"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Sanly durmuşa gadam bu gün çäksiz mümkinçiliklere ýol açýar

Ynsanlaryň täzeliklere çalt uýgunlaşmaklary olaryň tebigatyna mahsus. Şol sebäpli hem, «sanly» durmuşa geçmekde hiç hili müşgillik bolmady. Bu-da sanly ulgamyň eçilýän nygmatlarynyň ynsana berýän rahady bilen bagly bolsa gerek?! Hut sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Ýakynda Ýolöten etrabynyň sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşik üç ugurdan ybarat bolup, oňa gatnaşan okuwçylar ylmy-döredijilik, surat çekmek, el işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Üstünlikleriň açary

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek, ýaş nesliň akyl-paýhas mümkinçiliklerini we ukyplaryny doly açmak üçin giň şertleri döretmek babatynda maksada okgunly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz üns-aladalary bilen gurşalan ýaş nesiller bu gün döwrebap mekdeplerde bilim alýarlar, okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Munuň özi ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine, giň gözýetimli bolmagyna we döredijilik zehinleridir başarnyklaryny açyp görkezmegine ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda giň gerim alan bilim ulgamyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyndan hem-de «Türkmenistanda umumy we orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyndan gözbaş alýar. Agzalan resminamalar esasynda orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilime geçilip, okatmagyň möhleti halkara ölçeglerine kybap getirildi. Bu bolsa, okuwçy ýaşlara bilimini artdyrmaga we ony düýpli özleşdirmäge şert döretdi. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmak boýunça guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemek gerek. Şonuň bilen baglanyşykly,

Ýylyň mugallymy — 2021

TEJEN. Şäherdäki 2-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Şäher bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary gatnaşdy. Arzyly käriň eýeleri bolan mekdep mugallymlary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, hünär babatdaky ukyp-başarnygyny, tejribesini degişli şertleriň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de onuň netijeliligini gazanmak babatdaky başarnygyna eminler topary mynasyp baha berdiler.

Bilim özgertmeleri – döwrüň beýik ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip belleýär. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyp ýaşlara berilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy barada mugallymlar bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi gazetiň okyjylaryna ýetirýäris. — Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam ornaşdyrylyp, netijeli işler edilýär. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň beräýseňiz?

Körpelere terbiýe bermekde aýdym-sazyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär. Ýaş nesilleriň milli terbiýede terbiýelenmegi, watansöýüji we kämil bolup ýetişmekleri esasy ugurlaryň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde çagalar baglarynda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti uludyr. Bu babatda Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagymyzda hem talabalaýyk işler alnyp barylýar. Körpeler şadyýan sazlary gowy görýär. Olar sada dilde ýazylan aýdymlaryň sözlerini uly höwes bilen öwrenýärler, çalt özleşdirýärler. Aýdymyň sözlerini körpeler bilen bilelikde gaýtalap öwretmek olaryň ünsüni çekýär. Soňra şol aýdym saz bilen öwrenilende körpeler ony çalt ýerine ýetirip bilýärler. Has zehinli çaga aýdymy ýekelikde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilse, onda beýleki körpeler hem onuň bilen deňleşjek bolup, yhlas edýärler.

Eşretli eýýamyň eýeleri biz

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilen geçen ýyly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda taryhy özgertmelere hem-de tutumlara beslän agzybir halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem uly üstünliklere ýetmek üçin zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýär. Sebäbi 2021-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda aýratyn möhüm, aýratyn ähmiýetli ýyldyr. ªu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar. Taryhy jähetden alanyňda, bu ujypsyz möhlet bolsa-da, Arkadag Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan ösüşleri asyrlara barabar bolup, döwletimiziň dünýädäki at-abraýy arşa göterildi. Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan hemişe uly godawa eýe bolup gelýär. Ýurdumyzyň islen

Berkarar Watanyň kuwwaty

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň üns berilýän meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Örän gysga döwür içinde ulgamda amala aşyrylan hem-de üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin durmuşa geçirilen anyk çäreler bilim işgärlerini örän guwandyrýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleriň hyzmatyndan peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda yzygiderli alnyp barylýan tutumlaryň ählisi bagtyýar nesle döwrüň ýokary talapla-

Bagtdan paýly nesiller

Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen milli maksatnamalar, giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde täze bilim ojaklary gurulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşyň goýnunda ösüp-ulalýan çagalar ýurdumyzyň nurana geljegidir. Şonuň üçin hem ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, bilim--terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atanyň, bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr.

Zehinli ýaş­la­ryň şowly ga­dam­la­ry

Bir ge­zek akyl­dar­la­ryň bi­rin­den yly­ma kes­git­le­me ber­me­gi­ni so­rap­dy­lar. Şon­da ol: «Ylym ― ha­sy­ly­ny çöp­läp bol­ýan ekin, ho­şa­sy­ny ýyg­nap bol­ýan gal­la, mi­we­si­ni dadyp bol­ýan da­ragt­dyr, em­ma ol peý­wag­ty­na ös­ýän dü­me eki­ni däl­dir. Ylym ― deňziň düý­bün­dä­ki dür, çölüň as­tyn­da­ky ha­zy­na, dagyň gur­sa­gyn­da­ky göw­her­dir, ýö­ne ol aň­sat ga­za­nyl­ýan genç däl­dir. Ylym ― be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýän bas­gan­çak, mak­sa­da ýa­kyn­laş­dyr­ýan müm­kin­çi­lik, men­zil­le­re ýetirýän ýodadyr, ýö­ne ol ýa­daw­syz ötül­ýän ýol däl­dir» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ylym-bilim edaralarynyň işini kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler oňyn mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Bi­lim dün­ýä­sin­de ga­nat ýa­ýyp, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ylym-bi­li­me sarp ed­ýän ýaş­la­ry gö­re­niň­de, ola­ra bo­lan buý­san­jyň art­ýar. Şeý­le ze­hin­li, bi­lim­li ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­niň mun­dan beý­läk-de beý­ge gö­te­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant­ goş­jak­dyklary­na bo­lan yna­myň pug­ta­lan­ýar. Gah­ry­man

Ösüşleriň binýady

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyna ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly öňegidişlikler gazanylýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen we bar bolan çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Şolaryň netijesinde ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýa» kabul edildi. Şunlukda ýurdumyzda sanly ulgamyň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrýandygy ikuçsuzdyr. Muny mugallymlaryň geçýän okuw sapaklarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Hünäre höwes, geljege ynam

Bu gojaman dünýäde her ynsan öňünde maksat goýýar we oňa ýetmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysal tapmagy ugrunda göreşýär. Özüne hünär saýlaýar, kem-kemden kämilleşýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaganyň şol döwürde öýde ene-atalar, çagalar bagynda terbiýeçiler, mekdepde mugallymlar tarapyndan mähir, üns-alada bilen gurşalyp alynmagy gerek. Şeýle bolanda, ol öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, özüne hünär saýlamagy başarýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň çagalygyndan göwün söýen kesp-käri bilen gyzyklanmaklaryny artdyrmak we okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepden daşary bilim edaralary hereket edýär. Olaryň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüdir. Indi otuz bäş ýyldan bäri işläp gelýän bu döredijilik ojagynyň bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat-sarpany kemala getirmek, edep-ekramly, bilim-sowatly, ukyp-başarnykly, zehinli hem başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bu ýerde ýaşlara halyçylyk, keşdeçilik — milli nagyş, biçimçi-tikinçi, aýdym-saz, tans, milli miras, çeper eller, ýaş tebigaty söýüjiler, ýaş aşpezler, ýaş sur

Nurana geljege buýsanjyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän işleri bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ýeňişli menzillere barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim binalary obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşup, gurulýan binalaryň ep-esli bölegini tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar biziň gündelik hemramyza öwrüldi. Mähriban Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna baky bagtyýarlyk paýlaýar. Bu bagtyýarlykdan ykbaly şuglaly ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almaklary, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän uly tagallalar her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşynda biz — ýaşlarda Watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemegi nygtaýar. Aýratyn hem, ýaşlaryň tebigy zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin medeni-köpçülik, çeper-döredijilik bäsl

Mynasyplar öňe saýlandylar

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen zehinli ýaşlary gözlemekde, ýüze çykarmakda we olary döredijilige höweslendirmekde uly işler bitirilýär. Golaýda şu maksat bilen Wekilbazar etrabyndaky 37--nji orta mekdepde ýaş zehinli okuwçylaryň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisi geçirildi. Bu çäräni welaýat baş bilim müdirligi etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisine etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Täsirli geçen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň sergisiniň açylyş dabarasynda etrap bilim bölüminiň müdiri Begmuhammet Seýitgulyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna bitirýän işlerine alkyş sözlerini aýdyp, zehinli ýaşlara bäsleşikde üstünlik arzuw etdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenip, gelnen netijä laýyklykda surat çekmek boýunça 1-nji orna 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül Döwletowa, gyzlaryň arasynda el işleri boýunça 1-nji orna 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Bägül Öwezmyradowa, öz düzen goşgularyny labyzly okamak boýunça 1-nji orna 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Söýli Artykow

Italýan dilini öwrenýäris

Ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde bolduk. Öňden rus we iňlis dilleri öwredilýän bu mekdepde şu okuw ýylynda italýan dili hem girizilipdir. Italiýa dünýä medeniýetiniň ösen ýurdy hasaplanylýar. Islendik halkyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmakda, ilki bilen ol ýurduň dilini bilmek ähmiýetli bolup durýar. Biz okuwçylaryň okuw kitaplary, iş depderleri bilen gyzyklandyk. Italýan dili 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synpy üçin «Italýan dili» okuw kitaby, italýan dili iş depderi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çaphana usulynda taýýarlanypdyr. Bu mekdepde bolanymyzda, italýan dilini öwrenýän okuwçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Nurgözel ÝOMUTBAÝEWA,5-nji synp okuwçysy:

Ylym-bilim — ýolumyzyň şamçyragy

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Ylym-bilim — beýik daragt. Olar ýolumyza şugla saçýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglum

Röwşen geljegiň eýeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy hem-de ähli taraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin döredilen giň şertlerdir amatlyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip, çaga hakdaky alada aýratyn ähmiýet gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň ýüzlerçesi guruldy, ozaldan hereket edýänleriň durky döwrebaplaşdyrylyp, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa, körpe nesilleriň doly derejeli sazlaşykly ösüşi we terbiýelenilmegi, zehinlerini açyp görkezmegi üçin örän ähmiýetli bolup durýar.

Iş-tejribe maslahaty

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Daşoguz welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Kitaphana ulgamynyň sazlaşykly ösüşi» atly iş-tejribe maslahaty geçirildi. Oňa iki welaýatyň kitaphana hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti, kitaplary abatlamagyň we kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmagyň meseleler barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda medeniýet we aň-bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kitaphana işiniň ösdürilmegine aýratyn üns gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we kitaplarynyň sanyny yzygiderli artdyrmak, sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatdaky tagallalary hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Ýanwar aýynyň 7-12-si aralygynda Gazagystan döwletinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça halkara ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň paýtagtyndan hem-de welaýatlaryndan mekdep okuwçylary uzak aralykdan internet arkaly gatnaşyp, ýeňişli orunlara mynasyp boldular. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde dünýä bilen aýakdaş ösýän ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikleriň oňyn miwesidir. Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Ataýew bu bäsleşige informatika dersi boýunça gatnaşyp, ýeňişli orna mynasyp boldy. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Sanly bilim ulgamy we döwrebaplyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar, täze üstünlikler bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgama aýratyn üns berilýär, döwrüň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşleriň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýär. Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanatmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu günki gün eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda bilim ulgamynda ýetilen belent üstünlikleri hem aýratyn bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bilimiň ýokary hilini üpjün etmek, sanly bilimi işjeň durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň döwrebap bilimini üpjün edýär, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam berýär. Sebäbi aýdanyňda ýaşlar döwrüň iň täze gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny oňat özleşd