Keremli sözüň sarpasy
Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar. Kitap — iň gowy söhbetdeş. Halkymyz kitaba mukaddeslik hökmünde seredýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, kitaba bolan söýgi halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýar.