Gadymy Änewiň şöhratly taryhy
«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap biziň durmuşymyzda dem alýan howamyzdan, gündelik azyk-owkatymyz bolan çörekdir suwumyzdan soňra iň esasy zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemegiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr. Ylym-bilimi bolsa kitaplar arkaly has özleşdirip bilýäris. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr» diýip belläp geçýär. Hakykatdanam, kitap ynsana ruhy taýdan goldawy, sagdyn pikirlenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy bagyş edýär. Haçan-da Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döreden eserlerini alyp okanymyzda hem bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýäris.