"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan ýol

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby şanly taryhymyza, maddy we ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa bolup, halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu eseriň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda çapdan çykmagy onuň ähmiýetini, many-mazmuny has-da artdyrdy. Kitaby okanyňda, gadymy Änewiň umumadamzat medeniýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeländigi baradaky gymmatly maglumatlar hem-de gülläp ösýän şäheriň şu güni bilen tanyş bolýarsyň. Ajaýyp eseriň  «Gadymy Änewiň täsinligi» atly babynda şäheriň binagärlik ýadygärlikleri, «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bolsa TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä boýunça dabaraly bellenilmeginiň taryhy wakalar bolup, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýändigi barada gürrüň edilýär. Şundanam görnüşi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ýaşlarda şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.  Bu kitap muzeý işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Sebäbi gadymy medeniýete ş

Ösüşleriň ruhy güýji

Döwletimiz ähli ugurlarda taryhy üstünliklere eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanyp, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Munuň gözbaşynda durýan hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Täze taryhy eýýamda medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp döwrümize mynasyp derejede kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän medeni maksatly desgalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri ajaýyp zamanada ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň nyşanydyr. Döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.

Medeniýetimiz — altyn hazynamyz

Durmuşymyzda wajyp orun eýeleýän medeniýet we sungat taryhy döwürde kämilligiň belentliklerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnälenen ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde barha baýlaşýandygyny görkezýär.

Medeni mirasymyz — milli mertebämiz

Umumadamzat medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly hem-de gaýtalanmajak maddy-ruhy gymmatlyklary egsilmez hazynadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr”. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimizdir asylly däp-dessurlarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez gymmatlykdyr. Şeýle-de halkymyzyň çäksiz we düýpsüz döredijilik ummany ata Watanymyza, merdana halkymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak görelde mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklarymyzy we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek, olary geljekki nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler geçirilýär. Muňa doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaralanýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy buýsançly subutnama bolup dünýä dolýar. Bu işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Ga

Bagşyly halk — bagtly halk

Aýdym-saz diýlende, aslyny alyslardan alyp gaýdýan, halypadan şägirde, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýeten jadyly sungat göz öňüňde janlanýar. Şol sungat hem irginsiz zähmeti, yhlas-başarnygy, çäksiz söýgini talap edýär. «Bagşyly halk — bagtly halk» diýen aýtgyny ýörelge edinýän halkymyzda milli aýdym-saz sungatynyň taryhy ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Halk bagşylarynyň we sazandalarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan sungaty kämilligiň ýokary derejesine ýetdi. Munuň üçin aýdym-saz ägirtleri ýaşlaryň bu ugurda orunlaryny tapmaklary üçin yhlas etdiler, mynasyp goşantlaryny goşdular. Ajaýyp zamanada aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar sungat mekdepleri, ýörite sungat mekdepleri açyldy. Şol mekdeplerde hem ýaş nesiller aýdym-saz sungatynyň ilkinji basgançaklaryny geçýärler, bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Biziň welaýat ýörite sungat mekdebimizde okaýan talyp ýaşlarymyz hem bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olar aýdym-sazyň inçe tilsimlerini ökdelik bilen ele alýarlar. Häzirki wagtda talyplarymyz özbaşdak aýdym aýdyp, saz çalyp, baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän bagtyýar talyplarymyz Gahryman Arkadagymyz

Sungata höwesli ýaşlar

Ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary netijesinde  ýaş nesliň döredijilik babatdaky zehin-ukybyny ýüze çykarmakda, ösdürmekde ýetilýän sepgitler bellenilmäge mynasypdyr. Medeniýete, sungata höwesi bilen tapawutlanýan ýaşlarymyzyň hatarynyň yzygiderli artmagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan tutumlary üstünlikli dowam etdirýändigini tassyklaýar. Milli Liderimiz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Sebäbi medeniýetimizde we sungatymyzda ajaýyp zamanamyzyň ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Onda halkymyzyň ähli üstünliklerimize bolan egsilmez söýgüsi, çäksiz buýsanjy mynasyp beýanyny tapýar. Şol söýgi-buýsançda zehinli ýaşlarymyzyň joşgunly sesleriniň belentden ýaňlanmagy täze taryhy eýýamyň gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Geljege nusgalyk şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Edepli ile ýarar

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde edep-terbiýeli, Watana wepaly, zähmetsöýer, sagdyn ýaş nesliň kemala gelýändigi hasam buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplary nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadyr. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda uly aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Akyldar şahyryň belent hormaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny, sähralaryny, watansöýüjiligi, birek-birege hormat-sarpany, söýgini, durmuş gözelligini , türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşyny, özygtyýarlylygy ajaýyp goşgularynda çeper beýan edipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ady dünýä doldy. Dana Pyragynyň ajap eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Olaryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny döretdi. Dana Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler, mugallymlar, ýaş nesiller, mahlasy, hemmeler üçin nusgalyk mekdepdir.

«Magtymguly» diýip adym tutsalar

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär. Şahyryň: Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler, ol ykbaly türkmeniň.

Änew sardobasy

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Gadymy şäher tutuş sebitde ekerançylyk, gadymy suw desgalary, maldarçylyk, binagärçilik medeniýetiniň dörän, tutuş sebitiň siwilizasiýa merkezi hökmünde şöhratlanýar. Watanymyzyň çar ýanyny gurşap alýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň goýnunda şöhratly taryhymyzyň täsin wakalary, olaryň binagärliginde bolsa pederlerimiziň yhlas-zehininiň, döredijilik gözlegleriniň netijesi bolan baý tejribeleri jemlenýär. Şu jähtden, beýik pikir-garaýyşlar siňdirilen her bir taryhy ähmiýetli binagärlik ýa-da gadymy desga biziň şanly geçmişimize, watansöýüji ata-babalarymyza bolan hormat-sarpamyzy has-da belende göterýär.

Medeniýet diplomatiýasynyň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeniýet diplomatiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.

Döwletli döwrandyr üsti bedewiň

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir. Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup ataňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Biziň redaksiýamyza özüniň çeken ajaýyp suratlaryny ugradan ýaşajyk suratkeş deň-duşlaryňyzyň biri Baýramaly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Begli Garaýewdir. Ol etrabyň çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synpynda okap, surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär. Onuň şu işlerini synlanymyzda bolsa geljekde ökde suratkeş boljakdygyna göz ýetirýäris. * * *

Nesil dowamaty

ýa-da meşhur kompozitordan ylham Halkymyzyň ruhy dünýäsine kybap, ajaýyp saz eserlerini döreden Nury Halmämmedowy tanamaýan az-az bolsa gerek. Ussat kompozitor hakynda ençeme işler edilip, ýazgylar, makalalar, oçerkler, ýatlamalar ýazyldy. Biziň bu makalamyz meşhur ussadyň özüne däl-de, onuň neberelerine bagyşlandy.

“Ýaşlar - Watanyň daýanjy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz - ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz - ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýar, ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eserini ýaşlara bagyşlap, oňa “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” diýip at bermegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýy

«Magtymguly, öwüt bergil söz bile...»

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkyna gymmatly edebi hazynany miras goýdy. Onuň eserlerinde iň köp ýüzlenilýän mesele-de ahlak gymmatlygydyr. Hut şonuň üçinem ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde Pyragynyň döredijiligine yzygiderli salgylanýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirýän wagyz-ündew çärelerimizde hem akyldaryň öwütleri biziň üçin iň esasy gollanma. Şahyryň şygyrlary her bir ynsana durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Şol gymmatly setirleri özüne hemra edinen adam jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapyp bilýär. Sebäbi şahyr: Ýagşylykda ile özün tanydan, Alkyş alyp derejesi zor bolar –

Bäşgeldi Garajaýew — teatr sahnasynda ýaşaýan suratkeşlik

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döredijilik sergisi guraldy. Sergide Nazar Geldiýewiň «Seýdi», Setdar Garajaýewiň «Görogly», Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar», belarus dramaturgy Alekseý Dudarewiň «Agşam», Nadežda Ptuşkinanyň «Gitme», Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Nejep oglan», Bazar Amanowyň «Mollanepes» pýesalarynyň sahna bezegleriniň we eşikleriniň eskizlerini görmek bolýar. Şeýle hem sergi diwarlygynda kinofilmlere döredilen bezeg eskizleri we portret teatr-bezeg sungaty ýerleşdirilipdir. Bäşgeldi Garajaýew 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine teatr-bezeg sungaty bölümine okuwa girýär. Ol turuwbaşdan Şamuhammet Akmuhammedow we Annadurdy Almämmedow ýaly mugallymlardan galamda we reňkde surat çekmegi, teatr taslamalaryny tapmagy öwrenýär. 1969-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlan ýaş zehin Marynyň Kemine adyndaky drama teatryna işe ýollanýar. Ol ilkinji gezek režissýor Durdymämmet Öräýew bilen bilelikde gyrgyz dramaturgy Mar Baýjyýewiň «Duel» atly dramasyny sahnalaşdyrýar. Soňra režissýor Abdylla Ýakubow bilen «Oba durmuşy», «Bilezik», «Gurluşykçy

Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine bagyşlanan neşir

Golaýda «Ylym» neşirýatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti» atly okuw kitaby neşir edildi. Ol bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine, menejmentine we marketingine bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň jemgyýetiň öňünde durýan wezipelerini kesgitlemek bilen, «Dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak hem-de bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur» diýip nygtaýar.

Nesil terbiýesinde milli türkmençilik mekdebi

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şa

«Kompozitor»

hakda kelam agyz Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Kompozitor» atly täze çeper film surata düşürilip, teleýaýlymlarda halk köpçüligine ýetirildi.