"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Ynsan kalbynyň ruhy lukmanyna sarpa

Garaşsyz ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň ýürek arzuwyndan, köňül isleginden gözbaş alýar. Adamzadyň kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki akyldaryň adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin gymmatlydyr. 2023-nji ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna goşulmagy, bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly çözgüdiň kabul edilip, onuň düzümine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň hem girizilmegi söz ussadynyň dünýäde belent sarpasynyň has-da ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişe

Gö­zel­lik bäs­le­şi­gi

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň Me­de­ni­ işe­wür­lik mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp gyz­la­ry­nyň ara­syn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän «Ta­lyp gö­ze­li—2024» at­ly gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Aý­ra­tyn bel­läp geç­me­li zat­la­ryň bi­ri hem bu ýyl­da bäs­le­şi­ge Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yh­la­syn­dan ke­mal ta­pan, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da dö­ran Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň hem ta­lyp gö­ze­li gat­naş­dy.

Tebigatdan nusga alyp

Ýyllar, pasyllar hemişeki aýlawy bilen, öz ornuny çalşyp gidip otyr. Güneşli ülkämize tebigatyň ähli gözelliklerini bagyş edýän bahar pasly ýetip geldi. Türkmen taryhyna aýratyn öwüşgin çaýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynyň gelşi hem, bu baharda ir säherler Günüň dogşy-da üýtgeşik. Ynsan ömrüne meňzeş pasyllaryň her biriniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi bar. Ýaz paslynyň gözelliginiň, janyňa hoş ýakýan ajaýyp howasynyň terligi, tämizligi ynsany ylhamlandyrýar. Şol bir wagtda, güýç-kuwwat, joşgun eçilýär. Hoşwagt baharyň bütin barlyga jan bermek, ýaşaýşy täzeden oýarmak ukybyna haýranlar galýarsyň. Şunda eneler bilen baharyň arasynda söýgi, gözellik, sahylyk ýaly sazlaşykly meňzeşligi görýärsiň. Eýsem, bu paslyň gözelligini zenan gözelligine meňzetmek, onuň al-elwan gül-güläleklerini gelin-gyzlara bagyşlamak ýöne ýerden dörän edähet däl bolsa gerek. Muny halkymyzyň müňýyllyklary aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň inçelikleri hem doly tassyklaýar. Zenanlara çalymdaş, olara has ýakyn ýazyň gelmegi bilen göwün güzeriňi doldurýan wakalar hem bir-biri bilen utgaşýar. Bu pasylda ýaz ýakymly mähriban enelerimiziň, owadan gelin-gyzlarymyzyň Halkara zenanlar güni dabaraly bellenilýär. Bu pasyl — özüne

Ajaýyp baýramçylygyň şanyna

Düýn Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzda zähmet çekýän, bilim alýan öňdebaryjy gelin-gyzlar, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymanlary, mähriban eneler, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdirip, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar gatnaşdylar. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparynyň «Zenan kalbynyň gözelligi» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,//Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» diýip wasp edişi ýaly, dabarany ajaýyp aýdymlar, şirin mukamlar, gözel tanslardyr süýji arzuwlar we mähirli gutlaglar bezedi.

«Reňklere siňen gözellik»

Ýakynda şeýle at bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş suratkeşleriň arasynda yglan edilen çeperçilik bäsleşiginiň jemlenilmegine bagyşlanan dabara geçirildi. Çeperçilik sungatynyň grafika we nakgaş görnüşleri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary milli döredijilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşige Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň we ýörite sungat mekdepleriniň talyplary hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylary mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän, olaryň sarpasyny belentde tutýan işleri bilen gatnaşdylar. Dabaraly çärede bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar we sowgatlar, höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Baýrama mynasyp sowgat

Halkara zenanlar güni mynasybetli Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Hemra Şirowyň adybir edebi eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ýaşlyk ýelgini» atly spektaklyň görkezilişi boldy. Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyrmagynda tomaşaçylara hödürlenen spektaklda perdäniň, kölegeleriň we ýagtylygyň üsti bilen gahrymanlaryň pikir-oýlarynyň, başdan geçirýän duýgularynyň we wakalaryň beýan edilmegi has täsirli boldy. Sahnada maşgala we söýgi gatnaşyklarynyň özboluşly sazlaşygy şöhlelenýär. Spektaklda gülküli, dartgynly wakalaryň we şowhunly aýdym-sazlaryň utgaşmasy tomaşaçylary biparh goýmaýar. Söýgä wepalylyk, maşgala mukaddesligine we birek-birege hormat goýmak ýaly asylly häsiýetler çeper keşpleriň üsti bilen beýan edilýär.

Muzeýe gezelenç guraldy

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar giň gerimde dowam edýär. Bu şanly sene mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenan durmuşyň bezegidir» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Onda mährem zenanlarymyzyň medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän işleri bilen tanyşdyk. Olaryň sünnäli gollaryndan dörän nepis el işleri, muzeý gymmatlyklary bizde uly täsir galdyrdy. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlary, bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary, nusgawy şahyrlaryň zenanlarymyzyň waspyny ýetirýän goşgularynyň labyzly okalmagy tomaşyçylaryň baýramçylyk ruhuny galkyndyrdy.

Görkana dünýäniň waspy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar — gözelligiň dünýäsi» atly sergi guraldy. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzalary Gülnara Gairowa, Kümüş Ataýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda jemgyýetiň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde zenanlaryň orny, maşgalanyň sütüni bolan eneleriň ahlak gözelliginiň hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak mukaddeslikdigi barada durup geçdiler.

Ösüşli menzilleri nazarlap

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary, Aşgabat şäher saglyk öýüniň lukmanlary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çuň many-mazmuna eýe bolan maslahatda çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek baradaky ägirt uly işleriniň häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi hakyndaky söhbetler bu maslahatda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Belentden ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar hem göwünleri galkyndyrdy.

Ruhubelentlige beslendi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gül zemin» söwda merkeziniň «Altyn» toý zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Bäsleşige welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Mähriban halkymyz goja taryhyň dürli döwürlerinde hem zenanlary ýüzüniň tuwagy, ar-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara belent sarpa goýupdyr. Bu günki gün türkmen zenanlarynyň belent sarpasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine goýýan çäksiz hormaty bilen dabaralanýar. Olar eziz Diýarymyzyň, türkmen topragynyň gülläp ösmegi ugrunda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler.

Zehinli uçurymlaryň konsertleri

Her ýyl däp bolşy ýaly, Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebini zehinli ýaşlaryň uly topary tamamlaýar. Gutardyş synaglarynyň öňüsyrasynda uçurymlar öz konsertleri bilen çykyş edýärler. Ýedi ýyl skripka hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugur boýunça zehinini taplan Atajan Orazow hem şeýle bagta eýe bolanlaryň biridir. Ol bu ýerde okan döwründe ussat mugallymlardan köp öwrendi, saz äleminiň kämillik basgançaklaryny geçdi. Halypalary onuň çalýan sazlarynyň ýakymly owazyna ylhamyny çaýyp bilýändigini aýratyn guwanç bilen belleýärler.

Toý mekanyndaky dabara

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilýän dabaralar egsilmez joşguna beslenýär. Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda gelin-gyzlarymyzyň, mährem enelerimiziň şanyna toýlanýan senä bagyşlanyp geçirilen dabara has-da täsirli boldy. Welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan baýramçylyk dabarasyna welaýatymyzyň ähli ýerlerinden dürli kärlerde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar. Naz-nygmatly toý suprasynyň başyna jem bolan bagtdan paýly ildeşlerimiz beýik, taryhy döwrümiz, eşretli günlerimiz, ýurdumyzyň okgunly ösüşleri dogrusynda söhbet etdiler. Berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa hakdaky gürrüň olaryň söhbediniň özenini düzdi.

Geljegimize şamçyrag

Adam öz kärinden lezzet alyp işlände onuň işe höwesi-de, ukyby-da kämil bolýar. Her gün säher bilen şadyýan çagalaryň arasyna — bakja-bagymyza işe gelenimde ene göwnüm galkynýar. Häsiýeti, daş keşbi boýunça dürli-dürli çagalary synlamagyň özi bar bolan alada-ünjimi unutdyryp, durmuşyma, işime bolan höwesimi artdyrýar. Çagalaryň gaýgy-gamsyz dünýäsine aralaşdygymça kalbym şatlykdan dolýar. Zenanlarda bahar paslynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşmak endigi bar. Her gün ir bilen iş ýerime — çagalaryň arasyna gelmegim, güler ýüzli balajyklaryň bahar dünýäsine dolmagym meniň bütin ömrümi ýaza öwürýär. Hut şonuň üçin hem men islendik pasylda özümi ýazyň gujagynda ýaly duýýaryn.

Türkmen-italýan dostlugyndan nyşan

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen-italýan fortepianoçylarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen hem utgaşdy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we ilçihana tarapyndan guralan bu konsertde daşary ýurtly nusgawy kompozitorlaryň sazlary belentden ýaňlandy. Şu ýyl iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl dolup, dürli ugurlarda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Konsertde meşhur italiýaly Roberta Di Marionyň we türkmenistanly fortepianoçy Aýlar Saparmyradowanyň ýerine ýetiren şirin owazly sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Saz kompozisiýalary biri-biriniň üstüni ýetirip, tomaşaçylary bu sungatyň jadylaýjy dünýäsine alyp gitdi. Olar diňe bir öz döreden sazlaryny däl, eýsem, meşhur kompozitorlar W.Mosartyň, J.Bahyň, F.Şopeniň, F.Saýyň, E.Morrikonäniň, D.Modunonyň, N.Rotanyň, A.Kazellanyň, N.Paganininiň we F.Listiň dünýä belli sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýaz göwünli zenanlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzy gurşap alan ählumumy ruhubelentlik zeminiň zynatyna, gözelligiň hem-de ar-namysyň baýdagyna deňelýän mähriban zenanlarymyzyň ykbalyna-da bagtyýarlygyň nuruny çaýýar. Yhlasy, ukyp-başarnygy, tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaz göwünli zenanlarymyzyň ýürek sözlerinde belent buýsanç duýulýar. Annasoltan GURBANGULYÝEWA,Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy:

Zenan suratkeşiň eserinde zenan keşbi

Halkara zenanlar gününiň — 8-nji mart baýramynyň ýetip gelýän günlerinde ajaýyp bahary wasp edýän aýdymçydyr sazandalarymyzyň, suratkeşleriň döredijiliginde mähriban eneler, aýal-gyzlar aýratyn orun eýeleýär. Şeýle eserleri döredýän zenanlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Gunça Goçmyradowa bolup, ol bu ýokary okuw mekdebinde onlarça ýyl bäri reňkde we galamda surat çekmek dersinden talyplara sapak berýär. Suratkeş mugallymyň döredýän eserleri nakgaşçylyk işleri bilen bagly bolup, olaryň hatarynda zenan durmuşy, çaga terbiýesinde ertekileriň orny, halk döredijiligi ýaly temalar ileri tutulýar. «Ene toprak», «Аkpamyk», «Ýartygulak», «Böwenjik» ýaly işler Gunça mugallymyň döredijiliginde uly orun tutýar.

GÖZELLIK DÖREDÝÄN ZENANLAR

2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, “Gözellik döredýän zenanlar” atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi açyldy. Türkmen halk döredijiliginden alnan gyzykly sahnalar, çuňňur many-mazmunly taryhy wakalar, döwürdeşlerimiziň özboluşly keşpleri, Watanymyzyň gözel tebigaty bu sergidäki eserlerde öz beýanyny tapýar. Sergä 150-den gowrak  zenan suratkeşler öz döredijilik eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungatlary boýunça döredilen eserleriň 200-den gowragy tomaşaçylara görkezildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergide al-ýaşyl güllere beslenen bahar paslynyň gözel keşbini wasp edýän peýzažlar, Nowruz ýaýlasyny, bereketli topragymyzyň datly miwelerinden düzülen natýurmort eserleri, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň toýdyr-baýramlaryny, milli däp-dessurlaryny şekillendirýän taslama eserleri görkezilýär. Sergide Gunça

Älem içre akyldar sen, Pyragy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreler biri-birine ulaşýar. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň welaýat çagalar sungat mekdebi hem-de Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde «Älem içre akyldar sen, Pyragy» diýen at bilen geçiren festiwaly hem şeýle täsirli çäreleriň hatarynda mynasyp orun aldy.

Medeniýet — dostluk köprüsi

Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýakynda welaýatymyzyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda we Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde bolup, çagalar hem-de ulular üçin gyzykly sahna oýunlaryny görkezmekleri teatr muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy. Tomaşaçylaryň uly gyzyklanma bilen garşylan sahna oýunlarynyň doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Medeni hyzmatdaşlyk halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlarynyň nobatdaky döredijilik sapary bu hakykaty ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Bir sup­ra­da eda bol­sun aşy­myz

«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024  «Ag­zy­bir­lik hem­me zat­dan güýç­lü­dir» diý­li­şi ýa­ly, agyz­lar bir bo­lan­da alynmajak gala ýokdur. Dur­muş­da ag­zy­bir­li­giň iň esa­sy zat­dy­gy hem­mä­mi­ze aý­dyň ha­ky­kat. Be­ýik söz us­sa­dy­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bu me­se­lä has çyn­la­kaý çe­me­leş­ýär. Se­bä­bi ag­zy­bir­lik her dö­wür­de-de ge­rek­dir we­li, şa­hy­ryň za­ma­na­syn­da ol ze­rur­lyk bo­lup or­ta çyk­ýar.