Gymmatly hazyna
«Kitap okan magnydan dok», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen ýaly parasatly jümleleri miras goýan ata-babalarymyz kitaba uly hormat bilen garapdyr. Halkymyzda kitap bilimleriň çeşmesi, görelde mekdebi, ruhy baýlyk hökmünde görlüp, türkmeniň durmuşynda onuň orny uly bolupdyr. Hatdatlaryň, bilimdarlaryň, hat-ýazuwdan başy çykýan adamlaryň yhlasy bilen asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilen milli we medeni mirasymyzyň dürdäneleri ilat arasynda aýawly saklanyp, olar gymmatly baýlyk hasaplanypdyr. Toý-tomaşalarda, meýlislerde adamlaryň ruhuny galkyndyrýan aýdyşyklar, aýdymdyr şygyrlar, dessandyr kyssalar, pähimdir paýhas siňen setirler dilden dile geçip, many-mazmuny goýazy golýazmalara siňip, nesillere ýetirilipdir. Alym-ulamalarymyzyň kitaplary, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri häzirki günlerde hem uly höwesden peýdalanyp, ürç edilip okalmagy halkymyzda okamak medeniýetiniň asylly ýörelgä öwrülendigini görkezýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kemally, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde kitabyň uly ähmiýeti bar. Dünýäniň ylym-bilim babatdaky ähli gazananlaryny özünde jemleýän kitap bilimlilik derejäňi artdyrmakda iň zerur gollanmadyr. Çünki adamzadyň ýaşaýyşda ýeten üstünlikleri, açyşlary, taryh