''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

Maýyşgak gaplamalary öndürýän iň esasy kärhana

«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk we azyk däl önümleriniň maýyşgak gaplamalaryny (rotagrawýura) çuňňur çap etmek usulynda öndürýär. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň maýyşgak gaplamalaryny öndürýän ilkinji we ýeke-täk kärhanadyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti öz işine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlaýar we onuň ilkinji hyzmatdaşlary «Tomus», «Kirpi», «Salkyn» kärhanalarydyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti ilki bary-ýogy 20 — 30 sany dizaýny bilen işe girişýär. Gysga wagtyň içinde önümleri bilen telekeçileriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda 70-den gowrak telekeçiniň buýurmalaryny ýerine ýetirýän bu kärhana bu günki gün 450 — 500-den gowrak dizaýn işlerini özünde jemleýär. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň atlandyrylyşy barada gysgaça aýtsak, kärhananyň direktory Nurmuhammet Abdyrasulowyň ýedi ogly bar. «Nur» sözi bolsa Nurmuhammet aganyň adynyň birinji bölegidir.

Ýokary hil — esasy görkeziji

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» haryt nyşanly önüm öndürýän tikinçilik bölüminde çagalar hem-de uly ýaşlylar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikleriň täze görnüşi bölek satuwa çykaryldy. Güýz-gyş aýlaryna niýetlenip, aýratyn bezegler bilen taýýarlanan bu önümler uly isleg bildirilip satyn alynýar. Bölümde daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tikin önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Bazar gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşýan döwründe işleriň täzeçe guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleriň döredijilikli işlemekleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi önümçiligi ýokarlandyrmaga, uly islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şonuň üçin-de, her bir tikin önüminiň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda tikinçilik bölümi boýunça sebitiň çägindäki senagat, gurluşyk kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň buýurmalary esasynda taýýarlanan tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Ak bazaryň berekedi

Ol ýerler mundan sanlyja ýyl öňem obanyň çekenesi bakylýan sazakly-selinli meýdandy. Häzir bu ýerde 5 gektara uzap gidýän döwrebap ýyladyşhana toplumy ýerleşýär. Oňa barýan köçäniň iki gyrasyny miweli we saýaly agaçlar eýeleýär. Yhlasly zähmeti bilen bu ýeri gülzarlyga öwren işjanly telekeçä Batyr Rozyýew diýýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hususy eýeçilikde önümçilik kärhanasyny açyp, halkymyzy ýylyň ähli paslynda ter pomidor bilen üpjün etmegi maksat edindi. Şol maksat bilen hem, Kerki etrabynyň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 9 gektar meýdany özleşdirip, onuň 5 gektarynda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurdy. Dört bölekden ybarat bolan ýyladyşhana toplumynyň uzynlygy 220, ini 186 metre deň. Onda pomidoryň «simgan» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Biz baranymyzda, işçi gelin-gyzlaryň bir topary ýyglan hasyly saýhallap, aýry-aýry gaplara ýerleşdirýärdiler. Ýene bir topary bolsa ýörite niýetlenen ýüpler arkaly pomidor nahallaryny ýokarlygyna galdyrýardylar. Telekeçi Batyr Rozyýew bu ýerden üç ýyl bäri bol hasyl alýandyklaryny, süýji tagamly pomidorlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem geçginlidigini aýdyp:

Ak bazarlaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijilerine ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ähli amatly şertleri, ýeňillikleri döredýär. Bu bolsa oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçilerini hem yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň bu ugurdaky alyp barýan işleri hem guwandyryjydyr. Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

«Geljege miras» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleriniň esasy ýörelgeleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagynyň we işewürligiň höweslendirilmeginiň netijesinde hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, döwrebap kärhanalarda täze önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Türkmen telekeçileri hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmegiň hötdesinden gelýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli önümleri öndürýän hususyýetçileriň sany barha artýar. Döredijilikli gözlegleriň netijesinde yzygiderli kämilleşýän düzümleriň biri-de 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geljege miras» hususy kärhanasydyr. Häzirki wagtda «Geljege miras» hususy kärhanasynyň önümçilik toplumynda «GM Oil» haryt nyşany bilen motor ýaglarynyň 11 görnüşi öndürilip, alyjylara hödürlenilýär.

Türkmenistan — mäş önümçiliginde iň uly mümkinçilikleriň ýurdy

Biz ýokardaky sözbaşyny ýöne ýere saýlamadyk. Soňky ýyllaryň dowamynda geçiren gözleglerimiz ýurdumyzda mäşiň senagat derejesindäki önümçiligini ýola goýmak üçin biziň toprak we howa şertlerimiziň juda amatlydygyny ýüze çykardy. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň toprak we howa şertleri bilen tanşan halkara bilermenler tarapyndan hem ykrar edildi. Has takygy, biz 2019-njy ýylyň 29-30-njy maýynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen «Mango hem-de möwsümleýin miweler we gök önümler» halkara sergisine Türkmenistanda gök önümleri ýetişdirmek, olaryň tagamy we ýetişdirilen hasyly möwsümine görä, daşary ýurtlara (şol sanda Hindistana hem) eksport etmek baradaky sebitleýin seljerme taslamamyz bilen gatnaşyp, Baş baýraga mynasyp bolduk. Hytaý, Hindistan ýaly oba holajygynda we azyk önümçiliginde öňdebaryjy döwletleriň wekilleriniň arasynda biziň şeýle derejä mynasyp görülmegimiz sergä gatnaşyjylarda Türkmenistana bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şolaryň hatarynda oba hojalygy boýunça baý tejribä eýe bolan onlarça kompaniýalaryň biziň bilen söhbetdeş bolmaga meýil bildirdiler. Şeýle söhbetdeşlikleriň biri Hindistanyň «SDF Production Pvt. Ltd.» kompaniýasynyň direktory Sonal Loharikaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirildi. Şol söhbetdeşligiň barşynda biz Türkm

Islegli gurluşyk serişdeleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiligi goldamakda döredýän mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, gurluşyk senagatynda netijeli işleri alyp barýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýeti hem pudakda adygan hususy kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hojalyk jemgyýeti üç ýyl mundan ozal welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurluşyk garyndy serişdelerini we gipskartony öndürýän kärhananyň işini ýola goýdy. Gurluşyk pudagynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürýän kärhananyň etrabyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda gurulmagy sebitde bu önümleri öndürmek üçin zerur bolan tebigy çig mal serişdeleriniň ýeterlik gorlarynyň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Umumy tutýan meýdany 25 gektara barabar bolan kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglere eýedigi ünsi çekerlikdir. Munuň özi hususy ulgamda dünýäniň öňdebaryjy önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanylyp, ýerli çig mal serişdelerinden bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandy

Türkmenistan — datly gawunlaryň ata watany

Taryhy maglumatlar bireýýäm Türkmenistanyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojaklarynyň biridigini tassyklady. Hususan-da, ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde ak bugdaýyň watany hökmünde bilinýär. Türkmen topragy diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, datly gawunlaryň hem watanydyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki behişdi nygmat bolan gawun dünýäniň hiç bir ýerinde türkmen topragyndaky ýaly süýji tagamly bolup ýetişmeýär. Türkmenistanda gawunlaryň 460-dan gowrak görnüşiniň bardygy hem bu ekiniň ilkinji tohumynyň biziň topragymyzda şineländigini aýtmaga esas berýär. Türkmenistanyň gawunyň ata watanydygy baradaky garaýşymyzyň ýene bir delili dünýä ýüzündäki ähli gawun görnüşleriniň biziň ýurdumyzda eýýäm meňzeşiniň bardygydyr. Şeýle-de daşary ýurtlardaky tohumlar biziň topragymyza getirilip ýetişdirilende, olaryň bizdäki bar bolan sortlara ähli babatda meňzemegi garaýşymyzyň hakykatdygyna güwä geçýär. Has anyk aýtsak, biz terjibe hökmünde dünýä meşhur gawun görnüşleriniň birnäçesini — «ýubari» (Ýaponiýada ýetişdirilýän görnüş), «kantelop» (ABŞ-da we Ýewropada, Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin ýetişdirilýän görnüş), «pýel de sapo» (Ispaniýada ýetişdirilýän görnüş) we «yellow honeydew» (Braziliýanyň sary g

Ülkämiň toý saçagyna

Güýz ahyrlap, howa salkynlap başlaýan döwründe kalbymyz özboluşly duýgulara beslenýär. Mazaly demini alan gök çaýyň ýany bilen lezzetli şokoladyň tagamy bolsa çagalyk ýatlamalaryny oýarýar. Çagalyk döwründe süýjülikler we salkyn howa Täze ýyl baýramynyň ýakynlaýandygyny aňladardy. Ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleriniň jemlenilip, täze üstünliklere ýol açýan baýramçylygyna telekeçiler hem güýçli depginde taýýarlyk görýär. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem telekeçi Begmyrat Işanowyň paýtagtymyzdaky «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hususy işewürlige giň ýol açylyp, telekeçiler üçin uly mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle asylly başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen birlikde, konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleri rowaçlyga beslenýär. Telekeçi Begmyrat Işanowyň «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň kerwenbaşysy diýsek hem ýalňyş bolmaz.

Datly söhbetler

Biziň gazetimiz her sanynda özüniň okyjylaryna birnäçe kafedir restoranlaryň hyzmatlary barada hödürleýär. Biz siziň toýly günleriňiziň, aýratyn seneleriňiziň göwnejaý derejede bolmagyny, ýagşy ýatlamalar bilen ýadyňyzda galmagyny isleýäris. Şu nukdaýnazardan  ugur alyp, gazetiň bu sanynda hem paýtagtymyzda ýerleşýän toý mekanlarydyr kafeleriň ilata hödürleýän hyzmatlary barada maglumat bermegi makul hasapladyk. Lezzetli içgi

Azyk bolçulygyna uly goşant

Gök ekerançylardyr bagbanlaryň asylly zähmeti öz guwandyryjy netijesini-de berýär. Bazarlarymyz dürli miwelerden, gökdür bakja ekin önümlerinden doly. Alyjylar islän ir-iýmişini, bakja ekin önümlerini elýeterli nyrhdan satyn alyp bilýär. Bu babatda türkmen telekeçileri-de yhlaslylyk görkezýärler. Olar diňe bir miweleri, ir-iýmişleri, gökdür bakja ekin önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemekde-de ýokary netije görkezýärler. «Peragat» hojalyk jemgyýeti şerbetleriň, marinada ýatyrylan önümleriň dürli görnüşini halkymyza hödürleýär. Önümler «Nesil» haryt nyşany bilen bellidir. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynyň kuwwatlylygy ýylda 1 million şertli bankany gaplamaga barabardyr. Marinada ýatyrylan pomidor, şugundyrly kelem, duzly burç, hyýar-pomidor görnüşleri boýunça 480, 720 gramlyk, 1 litrlik şertli bankalara gaplanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Ter önümler halkyň saçagynda

«Duýgy» nyşanly önümler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Duýgy» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhananyň işi bu gün barha ilerleýär. Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana 2001-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edip gelýär. Telekeçi Meretmuhammet Durdyhanowyň ýolbaşçylyk edýän konditer önümleri kärhanasynyň önümçilik bölümlerinde Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk etmegiň hötdesinden gelýän hünärmenler öndürilýän önümleriň hili we ýokumlylygy ugrunda uly tagalla edýärler.

Güýzüň gök maýsasy, ak atyzlary

(Publisistika) Bu meýdanlaryň beýle owadandygyny! Giden meýdanyň gök maýsasy adaja şemala çala tolkun atýar weli, ýer berekediniň iň naýbaşy ekini hasaplanýan ak bugdaý hasylly günlerine howlugyp, göge gol uzadyp barýan ýaly. Şol goly bolsa siňe synlasaň, keremli topraga ganymat kök uran dikje baldaklary. Şol baldaklardan eýýäm penje hem ýaýrap ugrapdyr. Daýhan eždatlarymyz bolsa: «Mizanda ekilen ak ekin akraba çenli penje görkezse, orak wagty gabyňy giňden açyber!» diýip aýtmanmy näme?!

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Halkymyzda gurmak, bina galdyrmak asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe kanunçylyk namalary, maksatnamalar kabul edildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, olaryň çäklerinde welaýatymyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösmegi, hususyýetçilige aýratyn üns berilmegi netijesinde, bu ugurda hereket edýän kärhanalaryň sany barha artýar. Olaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurana dost» hususy kärhanasydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda gurluşyk kärhanasynyň inženeri Oraz Orazow bize şeýle gürrüň berdi:

Del tagamly bananlar

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. 2019-njy ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýeti uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 1200 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleriniň, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşandyny goşýar. Paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetiniň bäş gektar meýdanyny döwrebap ýyladyşhana toplumy eýeleýär. Onda banan ösdürilip ýetişdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýyladyşhana toplumynda bu subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşinden ilkinji hasyl ýygnaldy. Ilkinji ýylda her düýpden 35—40 kilograma golaý hasyl almagy başaran işewürleriň del tagamly bananlary şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat bolup, ildeşlerimiziň toý saçagyny bezedi.

Tikin önümlerine isleg ýokary

«Esli» hojalyk jemgyýetiniň tikin kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýär. Kärhananyň önümçilik işiniň esasy bölegini «Besti» haryt nyşanly çaga lybaslary eýeleýär. Bäsdeşlige ukyply bu önümler birnäçe ýurda eksport edilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hojalyk jemgyýetiniň tikin kärhanasynyň işe girizilenine sanlyja ýyl geçendigine garamazdan, onuň önümleri gysga wagtda uly meşhurlyk gazandy. Tikinçi gelin-gyzlaryň 200-e golaýyny özünde jemleýän tikin kärhanasynda öndürilýän önümleriň esasy bölegi 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslardyr. Öz işine ökde gelin-gyzlar önümçilik bölüminde ornaşdyrylan «Juki» ýapon kompaniýasynyň häzirki zaman tikin enjamlaryndan we beýleki degişli tehnologiýalardan oňat baş çykarýarlar. Şeýle bolansoň, olaryň tikýän lybaslary ýokary islege eýe.

Ýertudana — saçaklaryň bezegi

Ýurdumyzda miwelerdir ir-iýmişler ýyladyşhana şertlerinde hem giňden ýetişdirilip, olar ýokary hilliligi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ýyladyşhanada hem importyň ornuny tutýan ýokary hilli ýertudanalary ýetişdirmekde iş alnyp barylýar. — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — telekeçilere döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýadawsyz zähmet çekýäris. «Tudana» haryt nyşany bilen sarp edijilere hödürlenýän ýertudanalaryň ýokary hilliligini, ekologiýa taýdan arassalygyny, terligini we tagamynyň datlylygyny gazanmak, amatly bahadan ak bazarlary üpjün etmek — biziň esasy maksadymyz — diýip, telekeçi Batyr Rawşanow gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.

Ýokary hilli gurluşyk harytlary

Bu günki gün hususy pudak ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginde-de hususy ulgama uly orun degişlidir. Hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalaryň, aýry-aýry telekeçileriň öndürýän önümleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny birkemsiz tutýar. Türkmen işewürleriniň öndürýän önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar, olaryň daşary döwletlere eksport edilýän möçberi-de ýylsaýyn artýar. Harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmekde ýeterlik tejribe toplan telekeçiler gurluşyk üçin gerek bolan serişdeleri öndürmekde-de yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň çar künjünde gurulýan täze binalardyr desgalary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň uly goşandy bar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlar gurluşyklarda giňden ulanylýar.

«Mejal» — guşçulyk hem maldarçylyk üçin ýokumly iýmler