Döwletiň döwletli pudagy
Adamlaryň, esasan hem zenan maşgalanyň gündelik durmuşda iň köp barýan ýeri, megerem, söwda merkezleri bolsa gerek. Onuňam öýüne iň golaýdakysy. Özüm-ä şeýle. Ýaşaýan ýerime golaý söwda merkezine gün içinde bir ýa iki gezek däl, dört-bäş gezekden hem köp barýan bolmagym gaty ahmal. Öýçülik-dä, birden iýmit ugrundan bir gerek zat ýüze çykýar, birdenem başgarak görnüşli bir zat... Ýöne aýtjak bolýan esasy zadym, meniň nämeleri alýanyma satyjylaryň belet bolup gidenligi. Eger-de men olara gatyk ýa ýogurt gerekdi diýsem, «Elin» nyşanly, şöhlat önümlerini sorasam «Özgeriş» nyşanly, arassaçylyk serişdeleri ýa-da çagalar üçin arlyk aljakdygymy bilseler «Ak-bulut» nyşanly önümleri görkezerler. Bu ýagdaý indi däbe öwrülip barýar. Ýöne bu ýagdaýyň düýp sebäbi, meniň dandawçyllygym däl-de, ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň batly depgin bilen döwrebap derejede ösýändigi, hususy kärhanalaryň öz müşderileriniň göwnüni tapmak üçin golda baryny gaýgyrmaýandyklarydyr. Elbetde, öz ýurduňda öndürilen önümi iýip-içeniňde-de, ulananyňda-da, hamana öz gapyňdaky sygryň süýdünden ýa bolmasa, öz agylyňdaky malyň etinden taýýarlanan ýaly, özüňi arkaýyn hem göwnühoş halda duýýarsyň. Oýlanyp otursaň, şeýle ýakymly ýagdaýlaryň aňyrsynda hormatly