"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Sungat döredijilik gözlegleri bilen bakydyr

Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün Arkadag şäheri, 25-nji iýun (TDH). Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Medeniýetiň toýun tutýar Arkadag, hemmeleriň ruhy belent, keýpi çag

Gojaman Köpetdag bilen bereketli Garagum sährasynyň arasynda ak mermere beslenip oturan Arkadag şäheri uzaklardan seredeniňde kölde erkana ýüzüp ýören ak guwa meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan kemal tapan «akylly» şäher geçen bir ýylyň içinde dürli medeni çärelerdir ylmy maslahatlaryň, forumlardyr festiwallaryň geçirilýän merkezi hökmünde halkara giňişliginde ykraryny tapdy. Bu günler bolsa Medeniýet hepdeliginiň myhmanlaryna giňden gujak açan täze şäheriň arassa asmanynda ýaňlanýan hoş owazlar bütin dünýä ýaň salýar. Ol owazlary diňlän islendik milletiň wekili toý tutmak däbimize haýranlar galyp, halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetine, kalp gözelligine göz ýetirýär. Aslynda, şatlyk-şagalaňa uly gadyr goýýan sahy hem şahandaz halkymyz ähli zamanlarda-da toýuny toý şekilli geçirip, baýramlaryny dabara besläpdir. Bu barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly jahankeşdelerdir ýazarlar hem öz işlerinde beýan edipdirler. Olaryň ýazgylarynda toý edýän türkmeniň elinde baryny sahylyk bilen orta dökýändigi, toýlarda at çapyşygy, göreş ýaly dürli ýaryşlaryň geçirilýändigi we ýeňijilere uly baýraklaryň gowşurylýandygy, şeýle hem milli oýunlaryň oýnalýandygy, toýa gelenlere halat-serpaý ýapylýandygy

«Şäherleri şa gyzynyň gupbasy»

Arkadag şäheri — ak geljegiň şäheri Bu gün Gurbannazar Ezizowyň «Şäher guruň, penjiresi giň bolsun» diýen setiri öz beýanyny tapdy. Awara durnalaryň ganaty degýän belent jaýlary özünde jemläp, Oguz topragynda, Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäheri bina boldy.

Döredijiligiň dabaraly toýy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylymyzyň 22-nji iýunynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, edebiýatçy alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda guralýan medeni çäreler täsirliligi bilen ýatda galýar. «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynda, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisinde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň, «Magtymguly» operasynyň görkezilişi, kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy, şeýle hem «Kompozitor» atly filmiň görkezilmegi medeni foruma gatnaşyjylara ajaýyp sowgat boldy. Ýazyjy-şahyrlaryň «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly şygryýet agşamy, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, žurnalistleriň we beýleki döredijili

Magtymgula barýan ýollar

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna — türkmen halkynyň dana ogullary Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň guburyna zyýarata gidýän edebiýat we sungat, medeniýet işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň düzümine goşulandygymy aýdanlarynda begenjimden ýaňa depäm gök diredi. Aşgabat demir ýol menzilinden dabara bilen ýola düşenimizde, biziň bilen gidip barýan ak sakgally, nurana gojalaryň biriniň aýdan sözi ýüregime jüňk boldy: — Öňki döwrüň taryhçylary taryhy wakalary ýazanlarynda aýratyn şanly wakalary altynsow reňkli zagpyran syýa bilen ýazýan ekenler. Şu günem altyn harplar bilen ýazylmaly gün! — diýdi.

Medeniýet ulgamy — milli ruhuň aýnasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22 — 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň gadymy geçmişinden miras galan milli ýörelgeleri bilen şu günüň gymmatlyklaryny şöhlelendirýän medeni çärelere, baýramçylyk şowhunlaryna beslenýär. Bu baýram milletiň taryhy-medeni mirasyna goýulýan beýik sarpanyň nyşany bolup, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Bu ýyl bu döredijilik baýramy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýär.

Kalplar joş alýar

Şu günler Arkadag şäherinde giň gerim alan Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň ähli ýerinden bolşy ýaly, welaýatymyzdan hem medeniýet ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Şeýle toýly, baýramly günde olaryň ýürek buýsançly sözlerini eşitmek has-da ýakymly. Tirkiş AMANGELDIÝEW, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» folklor etnografik-tans toparynyň artisti:

Köňülleri buýsandyran ajaýyp sowgat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň dabaralara beslenýän günlerinde, has takygy, 25-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka medeniýet we sungat işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrdy. Bu dabarada ata Watanymyzy we häzirki ajaýyp döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli ösüşlerdir özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Medeniýet, sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşýanlara, şeýle hem ähli watandaşlarymyza sowgat boldy. Şeýle hem belent ruha beslenen aýdym-sazlarda we ajaýyp çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikl

Sungata belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi aýdylanlara şaýatlyk edýär. Merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolýan günlerinde ýaşaýar.

Asylly ýörelgeleriň beýany

Türkmen halkynda ussatlara belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag şäherinde medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Aýratyn-da, medeniýet we sungat işgärleriniň baýramynyň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly toýlanylmagy, söz sungatyna belent sarpa goýýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Medeniýet hepdeligi ruhubelentlige beslenýär. Asyrma-asyr ýedi ýa-da kyrk gije-gündiz toý tutmak däbi gadymyýetden gözbaş alýar. Medeniýetiň hem sungatyň baýramynyň tutuş hepdeläp toýlanmagy beýik Pyragynyň arzuwlan döwletli döwranynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýän hakykatdyr.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi ruhubelentlige beslenýär

Dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi halkymyzyň milli medeniýetini gorap saklamaga, ony çuňňur öwrenmäge hem-de wagyz etmäge, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir. Bu medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Bu bolsa döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, halkymyzyň medeni derejesini artdyrmaga itergi berýär.

Akyldar şahyra bagyşlanan sahna eseri

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan täze Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi döwletlilikden nyşan. Bu geçirilýän Medeniýet hepdeligine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan hem ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Konserwatoriýamyzyň simfoniki orkestriniň we talyplardan düzülen hor toparynyň çykyşlary, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň sahnalaşdyrylmagyna mugallymlardyr talyplaryň işjeň gatnaşmaklary bu şanly senä ýokary okuw mekdebimiziň toý sowgady boldy. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» milli medeniýetimiz we edebiýatymyz dünýä ýaýylýar, şonuň bilen bir hatarda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi alymlar, edebiýatçylar, hünärmenler tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde halk köpçüligine ýetirilen «Magtymguly» operasy bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň üstüni ýetirip, beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Dowamatlylyk — häzirki zaman sungatynyň güýji

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün Arkadag şäheri, 24-nji iýun (TDH). Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

«Dokmaçylar» medeni merkezi

25-nji iýunda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Kalplary buýsanja besleýän çäreler

Arkadag şäherinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni hem täsirli çäreler baý bolup, ol «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, kitaphanaçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen bilelikdäki konserti hem hepdelige özboluşly öwüşgin çaýan çäreleriň biri boldy.

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün

Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi. Çärä gatnaşyjylar — medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, kitaphanaçylar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada gürrüň etdiler.

Dowamatlylyk — häzirki zaman sungatynyň güýji

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün Arkadag şäheri, 24-nji iýun (TDH). Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Pyragydan ylham alyp

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli bilelikde yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň guramaçylary we ýeňijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramlara beslenýän ajaýyp günlerinde beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreler şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli dabaralary bilen hem utgaşýar. Şol sanda beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijilere sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň geçirilmegi-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Şanly ýylda «Türkmenistan» gazetin

Sahnada — «Magtymguly» operasy

Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň görkezilişi boldy. Oňa ýazyjy-şahyrlar, artistler, bagşydyr sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Opera Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrow režissýorlyk etdi. Beýik söz ussadymyzyň keşbiniň opera sungatynyň üsti bilen janlandyran sahna eseri myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Hemmämize mälim bolşy ýaly, beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowam edýän Medeniýet hepdeligi akyldar şahyrymyzyň döredijiligi bilen berk baglanyşyp, şahyryň şygyrlary dabaralaryň many-mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa halkymyzyň akyldar şahyryna goýýan çäksiz sarpasynyň ýene bir gezek aýdyň ýüze çykmasydyr. «Magtymguly» operasynyň dowamynda söz ussadynyň Şirgazy medresesinde okan döwürleri, ol ýerde okuwyny tamamlap dogduk mekanyna dolanyşy, Meňli bilen duşuşýan pursatlary ussatlyk bilen beýan edilýär. Operada: «Magtymguly gelýär, buşluk! Gözüň aýdyň, Döwletmämmet Garry molla!» diýen sözleriň ýaňlanan pursady şahyryň obadaşlarynyň oňa sabyrsyzlyk

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dabaraly açyldy. Döredijilik forumynyň maksady milli medeni mirasymyzy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy.