Giň gerimli gurluşyklar — täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany
Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýy