''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. SÖÝGI NÄME?

Döwletmämmet Azady — beýik akyldar

Üstünlige ýetmek aňsatmy?

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Dur­muş gow­şak­la­ry ha­la­ma­ýar, edil gow­şak bol­ma­sa­-da, ju­da ak­ýü­rek­li, «po­la­dy ýum­şak» di­ýil­ýän adam­la­ry hem kä­te ýo­wuz sy­na­ga se­ze­war ed­ýär. Şeý­le ýag­da­ýa, köp­lenç, adam­la­ryň eden et­mi­şi ýa­da gü­nä­si hem se­bäp bo­lup du­ra­nok. Adat­ça, şeý­le sy­nag­lar ha­çan­-da yn­san ju­da jo­gap­kär­li işe baş goş­jak bo­lan­da dö­re­ýär. Bu — dur­mu­şyň sy­na­gy. Eger adam og­ly aň we be­den taý­dan agyr ýü­ki eg­ne al­ma­ga taý­ýar bol­ma­sa, dur­muş ony tap­la­mak üçin se­bä­bi nä­bel­li bo­lan kül­pet­le­ri ba­şyn­dan in­de­rip ug­ra­ýar. Şon­da özü­niň nä­me­de ýal­ňyş­lyk goý­be­ren­di­gi­ni tap­man, elew­räp ug­ran adam­zat ha­lys ke­le­biň uju­ny ýi­tir­ýär. Köp­lenç, tak­dyr­dan nä­ra­zy bol­mak, hat­da ýa­şa­ýyş umy­dy­nyň sö­neň­kir­le­me­gi ýa­ly ýag­daý­la­ra hem elt­ýän bu ýo­wuz sy­nag­lar, as­lyn­da, ada­my tap­la­mak üçin dö­re­ýär. Dur­mu­şyň ka­nu­ny öýüň düz­gü­ni ýa­ly se­niň is­le­gi­ňe bag­ly bol­ma­ýar. Bu ýa­şa­ýyş ka­nun­la­ry­nyň kä­te­-kä­te yz­gyt­syz da

Perzent hakda atalar sözi

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024

Söýginiň goragçysy

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Oba­da Me­ret­gel­di aga­lar üýş­me­leň, toý-sa­da­ka ed­ýär diý­lip üý­şül­se, me­niň ola­ryň öýü­niň bir di­wa­ryn­da asyl­gy, da­şy çar­çu­wa­ly su­rat­da uzak wagt­lap na­za­rym eg­le­ner­di. On­da ýa­ra­la­nan eýe­si­ni sö­weş meý­da­nyn­dan alyp çyk­mak üçin süý­räp bar­ýan da­ýaw goň­rum­tyl ala­baý iti­niň gaý­duw­syz keş­bi bar­dy.

Duýguly dünýä

ARKADAG ŞÄHERI Arkadag şäheri — döwrüň şäheri,Öz ýurduny söýen göwnüň şäheri,Öz halkyna siňen ömrüň şäheri,Milli Liderimiziň pähim-paýhasy.Kämillikde, tämizlikde nusgalyk,Beýan edip, söz tapma kyn aýdasy.

Toprakdan tapylan bagt (Hekaýa)

Hasyly sowlan mele toprakdan daýhanlaryň bu ýyl hem oljasy oňupdy. Yzda galan eňňerä çarwalar ýene mallaryny sürüpdiler. Hasyl toýuny goşalandyryp, çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlap gelen Atamyradam Ogulbolsun ejäniň ojagyna dolanypdy. Toýlary toýa ulaşan obada lasyrdap duran gazanlardan burugsaýan buglar asmana göterilip, lemmer-lemmer bulutlaryň gujagyna siňdi. Wagtyň salymy ýok, balalaryny minnetdar eden ene topragyň üstünde hä diýmän ýene-de traktorlar tarlar-da, daýhanlar işe başlar. Ana, onsoň Atamyradyň bedewden egsik eşegi hem gaňňalanar-da, sojap aňňyrmasyny bes eder. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, az-kem poslan pilem bihal ýatmasa gerek.

Şygryýet çemeni

PEDER KÜÝSEGI Şapagy demine dartansoň agşam,Gara mahmal bolup çökdi, hamala.Otly menzilinde gözel paýtagtyňÝarym bilen meýmiredik şemala.

Şygryýet bossany

MYNAJAT Arym — boýum, haýam — görküm,Ynamyma girip, gör, kim,Arzan alyp elden erkim,Her kimlere satar meni.

Ylham joşguny

OŇUŞMALY BOR Nätjek, bar zat bilen oňuşmaly bor,Aýralykdan gaýry gidere ýer ýok.Kem-kem bir-birekden sowaşmaly bor,Indi saňa men ýok, maňa-da sen ýok.

Zamça

Andreý NOWIKOW,Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Lipesk oblast jemgyýetiniň başlygy. Gyzgyn sähraň gursagyndan öwsen ýel,Rahatlanýar çygly tep-ter bakjada.Onça zamça bişýär — sen iýunda gel,Ol bir altyn şöhle söýüp bakjaga.

Gündogaryň nusgawy şahyrlary

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň bilelikde guramagynda Pakistanyň Allama Ykbal adyndaky uniwersitetinde «Gündogaryň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Allama Ykbalyň döredijilik mirasy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi Farhat Azif Nur, Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça Federal sekretary Hasan Nasir Jamy, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow we iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, döwlet, jemgyýetçilik wekilleri Magtymguly Pyragynyň hem-de Allama Ykbalyň döredijiliginiň umumylygy barada täsirli gürrüň etdiler. Çykyş edenler «Hemmämiz baharyň adamlarydyrys...» diýip, ynsanperwerligi öňe süren Allama Ykbalyň «Özüniň görkezmeleri» (Asrare Khudi»), «Özüniň syrlary», «Ýetimiň aglamasy», «Şem we perwana» ýaly edebi mirasy, onuň dünýäniň gurluşy baradaky pelsepewi pikirleriniň, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynyň Magtymgulynyň pikirleri bilen gabat gelýändigine, şeýle-de bu iki ägirdiň döredijiligine Gündogaryň beýik söz

Şygryýet

Watan söýgüsi Sözüm ýetmez tarypyny söýläre,Gül görkünden doýa bilmez gözlerim.Pederleriň mähri siňen mekan deý,Mähriban ýer, mähri bar ýer görmedim.

Mähir siňen ýagyşlar (Oýlanma)

Aslynda daş-töweregimizde görýän zatlarymyzyň bizde nähili duýgy döredýänligi özümize bagly. Şahyr aýtmaýarmy: «Gözellik biziň kalbymyzda döreýär» diýip. Nämedir bir zada göwnüň göterilip, şähdiň açyk wagty, hatda töweregiň tutuk görnüşlerem seniň gözüňe ýakymly görnüp biler. Tersine, keýpsiz çagyň töweregiň gözelligini duýmanam bilersiň. Mende-hä şeýle bolýar. Köplenç, tebigatdaky özgerişlikler maňa kalbymdaky ýatlamalara görä täsir edýär. Mysal üçin, ýagyş. «Nähili ýagyşlar bolýar?» diýip soraýsam, siz: «güýz ýagşy» diýersiniz, «ýaz ýagşy» diýersiniz. Emma başga hiç bir ýagyşlara meňzemeýän, juda üýtgeşik ýagyşlaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz. Ýöne mende şeýle ýagyşlaryň telim görnüşi bar. Çagalygymyň ýagşy, ýaşlygymyň ýagşy... Olar, hakykatdanam, başga ýagyşlara meňzänok. Olaryň ýagşy-da üýtgeşik. Gowusy men size çagalygymyň ýagşy barada gürrüň bereýin...

Kerim şahyryň dosty

Ilçilik-dä. Durmuşda her hili täsin adamlar bolýar. Garaja aga hem şeýle adamlaryň hilindendi. Süňkbaşy iri, pälwansypat adamdy. Oturanda-turanda juda ýeňil gopýardy. Garaja aga ulaga münmäni halanokdy. Ol minneti iki aýagyndan çekýänlerdendi. Haçan görseň pyýadadyr, ýörände yzyna eýerip bilmersiň. Garaja aga aýdym-saza-da uly sarpa goýýan adamdy. Käwagt eline dutar alyp, aýdyma-da hiňlenäýmesi bardy. Ol atly bagşy-sazandalar bilenem ýakyn aragatnaşykdady. Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbannazar Nurymow dagy aram-aram onuňka myhmançylyga gelýärdiler.

Artist. dramaturg. režissýor

Her bir adamyň, aýratyn-da uly zehinleriň ýürekde beslän, emma hasyl bolmadyk bir arzuwy bolýar. Alty aga soňky gürrüňdeşliklerimiziň birinde «Görogly» atly çeper filmi surata düşürmek isleýändigini aýdypdy. Ýöne ykbal Alty agany şol arzuwyna ýetirmedi. Baba ANNANOW, Türkmenistanyň halk artisti.

Alymyň abraýly ýoly

Ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza, olary dünýä ýaýan ussatlarymyzyň bitiren işlerine mynasyp baha berilýär. Şeýle buýsançly sözleri biz milli žurnalistikamyzyň geçen ýoly barada hem aýdyp bileris. Sebäbi žurnalistiň işi dürli ugurlar bilen baglanyşykly bolup durýar. Türkmen žurnalistikasynyň, edebiýatynyň, terjimeçilik sungatynyň ösmeginde uly tagallalar eden halypalaryň biri-de Mämmetdurdy Annagurdowdyr. Ilkinji türkmen terjimeçileriniň biri, milli metbugatyň, pedagogikanyň, ylmyň taryhyndan ýazylan ençeme kitaplaryň awtory M.Annagurdow 1913-nji ýylda Tejen etrabynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi Mary etrabynyň Begli perreň obasynda, Marydaky Utamyş internatynda alýar. Marydaky Mugallymçylyk orta hünär mekdebini tamamlansoň, Ýolöten etrabynda mugallym bolup işleýär. 1931-nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutynyň fizika-matematika bölümine okuwa girýär. Instituty tamamlap, ilki Maryda mugallymçylyk edýär. 1937-nji ýylda Aşgabada — Türkmen döwlet neşirýatyna bölüm redaktory bolup işe gelýär. Şondan iki ýyl soň ony neşirýatyň baş redaktory wezipesine belleýärler. 1940-njy ýylda ony «Türkmenokuwpedneşire», soňra Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň medeniýet bölümine ýolbaşçy belleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda dürli jogapkärli w

Dogry sütün (Özbek tymsaly)

Ir döwürlerde bir patyşa üýtgeşik bina saldyrmaklygy maksat edinip, ýurdunyň iň ökde binagär ussalaryny ýygnap, gurluşyga başlapdyr. Şanyň buýrugyna görä, binanyň ortasyndaky sütünlik agaç ýogyn hem-de göni bolmaly ekeni. Onsoň gurluşykçylar şol sütüne laýyk gelýän agajyň gözlegine çykypdyrlar. Gözläp-gözläp, ahyr ýurduň iň çetki künjegindäki obada ýeke özi ýaşaýan bir kempiriň howlusynda ussalar şeýle agajyň ösüp oturandygyny görüpdirler. Kempire näme maksat bilen gelendiklerini düşündirip, bu agajy özlerine satmagy sorapdyrlar. Emma kempir razy bolmandyr. Bu agajy özüniň ekendigini, köp ýyldan bäri ideg edip gelýändigini, ýeke-täk guwanjydygyny aýdypdyr. Şanyň ilçileri kempire köp mukdarda pul tölejekdiklerini aýdypdyrlar. Onda-da razy bolmandyr. Iň soňunda agajyň agramyna barabar tylla töläp, ony zordan razy edipdirler. Kempir ol tyllalary alyp, obadaky garyp-pukaralara paýlapdyr. Agaç getirilensoň, ony ýonup-taraşlap, dürli oýma nagyşlar salypdyrlar. Owadan nagyşlary gözüň ýagyny iýip gelýän sütüne altyn suwy çaýylansoň, binanyň içine ýalkym saçyp, görenleriň gözüni gamaşdyrypdyr. Şeýle ajaýyp binany, owadan nagyşly sütüni görmäge gelýänleriň yzy üzülmändir. Onuň tarypy dilden-dile geçip, agajy ýetişdiren kempiriň gulagyna baryp ýetipdir.

Şägirt (Hytaý tymsaly)

Ýaýdan ok atmak boýunça meşhur mergenleriň biriniň ýanyna alys ülkelerden üç ýigit gelip: «Bizi özüňize okuwçy edip alyň» diýip haýyş edipdirler. — Men size mergenligiň başlangyç tilsimlerini öwredip bilerin. Özüme şägirtlige welin, araňyzdan diňe biriňizi almaly bolaryn — diýip, ussat jogap beripdir. Ol üçüsinden birini saýlamak üçin, gysgajyk synag geçirjekdigini aýdypdyr. Oglanlar razylaşypdyrlar.

Köňülleriň hossary

Ruhy dergähiň bosagasynda...            Dostuň öýi köňüldedir,            Köňüller ýapmaga geldim.