Immuniteti ýokarlandyryjy iýmitler
Ynsan saglygy immun ulgamynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Bedeniň immun ulgamyny berkitmek üçin açyk howada gezelenç etmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Esasan hem, dogry iýmitlenmek bedeniň ätiýaçlyk güýjüni artdyrmak bilen bir hatarda, dürli keselleri döredijilere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Adam bedeni üçin witaminleriň we mikroelementleriň ähmiýeti örän uludyr. Olaryň käbirleri barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. «C» witamini — damarlaryň diwaryny berkitmek bilen, immun öýjükleriň emele gelmegine gatnaşýar. Öýjükleri erkin radikallardan goraýar, organizmi wiruslardan goraýan antibedenjikleriň we interferonlaryň emele gelmegini ýokarlandyrýar. Bedeni daşky gurşawyň oňaýsyz täsirlerinden, ýagny her dürli ýokançlardan, bedeniň aşa sowamagyndan goraýar we strese garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Bu witamin organizmde emele gelmeýär, şonuň üçin bu witamine baý gök önümleri kabul etmek zerurdyr. Bu witamine baý önümler: itburun, smorodina, sitrus miweleri (apelsin, limon), kiwi, zemlýanika, hurma, kelem, bolgar burçy, pomidor.