"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Hünär ussatlygy

ÖŇŇIN Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many öwüşginini berdi. Dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan hünär bäsleşigi ýylyň-ýylyna aýratyn işjeňlige eýe bolýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanyljak ýylynda geçirilen bu gezekki bäsleşik aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Onuň welaýat tapgyryna çeper elli gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, hünär ussatlygyny we kärine egsilmez söýgüsini açyp görkezdiler. Bu babatda bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Gökdepe etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrapdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň we Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi. Munuň özi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine

Watan – eýýamlaryň baky aýdymy

Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagyna, bedew bady bilen gülläp ösmegine, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taryhy ýeňişler bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny garşy almak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek we ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Her bir zadyň gymmaty, owadanlygy oňa sarp edilen zähmetiň, siňdirilen yhlasyň möçberi bilen kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk merkezine öwren hormatly

Akyl - paýhasyň güýji — ýaşaýşyň täji

Ir zamanda bir ýetim ýetginjek bolup, ol iliň hyzmatyny edip, iýjegini gazanýan eken. Ýöne ol, täleýi ters gelip, gözagyry derdinden batyl bolýar. Bu ýagdaýa juda gynanan ýetginjek gije-gündiz Haka sygynyp, ýene-de gözüniň görmegini dileg edip, ýalbarypdyr. Ahyry onuň ýanyna bir ýagşyzada gelip: — Saňa üç zat getirdim — saglyk, maşgala, baýlyk. Ýöne sen şularyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly — diýipdir.

Türkmeni jandan söýen alym

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Altyndepäni öwrenmek — ömrüniň manysy

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Jahana nusgalyk sungat

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen, jemi dört tapgyrdan ybarat baýramçylyk bäsleşiginde zenanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri, gadymy we häzirki zaman nagyşlarynyň gelip çykyşy, döreýşi dogrusynda gyzykly gürrüň bermekde, el hünärlerini görkezmekde özara bäsleşdiler. Şeýle hem, jemleýji tapgyrda nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgy setirlerini çeper sahnalaryň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler

Şygryýet älemi

Watan waspy Watan, waspyň sözlesem,Dagyň, düzüň keramat.Derde eýleseň melhem,Otuň, çöpüň hemaýat.

Türkmeni jandan söýen alym

Giriş ýerine Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Ilkidurmuş adamzat jemgyýetinden galan yzlar — daşdan we demirden ýasalan zähmet we ýarag gurallary, irki ekerançylyk we şäher merkezleri, köp sanly ýazuw we arheologik çeşmeler diňe bir Türkmenistanyň, türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň taryhy ýoluny beýan edýän, bahasy halkyň buýsanjy, çeper aň kämilligi bilen ölçenilýän gymmatly ýadygärliklerdir».

Gahrymançylyga ýugrulan eser

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şygarynda uly many, mukaddeslik jemlenendir. Watanyň mukaddes bolşy ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak hem biziň üçin mukaddesdir. Parahatçylyk düşünjesi öz gözbaşyny gadymdan alyp gelýär. Ol halk dessanlarymyzdyr eposlarymyzdan, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň her bir meseläni parahatlyk, birek-birege ynanyşmak ýoly bilen çözmäge çalyşýandygyna akyl ýetirmek kyn däl. Muňa Şükür bagşynyň ykbaly-da aýdyň mysal bolup biler. «Şükür bagşy» çeper filmine tomaşa eden her bir adam, ozal telim gaýta gören hem bolsa, aňynda ýaňadan watançylyk duýgusynyň oýanandygyny duýman galýar. Çünki uzak gijeläp saz çalýan Şükür bagşynyň mukamynda jady bar, edil şonuň ýaly-da geljege umyt duýulýar. «At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?!». Bu sowaly öz-özüne beren Şükür bagşy, oňa düýrmegi bilen ynanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda eseriň şu wakasyna aýratyn üns berlip: «Men Nurmyrat Saryhanowyň hakyky halky häsiýete eýe edip genilik bilen döreden keşbine — Şükür bagşynyň keşbine ýüzlendim. Onuň taryhy filmde örän ussatlyk bilen beýan edilipdir. Edebi gahr

Ruhy gymmatlyga sarpa

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt» köşgi toý-dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda paýtagtymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň etraplary boýunça ýeňiş gazanan zenanlar gatnaşdylar. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklary, meşhur şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işleri, milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy, çuň many-mazmunly durmuş wakalary, täsirli rowaýatlar inçeden yzarlanýar. Kitapda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, tutanýerli zähmeti, sungat derejesine ýetiren el işleri, akyl-paýhasy, durmuş wakalary çeper dilde giňden beýan edilýär. Bular babatdaky täsirli gürrüňleri bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş eden zenanlar giňden beýan etdiler. Bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň

Aýdyma öwrülen setirler

Merdi-merdan Arkadag! Sözleri Gözel ŞAGULYÝEWANYŇKY.Sazy Begenç HOJAÝEWIŇKI.

Hemaýata gurşalan gözellik

Lukman Arkadagymyzyň tans toparlarymyzyň saglygy, taýýarlyklaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin döwrebap tans örtügini alyp bermegi biz üçin bahasyz sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sungat ussatlary üçin döredýän mümkinçilikleri milli tans sungatymyzyň ösmegine has-da itergi berdi. Ine, ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tans toparlaryna Germaniýada öndürilen, ýedi gatly ýörite tans örtüklerini sowgat berdi. Bu alada tansçylary täzeden-täze tans, folklor eserlerini goýmaga, döredijilikli zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Biz hem mähriban Prezidentimiziň şeýle atalyk aladalary, sowgat berlen täze tans örtüginiň aýratynlyklary we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlaýan toý sowgatlary dogrusynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýsa Eminowanyň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmen öýüniň bezegi

Türkmeniň şöhratly taryhynyň dowamynda sünnälenip, şu günki bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten, dünýäde tanalýan milli mirasymyzyň bir görnüşi-de ajaýyp türkmen halylarydyr. Türkmen halysy nepisligiň, gözelligiň baýdagydyr. Ol halkymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna goşan naýbaşy mirasy we gaýtalanmajak sungatydyr. Asyrlaryň dowamynda alymlar, jahankeşdeler tarapyndan nepisligi taryplanan, reňk, nagyş, çitim kämilligi bilen dünýäniň mirasşynaslaryny, sungaty öwrenijilerini haýran galdyran halylar ene-mamalarymyzyň zehininden dörän täsin sungatdyr. Türkmenlerde «düşeklik halylar» bilen birlikde ak öýde ulanmak we öýi bezemek maksady bilen haly önümleriniň birnäçesi dokalypdyr. Olaryň görnüşlerine görä atlary hem şondan gelip çykýar. Meselem, «eňsi», «gapylyk», «çuwal», «ikselik», «ukujy», «sallaw ýüpi», «torbalar», «horjunlar», «ojakbaşy» ýaly haly önümleri degişlidir.

Kalbyň ruhy melhemi

— Eger şähdaçyk hem sagdyn bolasyň gelse, her gün aýdyma hiňlenmäge türgenleş.Ibn Sina. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri aýdym-sazyň, baky bahar-ýazyň döwrüdir. Ajaýyp saz we aýdym adamlary birleşdirip, olary ýagşy işlere ruhlandyrýar, jebisleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda hem ynsanyň durmuşyna sazlaşyk goşup bilýän, onuň kalbyna döredijilik güýjüni bagyşlap bilýän, döredijiligi oýarmaga ukyply saz sungatynyň ruhlandyryjy, bejeriş güýji barada gürrüň berilýär.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýarkam edebiýatçy alym Hanguly Taňryberdiýew «XX asyr türkmen edebiýaty» dersinden sapak berýärdi. Ol ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginden alymlyk derejesini goran adamdy. Hanguly mugallym Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndaky wakalaryň Tejeniň Gowkyzereň, Agalaň obalarynda bolup geçendigini, käbir gahrymanlaryň bolsa hakyky atlarynyň kim bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, eseriň baş gahrymanlary Halnazar baýyň hakyky ady Ulug baý, Pökgi balanyňky Pökgen Welnazar ogly eken.

Halkymyzyň göterilen ykbaly

Akyldaryň her setirini gymmatly hazyna deňän ata-babalarymyz dana şahyr Magtymguly Pyraga uly hormat goýupdyrlar. Şol sebäpli-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň çuňňur paýhasyna, hyjuwly kalbyna deňelýär. Şu iki keramatyň birleşmeginden bolsa türkmençilik ýol-ýörelgesi, millilik, özboluşlylyk emele gelýär. Gahryman Arkadagymyz hem öz çykyşlarynda: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy agzybirligi, asudalygy, bitewüligi, abadançylygy belent heňde wasp eden beýik şahsyýet hökmünde, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň hakydasynda orun aldy. Hakdan içen şahyryň dürli temada ýazan goşgularynyň ählisinde agzybirlik, bitewülik, paýhaslylyk esasy many bolup öňe saýlanýar. Bu hem, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýäniň abadançylygyny saklamak ugrunda öz yhlasyny gaýgyrman, şol bir wagtda ýurdumyzyň parahatçylygyny berkarar eýleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty bilen özboluşly utgaşyklylygy emele getirýär. Sungatyň güýjüne, onuň mukaddesligine uly sarpa goýýan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde bu günki günde diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň medeniýeti hem öz mynasyp ba

Täze ösüşlerimize badalga

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl özüniň ilkinji üstünlikli ädimleri bilen durmuşymyza ornaşyp barýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu şanly ýyly ýurdumyzyň her bir ulgamynda ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek babatda öňde goýýan wezipeleri ildeşlerimiziň ýüreklerini joşduryp, täze ösüş depginlerini gazanmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň geljek 2024-nji ýylda dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden belläp geçmek we bu şanly senä şu günlerden taýýarlyk görmek barada öňde goýan wezipeleri biz — bilim işgärlerini has-da begendirdi. Çünki öten beýik şahsyýetlerimiziň ýubileýini bellemek diňe bir toý dabarasy bilen çäklenmeýär. Ol şahsyýetiň şu günki we geljek nesillere goýup giden nusgalyk görüm-göreldesini, hünär ussatlygyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üsti bilen hem halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli edep-terbiýe, edim-gylym, görüm-görelde mekdebine ýene-de bir mertebe nazar aýlamaga giň şertleri döredýär.

Umumadamzat ähmiýetli eser

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegine we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy işleri bilen bir hatarda milli mirasymyza, medeniýetimize, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleri halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary sarpalanyp, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbi, milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy hakyndaky ýatlamalar, halypa-şägirtlik ýoly, dost-doganlyk gatnaşyklary we beýleki asylly ýörelgelerimiz rowaýatlardyr durmuş wakalarynyň üsti bilen çuňňur beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli ýörelgelerine, sünnälenip kemala gelen asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän taryhyndan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Şirin owazly aýdymçy

«Akja kepderiOýna erkana.Päk asmanymdaÝaýna erkana» diýen setirler bilen başlanýan bu aýdym hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Heniz çagalar bagyna gatnaýarkak, bu şadyýan aýdymy aýdym-saz mugallymymyzyň öwretmeginde ýerine ýetirip, ata-enemiziň öwgüli sözlerini eşidýärdik. Körpeler bilen söhbetdeş b olanymyzda, çagalygyň şeýle ýakymly ýatlamalaryna az wagtlyk bolsa-da, gaýybana syýahata gidýäris. Madina hem ilkinji gezek çagalar bagynda «Akja kepderini» aýdyp, körpeleriň arasynda geçirilýän şadyýan bäsleşikde deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýar. Gürrüňini etjek bolýan gyzymyz Madina Saidowa häzir Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýar. Biz onuň bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly Madina üçin begençli habar bilen başlandy. Ol özi ýaly deň-duşlary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglanyldy. Hawa, Madina körpeliginden aýdym-saza höwesekdi. Onda sungata daýysy Bahtyýar Saidow höwes döretdi. Madina daýysynyň aýdýan aýdymlaryny höwes bilen diňlärdi. Ol çagalar bagyna baranynda aýdym-saz mugallymy Myrat Karaýewden sungatyň in

Ykbala öwrülen güýmenje

ýa-da häzirkizaman türkmen animasiýasynyň bir wekili bilen söhbet Esasy işimizden daşary meşgullanýan zatlarymyza «güýmenje» diýýäris. Ýöne güýmenje ykbala-da öwrülip biljek eken. Ynha, Hanmyrat Şamyradow hem güýmenjesini ykbalyna öwrenlerden. Ýöne onuň güýmenjesi biziňkä, siziňkä meňzeş däl. Ykbala öwreniňe degýän güýmenje.