli forum: döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

Ruhy baýlygyň egsilmez çeşmesi Milli Liderimiziň başlyklygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze sahypany açdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ählihalk forumynda eden çuň manyly çykyşlaryny uly üns bilen diňledik. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitleri, öňde duran uly wezipeler barada giňişleýin aýtdy. Beýik işler adamlaryň kalbyna elmydama ýagtylyk saçýar. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyzda ykdysady kuwwaty, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli gowulandyrmak, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli oňyn gazanylanlary netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredi. Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ýurdumyzda ähli amatly şertler bar.

Ykdysady kuwwatlylygyň güwäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen barha öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli pudagynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleler, öňde goýlan wezipeler we kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip belläp geçmek bilen, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmek baradaky wezipäni öňde goýdy. Bu Konsepsiýanyň iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkar

Arkadagly Gahryman Serdar bilen ösüş saňa ýar, Watan!

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan asylly däbi, dessury, ýörelgesi bolan geňeş etmek, toý tutmak agzybirlikden, döwletlilikden nyşan. Dana hem merdana ata-babalarymyzyň bu ýörelgesi häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýakynda uly dabara bilen toýlanan baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň hem-de Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly toýlanmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu şanly wakalar döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini we bagtyýarlygyny dabaralandyryp, täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy hem-de ony baýlaşdyrdy. Şeýle taryhy wakalara gatnaşmak, onuň gözli şaýady bolmak ykbalyň peşgeşidir. Bu buýsanç döredijilik adamlary bolan bize aýratyn ylham berýär. Hawa, tyllaýy güýzüň ilkinji aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň, şol sanda biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasy bolmak bilen, onda ileri t

Dowamat tapýan döwletli ýörelgeler

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde geljek ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu taryhy maslahatda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşlarynda beýan edilen täze wezipeleri biragyzdan we doly goldaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýen sözleri bolsa, ähli watandaşlarymyzy buýsandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli beýleki örän wajyp meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň baky Bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri hem mynasyp beýanyny tapdy. Hakykatdan hem, şu ýyl ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde netijeli ýyllaryň biri boldy. 2024-nji ýylyň Türki medeniýetiň halkara guram

Uludan tutuldy toýy türkmeniň

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan erkinligi, özbaşdaklygy milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň wysal tapdy. Garaşsyzlyk halkymyzy baky bagta, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bagtyýar halkymyz indi 33 ýyl bäri berkarar döwletde, ajaýyp zamanada Garaşsyzlygyň eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Bedew batly ösüşlere eýe bolan eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşyp, türkmen halky bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar. Milli baýramçylyklary, şanly seneleri uly zähmet üstünlikleri bilen garşy almak, toýa sowgatly barmak asylly däpleriň biri bolup, halkymyzyň durmuşynda giňden orun aldy. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşýan bagtyýar halkymyz bu gezekki baýramçylygy hem ýetilen belent sepgitler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady.

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylap, bu baýramy uludan toýlan ildeşlerimiziň her biriniň ganatly kalplary buýsanç, nurana ýüzleri guwanç duýgularyndan doly. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döredijilikli zähmet çekýän, öňdebaryjy watandaşlarymyzyň birtopary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Bizem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda hem-de kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin şeýle hormat-sylaga eýe bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Muhammet MUHAMMEDOW, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine bolan buýsanjy jemleýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilip, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlar boýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar we adam hukuklary ulgamynda taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen günsaýyn öňe barýar. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Dünýä nusgalyk şäher

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy esasynda Köpetdagyň etegindäki taryhy künjekde binýat bolan, «Geljegiň şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäheri halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu «akylly» şäher owadanlygy, döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolup, şan-şöhraty barha dabaralanýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekdi. Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmekde, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda resminama möhüm ähmiýet degişlidir.

Halk Maslahaty – halkyň bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň şöhratly wakalary bilen türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri-de, ýakynda, has takygy, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisidir. Döwletimiziň durmuşynda syýasy ähmiýetli waka öwrülen Halk Maslahatynyň barşynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky meselä uly ähmiýet berlip, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasa-tynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekildi.  Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik zerur bolup durýar. Şunlukda umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri hem girizildi.