''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň oba hojalygy üçin ähmiýeti

Soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz hem makalamyzda Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň oba hojalygyndaky ähmiýeti barada gürrüň etmegi makul bildik. Ozalky makalalarymyzda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan çürt-kesik kontinental guşaklykda ýerleşýär. Netijede, ýurdumyzda gyş, bahar, tomus, güýz pasyllarynyň ählisi bar. Ýurdumyzyň şeýle howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, oba hojalygynda has uly mümkinçilikleriň bardygyna ýene bir ýola göz ýetirýäris. Dogry, bizde ýazyň gysga bolmagy käbir ekinleri ýetişdirmekde kynçylyklary ýüze çykaryp bilýär. Emma toprak we howa şertlerimize uýgunlaşan ekinler babatda bizde uly artykmaçlyklaryň bardygyny hem unutmaly däl. Muny soganyň mysalynda düşündirenimizde, oba hojalygy boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Niderlandlar Patyşalygynda sogandan bary-ýogy bir hasyl almaga mümkinçilik bar, bizde bolsa sogandan ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almak mümkin. Şundan görnüşi ýaly, çürt-kesik kontinental guşaklykda ýerleşmegimiz ömri 3-4 aý bolan oba hojalyk ekinlerinden iki hasyl almaga

«Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýeti — pikirleriň hakykata öwrülýän ýeri

Adatça, binalaryň içki we daşky owadan bezeglerini ýa-da önümiň göze gelüwli gabyny görenimizde, bizi ýakymlydan özboluşly duýgy gaplap alýar. Bu şeýle-de bolaýmaly. Çünki şol owadanlygyň we göze gelüwliligiň aňyrsynda dizaýnerleriň irginsiz zähmeti, yhlasy we gözlegleri ýatyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz üçin täze ugurlaryň biri bolan dizaýnerlik taslamalary bilen meşgullanýan, onda-da, eýýäm öz ornuna, aýratyn ýörelgelerine eýe bolan hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň sany barha artýar. Biz hem gazetiň şu sanynda şolaryň biri bolan «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň marketing boýunça hünärmeni Yhlas Tagyýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirýäris.

«Çarhypelek» — nepisligiň nusgasy

Bazar gatnaşyklarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşmagy bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hususyýetçiligiň orny we ähmiýeti has artyp, bu ugurda ýokary üstünlikler gazanylýar. Halkyň isleglerini kanagatlandyrýan önümçilikleriň hatarynda halyçylyk pudagyna uly orun degişli. Çünki, haly önümlerine diňe bir ýurtda däl, eýsem, dünýä ýüzünde isleg ýokary. Onda-da türkmen halylaryna. Haly hakda söz açmak bilen, onuň çeperden täsin, gözellik nury siňdirilip dokalyşy barada, şunda «Çarhypelek» haly kärhanasynyň iş tejribesini okyjylara ýetirmek maksady bilen, kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Kümüş Täjibaýewa bilen söhbetdeş bolduk.

Içerki we daşarky bazarlarda islegli

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we oňa dahylsyz pudagy ösdürmek möhüm ugur bolup orta çykýar. Ykdysady özgertmelerde telekeçiligiň ähmiýetli orny bar. Türkmen telekeçileri bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Içerki hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlaryň öndürilişi barha artýar. Önümçilige täze tehnologiýalar batyrgaý ornaşdyrylyp, önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Bazar bolçulygyny döretmäge önjeýli goşant goşýan hojalyk jemgyýetleriniň biri-de «Ak ýaprakdyr». Golaýda bu hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Merdan MÄMMETSÄHEDOW bilen söhbetdeş bolduk. — Merdan, bagtyýar halkymyz milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralar bilen belledi. Toý-baýramy sowgatly garşylamak indi asylly däbe öwrüldi. Bu işlerde türkmen işewürleriniň mynasyp paýy bar. Hojalyk jemgyýetiňiziň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

«Bereketli jaý» — bolçulygyň çeşmesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Merdan Orazdurdyýewe degişli bolan «Bereketli jaý» hususy kärhanasy hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşýan bereket çeşmeleriniň biridir. Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde ýerleşýän bu hususy kärhana 2018-nji ýylda işe başlady. Hususy kärhananyň düzüminde üç bölekden ybarat döwrebap ýyladyşhana bilen bir hatarda maldarçylykdyr guşçulyk toplumlary hem hereket edýär. «Bereketli jaýyň» iş dolandyryjysy Arslan Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, hususy kärhananyň ýyladyşhanalaryndan pomidoryň ýüzlerçe tonna hasyly alnyp, içerki bazar bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlara-da eksport edildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň ýigrimiden gowragy yhlasly zähmet çekýär.

Täze önümhana işe başlady

Halk hojalygynyň ähli pudagynda gazanylýan üstünlikler ildeşlerimiziň beýik ösüşlere bolan ynamlaryny has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris» diýen sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň öndürijilikli zähmeti netijesinde harytlaryň görnüşleri günsaýyn artyp, önümçiligiň gerimi barha giňeýär. Olar şanly baýramy zähmet ýeňişleri bilen has-da şöhratlandyrýarlar. Muny «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň ýakynda işe girizen, Mary şäherinde ýerleşýän nah ýüplük öndürýän täze sehiniň mysalynda hem görmek bolýar. 2022-nji ýyldan bäri kärhanada öndürilýän dokma önümleriniň hiliniň dünýä ülňülerine laýykdygy aýratyn bellärlikli. Bu ýerde ýapynjalary, çalgyçlardyr jins we nah matalaryň dürli görnüşini öndürmek işi-de barha ilerleýär. Göze gelüwli, owadan bezegli önümler alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri goňşy ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde 400-e golaý adam zähmet çekýär. Olaryň köpüsiniň ýaşlardygyny aýtmak has-da ýakymly.

«Mah­mal» ha­ryt ny­şan­ly bananlar ba­zar­la­ra ýe­ti­ril­di

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak­da, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de tä­ze kär­ha­na­la­ry, goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­de, san­ly ul­ga­my äh­li top­lum­lar bi­len bi­le­lik­de oba ho­ja­ly­gyna or­naş­dyr­mak­da ýur­du­my­zyň döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk pu­da­gy­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ba­şy­ny baş­lan tas­la­ma­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol­daw-he­ma­ýat­la­ry esa­syn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän im­port ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni tap­gyr­la­ýyn esas­da azalt­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, hu­su­sy işe­wür­ler ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da-da ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar w

Garaşsyzlyk baky bagta ýetirdi

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýz paslynyň ajaýyp gününde gazanylan milli Garaşsyzlygyň türkmen halkyny baky bagta ýetirendigine şu günki erkana ýaşaýşymyz, bagtyýar durmuşymyz, ösüş-özgerişli ajaýyp döwrümiz şaýat. Her bir raýatyň alnyndan Gün bolup dogan, ykbalyna oňyn täsirini ýetiren beýik Garaşsyzlyk milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna getirdi. Garaşsyzlygyň ajaýyp miwesi bolan ýurdumyzyň hususy pudagy özbaşdaklygyň, erkinligiň, «öz eliň, öz ýakaň» bolmagyň gadyr-gymmatynyň başgaçadygyny aňryýany bilen subut edip, ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-parasady bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň on bäş ýylyň içinde 28 müňe ýetmegi-de milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornunyň düýpli ýokarlanýandygynyň alamatydyr. M illi telekeçilikde zenanlaryň orny barada gürrüň edilende, ilki bilen, ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup haly we haly önümleriniň önümçiligini ýola goýan Orazgül Eýeberdiýewanyň ady tutulýar. Oňa «Işewür zenanlaryň öňbaşçysy» diýsek-de, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki guramaçy, ukyp-başarnykly, zähmetsöýe

«Gündogar akymynyň» çeşmesine bereket

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna öwrülýär. Döwletimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy pudagyň wekilleri obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we senagat pudagy üçin çig mal gorlaryny döretmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleridir miweleri öndürýärler. Soňky ýyllarda hususyýetçiler tarapyndan işe girizilen täze önümçilikler çig maly gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleri bilen bazarlarymyzy üpjün etmäge mümkinçilik döretdi. Hususy pudagyň oba hojalygy we azyk senagaty ugrunda öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususy düzümleriň biri-de «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerine mynasyp jogap hökmünde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşmak maksady b

Ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny ajaýyp zamanamyzda olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda telekeçilerimiziň eýeleýän sepgitleri guwandyryjydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Bu şanly toýa ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barmak ähli pudaklaryň işgärleriniň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň telekeçileri hem Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.

Berekedi artýan kärhana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň gündelik aladalary, goldawy bilen telekeçileriň iş öndürijiligi has ýokarlanýar. Olar tarapyndan senagat we azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň öndürilişi ýylsaýyn artýar. 1992-nji ýyldan bäri halka datly tagamlary hödürläp gelýän hojalyk jemgyýetleriniň biri-de «Bereketlidir». Onuň öndürýän önümleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da bellidir. «Bereketliniň» çykarýan çaýy, şöhlat önümleri söwda nokatlarynyň tekjesinde köp durmaýar. Çünki olaryň hyrydary barha köpelýär. Hojalyk jemgyýeti öz işini hytaý gök çaýyny, hindi gara çaýyny gaplamakdan başlady. Ol çaýlar gysga wagtda türkmenistanlylaryň uly höwes bilen satyn alýan harytlarynyň birine öwrüldi. Bu gün kärhana tarapyndan çaýlaryň 25-e golaý görnüşi alyjylara hödürlenýär. Halkara sergilerde çaýlar baýrakly orunlara-da mynasyp bolýar.

Türk­me­nis­ta­nda ilkinji gezek kiçi we iri kärhanalar üçin mugt web saýtlar dörediler

«Takyk ulgam» IT kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde «Tölegsiz web saýt» hyzmatyny ýola goýandygyny habar berýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, bu ugurda dünýäniň iň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak bilen bagly zerur işler alnyp barylýar. «Tölegsiz web saýt» hyzmatynyň maksady hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegine goşant goşmakdan, şeýle-de ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmekden we döwletimiziň ähli pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň sanly ykdysadyýete geçmegine ýakyndan ýardam bermekden ybaratdyr.

Bol miweli alma bagy

Heran-haçan bag barada söhbet açylsa, näme üçindir, miweleriň hatarynda ilkinji bolup alma seriňe dolýar. Ýaňy orta mekdebe baran ýa-da heniz çagalar bagyna gatnaýan körpelere: «Hany, bäş-alty sany miwäniň adyny sanap ber!» diýseňiz, olar ilki almanyň adyny tutar. Bu almanyň diňe bir türkmen topragyna däl, türkmen halkynyň göwnüne hem ýakynlygyndan bolmaly. Bu miwäniň topragymyzy söýşüne bolsa söz ýok. Hasaňy dürtseň hem gögerýän topragymyzda almanyň, gör, näçe görnüşi bitýär. Hojambaz etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde 10 gektara uzaýan almaly bagyň peýda bolanyna heniz kän wagt geçenok. Eýýäm bu bag «Ýunus daýhanyň» bagy diýlip, tutuş Lebapda meşhurlyk gazandy. Munuň ilkinji sebäbi bagyň adaty däldigidir. «Ýunus daýhanda» «bagçylyk» diýilýän düşünjä düýbünden täze many, täze öwüşgin çaýylypdyr. Daýhan hojalygynyň hünärmenleri we bagbanlary ýokary hasyl almak üçin döwrebap tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Ene ýer garaşygy, idegi halaýar. Näçe halal zähmet çekip, maňlaý deriňi siňdirip bilseň, ol şonça-da eçilýär. Saçagymyzyň berekedini artdyryp, baýlygymyza baýlyk goşýar. Bu günki gün ýere eýeçilik gözi bilen seredip, ondan ýokary hasyl almagy başarýan kärendeçilerdir hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň işi bilen gyzyklanyp, onuň direktory Sapar Dolyýewe ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Türkmen işewürleriniň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryna döwlet tarapyndan yzygiderli berilýän goldaw-hemaýat has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar tutumly hem päk zähmeti bilen ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Gökdür bakja önümlerini ýetişdirýärler, miweli baglary döredýärler. Agrosenagat pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen, türkmen işewürlerine ýer bölekleri-de berilýär.

Saglyk hem lezzet

Ýokary hilli azyk önümleri, aýratyn-da, süýt önümleri ähli ýaşdaky adamlaryň saglygy üçin peýdalydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen telekeçileri ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini öndürip, içerki bazarlary üpjün etmekde hem-de daşarky bazarlarda ýerlemekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Milli öndürijileriň hatarynda halkymyza hödürleýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň köpdürlüligi we möçberi babatda «Täze Aý» öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Guwançmyrat Orazowa degişli «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma we süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanada häzirki wagtda süýt önümleriniň uly möçberi, doňdurmanyň köp dürli görnüşleri we beýleki azyk harytlary öndürilýär. Ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan, halkara hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümleri öndürýän kärhana ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Bu önümler amatly bahasy bilen tapawutlanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen mynasyp bäsleşýär.

Bilim ojaklaryna döwrebap mebeller

Bu gün paýtagt şäherimiziň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bilim ojaklary baýramçylyk lybasyna beslenip, okuwçy we talyp ýaşlary gujak açyp garşy alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlara bu taryhy gün iň ýakymly hem buýsançly pursatlary bagyş eder. 2023-2024-nji okuw ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesline dünýä ülňülerinde gurlan döwrebap mekdepler, çagalar baglary gapylaryny giňden açýar. Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilim ojaklarynyň täze binalaryny dabaraly ýagdaýda ulanyşa bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dünýä ülňülerinde gurlan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berler. Hormatly Prezidentimiz körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Bilim ojaklary häzirki zaman enjamlary, döwrebap mebeller bilen üpjün edilýär. Täze bilim ojaklarynyň ýurdumyzda öndürilýän mebeller bilen üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýbölek» mebel fabriginiň hünärm

Gazagystana mekdep partalary eksport edildi

Hormatly Prezidentimiziň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlary, durmuşa geçirýän giň gerimli işleri milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasynyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Milli önümlerimiziň daşary ýurtlara eksportynyň artdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işewür düzümler hem bu işlere mynasyp goşandyny goşýar. Ýeri gelende bellesek, «Aýbölek» mebel kärhanasy geçen ýylyň sentýabrynda hem Gazagystan Respublikasynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdep üçin partalary eksport edipdi.

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde belent sepgitlere ýetilip, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagynda uly ähmiýeti bolan telekeçiligi ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde giň gerimde ösüşleri nazarlaýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň altyn gaznasy bolan telekeçiler işjeň gatnaşýarlar. Dürli ugurlarda iş alyp barýan telekeçilere döwlet tarapyndan ýeňillikleriň berilmegi olaryň iş geriminiň giňemegine şert  döredýär. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden pesde durman, olara isleg barha artýar. Munuň özi halkymyzyň uly isleg bildirýän önümlerini, harytlaryny öndürmekde telekeçilerimiziň alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da artdyrmaga düýpli itergi berýär. Türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edip, ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

Telekeçilige — giň ýol

BÄHBITLI IŞLERE GOŞANDYMYZ Şanly wakalary bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň möçberli işleriň bady artýar. Ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde giňden ýaýbaňlandyrylýan tagallalar il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bähbitli aladalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär.

Işi ileri kärhana

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri özleri üçin döredilýän oňyn mümkinçiliklerden peýdalanyp, täze önümçilikleri ýola goýýarlar, önümçilik kärhanalarynyň sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Müşderiler üçin hödürlenýän önümleriň hem-de hyzmatlaryň görnüşini köpeldip, olary hil taýdan kämilleşdirýärler. Şeýle işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan hususyýetçileriň biri-de, telekeçi Meret Meredowdyr. Telekeçi 2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde önümçilik kärhanasyny açyp, ilkinjileriň biri bolup «Dat» haryt nyşanly nahar duzunyň önümçiligine girişýär. Ýodlaşdyrylan nahar duzy adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden döreýän keselleriň öňüni almaga niýetlenendir. Önümhana ornaşdyrylan döwrebap enjamlar günde ortaça 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär.